Giç
Giç

Meň sözlermi diňlejegem bolma ýar,
Menden saňa, senden maňa peýda ýok.
Maňa menden sowlan tupan gargaýar,
Şol tupanda aýdym aýtjak şeýda ýok.
Tozan basdy Aşgabadyň depesin,
A men otla mündüm, otlap kalbymy.
Sen bilýänem dälsiň sary keteniň
Neçün geýdiň, gyra zyňyp gülgüni
Köýnegňi, şol toý günüňde geýmeliň,
Men habarly, sen habarsyz bulardan.
Sen aglaman düşün aglap aýdanma,
Garaşmagyň giç bor gaýdyp gelerden.
Hem gül ýaňagymda seniň kebelek
Dodaklaňdan alynmadyk posalar,
Şol gülgün köýnegiň sary öwsende,
Şol toýuňda aýdylmajak tost olar.
Şyk şyk. Otly gaýtdy peýda synalyp,
Tozan basdy Aşgabadyň depesin.
Posalarňa jogap bolmaz şonda-da,
Öp mazarym, gelýän bolsa öpesiň.
Eziz AMANNAZAROW. Goşgular