|

Giderin…

Giderin… GİDERİN…

Men bir gün giderin ganatym kakyp,
Uçaryn asmana mundan pel-pelläp.
Ähli gam- gussany galdyryp munda,
Oturaryn sizi asmandan synlap.

Ýelek ýaly ýeňlär gider bedenim,
Ruhum seýle çykar göklere sary.
Şäheriň gohundan gaçyp uzakda,
Dynç alar ýataryn gara toprakda.

Beýnim boşar galar aladalardan,
Hysyrdylar, öý işleri, ýeneler…
Kinolar, kitaplar, toýdur-baýramlar,
Soňlanar bu dünýädäki bar baglar…

Emma, welin näçe daşa gitsemem,
Her gije gelerin öz ojagyma,
Çagalarmyň üstün örter giderin,
Üşäýmesin olar gijelerine.

Allam, edýän iň arzyly dilegim!
Çagalamyň toýun görkezeweri!
Giden wagtym arkaýyn gider ýaly,
Entek-entekler bir çagyrmaweri! Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle