|

Getirip gitdiler

Getirip gitdiler Getirip gitdiler size üç günden
Bir ýaglyk gant bilen bir halta uny.
Ýok, ol aklygam däl, süýjüligem däl,
Läläm, ol namyrat Söýginiň huny.

Ýüregim lowurdap gaýtdy asmandan,
Gelnaljylar bir ýyldyzdyr öýtdüler.
Ýyldyz ýere ýetmän söndi armanly,
Seň şanyňa şol ýyldyzy atdylar.

Sen aňdyňmy bolan alamatlary:
Ýol sizi islemän, şeýle çaýkandy.
Atgulakdyr öýtme al matalary,
Olar meniň ýüregimden gyýkyndy.

Şeýle dabaradan humarmydyň sen,
Şol wagt Söýgi duşsa, tanarmydyň sen?!

Italmaz Akmyradow. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle