|

Gijäň dowamy / hekaýa

Gijäň dowamy / hekaýa GIJÄŇ DOWAMY

Gijäň dowamy / hekaýa

Ýagyş peseldi.
Üçegiň demrinde “şyt-pyt”, “şyt-şyt”, “pyt-pyt”…
Diňe özüne mälim ýagyş dilinde kimdir birine nämedir bir zat barada pynhan habar ýollaýan ýaly…
Kimekä?
Özem näme hakda?
“Bakylyk – bu,
suw…” diýýämikä ýa?
Tamynyň gapysy açyldy.
Jygyldysy dagy näteňet?
Ýaglamaly bolupdyr.
Ulusyna-da, ortanjysyna-da aýdanyna iküç gün-ä bolandyr.
“Äý ýo-laý, büler düzeljekgäller-laý! Diňe maňa gereg-ä şü tünek. Olar bolsa boýlaryny muň bilen boýdaş edip, bärde, kakasynyň külbesinde kireýine, wagtlaýyn ýaşaýalar-a…Häk…”.
Gahary geljek bolup başlady.
Ýagşam “şyt-pyt”, “şyt-şyt”, “pyt-pyt”…
“Seňki näm-aý, şumat?! Sluşaý, ýürege düşdüň-aý, sapsym bar-a…”.
Öýdäkisiniň tanyş çybşyldysy.
Gözüni göterdi.
Elinde çaklaňja ýorgança bilen galyňam desmal.
Içinden-ä…nemetdi…
Birhili ýylap gitdi.
Daşyndanam gatyrgandy (…syrady).
-Näme turduň? Ýatywermeli keniň-dä.
-Ýatamok-la hälem. Girip-çykanyňam eşidip ýatyrdym.
Gapdalyna geçip, desmaly ikisiniňem aşagyna ýazdy-da, oturdy. Ýorgançany onuň arkasyna ýapdy:
-Üşäýme birden. Kiçiň ynjalaryna garaşdym-la.
-Nähili?-diýip ol sorady.
-Hudaýa şükür, gyzgyn-a ýok. Burnuna-da ýatmanka damdyrdym. Düzüwli dem alyp bilmän “myşşyldab-a” ýatmaýar-diýdi-de, aýaly howany uzyn-uzyn ysgady. Soňam oň egnaşyr garanjaklap, aňyrsynda duran boş bulgury gördi:-Ýene kofe içdiňmi? Özüňem-ä: “şü ýaranog-ow maňa, ýüregimi sançdyrýa” diýip ýörsüň…
Aýalynyň äheňindäki çuňňur alada nämüçindir oň ýüregini gysdyrdy.
Ejesi ýadyna düşdi…
Gök gümmürdedi.
Ýagşam “şyt-pyt”, “şyt-şyt”, “pyt-pyt”…
“Näme diýjek bolýaňyz-aý war-a? Näme aýdasyňyz gelýän bolsa, adam ýaly adam dilinde aýdyň-da tükediň-dä-how! Wäpçe bizar etdiňiz-laý, war-a! Ýöne biriň-ä “gümmür-gümmür”, beýlekiňem “şyt-şyt”, “pyt-pyt”…”.
Bu gatyrganmaly oýlanma kellesine gelen dessine-de, ol birdenkä:
-Äý men ölerin-laý!-diýip, morta gepläp goýberdi.
Nämüçin beýtdi?
Özem düşünmedi.
Belki, kimdir biriniň, şumat şu ukusyz, ýalňyz gijede özüne ejesiniňki ýaly dözmezçilik etmegini küýsändir.
Ýa-da tokly osuran ýaly bar oýun eden bolşy şodur.
Ýogsa beýle çökder gepi dilinden sypdyrar ýaly neme-de däl-le welin, özi.
Hudaýa şükür, aýagy sodaja sorkuldap dursa-da, öňki günküler ýaly, yzasy bilen janyny alyp gelmeýär. Ýüregem käte bir sanjyp gitse-de, yzyny üzmän agyryp duranok. Ýagdaýam, ýagşy. Birki hepde mundan öňki ýaly halys eňkamy agyp barmaýar…
Onda nämüçin beý diýdi?
Hudaý bilsin…
Onýança gulagynyň eşidenine özem ynanmaýan ýaly aýaly birsellem doňňara-daş bolup oturdy-da, birdenem ýerinden turdy.
Sesini çykarman arkasyna geçdi.
Sesini çykarmanam onuň çiginlerini owkalap başlady.
Gök gümmürdedi.
Ýagşam “şyt-pyt”, “şyt-şyt”, “pyt-pyt”…
Gijäňem salkynlygy çigrege öwrüldi.
Towuklar biraz köşeşdi.
Ýyldyrym çakanok.
Birdenem ýagyrnysyna ýapylan ýorgança bir zat damyp ugrady.
“Pyt-pyt…”.
-Hiç zadam bolmaz…-diýende höwrüniň sesi nämüçindir aglamjyramaly çykdy.
Belki, göwnünedir.
Şumat nämüçin aglasyn-aý?!
Näme, ölüp ýatan bamy?
-Nämüçin?-diýip ýene-de morta dillendi.
-Sebäbi saňa birzat bolsa, biz üçinem hemme zat gutarýa…
…diýdi-de, aýaly sojap dem aldy.
Oturanam şeýtdi.
Gök gümmürdedi.
Gümmürdäbersin.
Gije dowam edýär.
Şo-da oňatlyk.
Kimdir biri oturanlaň gulagynyň agzynda, olara bahyllyk bilen myşlady… Hekaýalar
image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle