|

«Giç berilen lälik ogul meslikden…»

"Giç berilen lälik ogul meslikden…"

"GIÇ BERILEN LÄLIK OGUL MESLIKDEN…"

Giç berilen lälik ogul meslikden
Çabalanýar, aşyr atýar, bögürýär.
―Köp gülen bir sürçer diýlişi ýaly,
Şum ajaly tutluşyga çagyrýar.

Indem barýar agaç atyn säpjedip,
Ýapynjasy çapgyn ýele galgaýar.
Aýazyň gamçysy ýüzlerin çawlan,
Uly çille sojap-sojap aglaýar.

Täleý humaryndan bişeýtel çykan,
Ýükçi ataň bolsa süňňi agarýar.
Saly suwda çagşan garyp enäniň
Dyza çykdy şor bagtyna ýagan gar.

Muhammetöwez ARRYKOW.

Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle