|

Gijäñ agramy

Gijäñ agramy GIJÄÑ AGRAMY

Gije ýary, daña golaý
ümsümligi diñledän.

Ne otlynyń sesi, ne-de bir guşuñ,
Ne ynsanyñ gohy bozýar ünsümi,
Tañryñ agramyça agyr ümsümlik.

Agaçlaram dymýar, güllerem dymýar,
zaman soñlan ýaly doñup dur salym,
ezeliñ boşlugna öwrülip oÿlam
şo ýerde doñyar.

Gije ýary, daña golaý
ümsümligi diñleýän.

diñleýän
garañky otagyñ syýa tümlügin,
duýýan tenimde
tünüñ
gurşun siñen agramyn.

Ölümmi bu, düýşmi bu?
çalaja yş
görünmeýär bu ýagdaýdan sypara.
garaş gözüm,
garaş gömülen gözüm
bir gaçalga tapara!

Gije ýary, daña golaÿ
ümsümligi diñleýän.

diñleýän, diñleýän,
ünsüm bilen diñleýän.
Has uzakdan,
öz ruhumyñ künjünden
eşidilÿär bir owaz,
göýä dutar owazy
çalyp dur barmaklaryñ güñ oýy
ajap bir sazy.

Gije ýary, daña golaý
söýgi aýdymy …
yşkyñ
bir mylaýym çawuşy
gijäñ mañlaýyna salýar nagyşy.
bozýar güñlügi onuñ ataşy
ýuwudýaryn tümlügi.

Daña golaý, gije ýary
ümsümligi ýuwudÿan,
dirilik zäherin ýuwudan ÿaly.

2020 Ibrahim B. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle