|

Gert köpeldi

Gert köpeldi GERT KÖPELDI

Eý ýaranlar, şu zamanda,
Ilde gubar, gert köpeldi.
Zerre ynsap ýok ýamanda,
Zalym-jeberut köpeldi.

Ýat etmeýen ahyreti,
Dadarlar haram lezzeti,
Dünýä üçin anty-şerti
Parhyn bilmez mert köpeldi.

Dünýä bir bendärge köçe,
Alamatlar geldi niçe,
Halalhonlar ýetse üçe,
Haram iýjek dört köpeldi.

Akyl bolsañ, söze pähm et,
Ýyl-ýyldan köpeldi gahat,
Bir-birine edip töhmet,
Nahak gowga, şert köpeldi.

Ýa ahyr boljak pany,
Zalym boldy begi-hany,
Dört pula satyp imany,
Tersa, jöhit, kürt köpeldi.

Jahyllaryñ köñli ozdy,
Hak işler nähaka ýazdy,
Ýa türkmeniñ päli azdy,
Zalym hanly ýurt köpeldi.

Seýdi diýr, bakyñ bu ýola,
Gulak goýuñ arzy-hala,
Iller meñzäp goýun mala,
Ony iýjek gurt köpeldi.

Seýitnazar SEÝDI. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle