|

Gijigen gutlag!

Gijigen gutlag! GIJIGEN GUTLAG

Essalawmaleýkum, hormatly «kitapçylar» ! Sag — amanmysyňyz?!
Esasy gürrüňe geçmezden ozal her biriňize berk jan saglyk, işleriňizde rowaçlyk, maşgalaňyzda agzybirlik we abadançylyk arzuw edýärin!
Şu gün näme üçindir jyn köp ýadyma düşdi. «Jyn» diýsem Alletdiniň ertekisindäki çyradan çykyp, ähli islegiňi ýerine ýetirýän jyn däl.
«Her bir adamyň öz jyny bolýamyşyn. Ol mydama adamyň öňüne düşip ýörmüşin. Öňüňden gelýän adamyň jyny bilen seniň jynyň şol adam bilen gabatlaşmankaň sataşýarmyşynlar. Eger-de jynlar bir-biregi bilen ylalaşsalar, senem şol adam bilen gowy aragatnaşyk saklap dost bolarsyň, jynlar bir-birini halamasalar welin tersine. «Pylany bilen jynym alyşanok. Pylanyny jynym söýenok» diýilmegem şondan» ýaly gürrüňleri sizem eşidensiňiz ýa-da okansyňyz.
Pyýada ýöräp barýarkaň öňüňden gidip barýan jyny göz oňüňiňe getirmek gatybir kyn däl meň pikirimçe. Ýöne telefondyr, internet üsti bilen dostlugyň köpelen şu döwründe ýaňky jynlar nädip «habarlaşýarkalar»?! Ýa-da olar biziň «wirtual» diýmegi gowy görýän dünýämizden, bizden has öňüräk habarlydyrlar?!
Juma Hudaýguly aga aýtmyşlaýyn, adamzat göze görünmeýän dünýäniň tolkunlaryny tutyp başlady. Ylym-tehnikaň şu ösüp barşyna, birnäçe wagtdan, mümkin ol jynlary göreris. Olaryň yşaratlary arkaly, öňümizdäki adam bilen nähili gatnaşyk etmelidigimizi anyklarys…
Ýeri bolýa… Esasy aýtjak zadym bu däldi. Esasy aýtjagym düýn, ýagny 3-nji fewralda «real dünýäde-de», «wirtualda-da» jyn alyşýanym @Has Türkmen-iň doglan günüdi. Bile bellemekçidik. Ýöne ol-a bellemek eken, ynha gutlagymy hem gijä galyp ýazyp otyryn. Nesibedir elbetde…
Agam, doglan güniň gutly bolsun! Janyň sag, ýaşyň uzyn, işleriň rowaç bolsun! Döredijilik äleminde täze sepgitlere ýetip, «Mmmbäh» diýdirýän eserler döretmek nesip etsin! Gelnejem bilen agzybirlikde çagalaryňyzyň bagtyna guwanyp, uzak we bagtly ýaşaň!
Meniň-ä aýtjagym şulardy. Goşulasy gelen goşulybermeli. «Aý, ýok. Goşuljak däl. Bölek aýtjak» diýseňem, bölek aýdybermeli:-) Gutlaglar

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle