| | | |

Genji-hazynaly Genjewi

Genji-hazynaly Genjewi GENJI-HAZYNALY GENJEWI

Genji-hazynaly Genjewi

• Gündogaryň beýik şahyry Nyzamy Genjewi barada taryhy-edebi söhbet

XII asyrda, ondan öňki we ondan soňky ýüz ýyl bilen deňeşdireniňde, göwnüňe bolmasa, beýik adamlar dünýä has köp gelen ýaly bolup dur. Bu barada Enweriniň, Muezziniň, Nyzamynyň, Reşideddin Watwatyň, Merweziniň, Gürgeniniň we başga-da ençeme türkmen läheňleriniň atlaryny tutmak hem ýeterlik bolsa gerek. Bu iň bärkisi ilat meselesinde-de şeýle. XII asyr ownuk çaknyşyklary we uruşlary hasap etmeseň, adatça parahatçylyk höküm süren we gülläp ösüşleriň döwri hasap edilýär. Şunuň bilen birlikde, durnukly we gür ilatly XII asyr, şäherleriň, dolandyryş merkezleriniň, işewürligiň, ylym-bilimiň we  döredijiligiň hem asyrydyr. Onuň hem sebäbi Orta  we Ýakyn Gündogarda türkmenler höküm sürýärdi, talaňçylykly we weýrançylykly mongol çozuşlary bolsa şindi öňdedi. Haçanda,  biz XII asyryň adamlarynyň terjimehaly bilen tanyşanymyzda täsin bir  hakykata göz ýetirýäris: XII asyrda adamlar uzak ýaşap,  öz ajalyna aradan çykypdyrlar. Ýogsam, orta  asyr adamlarynyň ömrüniň dowamlylygy şeýle  bir uzak hem däldi. 
Genje şäheri orta asyrlarda türkmenleriniň höküm süren Kawkaz ülkesiniň iň uly  şäherleriniň biridi. Musulman we isaýy (hristiýan) taryhçylary onuň diwarlarynyň onlarça kilometrlere  uzalyp gidýänligini belläpdirler. Dag bulagy bolan Genjeçaý şäheri des-deň ikä bölüp, olaryň arasyny üç sany küňreli köpri birleşdirýärdi. Genje şäheri  gadymy Berdaa şäheriniň esasynda kemala gelip, ony araplar «bu ýerleriň Bagdady» diýip atlandyrýardylar. XII asyryň ortalaryna çenli  Arrany we onuň merkezi Genjäni seljuk soltanlarynyň emirleri dolandyrypdyrlar, soňra bu ýerde häkimiýet Ildeňizler nesilşalygyndan bolan türkmen  atabegleriniň  eline geçipdir. 
Genje şäheri Beýik ýupek ýolunyň ugrunda   ýerleşýän möhüm merkezleriň biri bolupdyr. Onda türkmenlerden başga-da dürli milletleriň wekilleri hem ýaşaýardy. 1139-njy ýylda Kawkazda  elhenç ýer titreme bolup geçýär. Tebigy heläkçilikden  aýratyn hem Genje uly zyýan  çekipdir. «Daglary we  düzleri apy-tupan gaplap aldy we aýylganç ýer titreme  bolup geçdi. Paýtagt weýran boldy… Ýer titreme zerarly  Alparak dagy ýumruldy we içinden derýa akýan jülgäniň öňi  baglanyp, köl emele geldi» – diýip ermeni taryhçysy ýazypdyr. Heläkçiligi gözi bilen gören arap ýazarynyň sözleri has hem ýowuz: «Genje şäherini  we onuň  töweregini ýer hopdy. Ol şeýle bir ýumruldy, hamana öň ýer ýüzünde şeýle şäher bolmadyk ýaly boldy». Genjede on müňlerçe adamlar heläk bolupdyr. Heläk bolanlaryň arasynda türkmen  gündogarşynasy N.Gajarowyň bellemegine görä, Genje welatynyň emiri Gara Sungur we onuň maşgala agzalary-da bardy. Tüsseläp duran  harabalyklar,  jülgäniň üstünden göterýän tot-tozan, zir-zibilden doly derýa, adamlaryň gohy we ahy-nalasy – 1139-njy ýylyň ýer titremesinde Genje şeýle hasraty başdan geçiripdir.
Genje hasraty baradaky habar goňşy ýurtlarda ýetende gürji patyşasy Dmitriý weýran bolan  şähere ýetmäge howlugypdyr. Ermeni  we arap ýazarlarynyň ýazmagyna görä, gürji  esgerleri we serkerdeleri horluk çeken  ilata  zorluk edýärdiler, hazynanyň gözleginde ýumrulan köşkleri, haraba öwrülen öýleri gazýardylar. Gürji goşunlary görülmedik oljalar — ýesirler, sandyk-sandyk altynlar, matalar, sütükler bilen yzyna dolanypdyrlar. Hatda olar Genjäniň derwezelerini hem süýräp äkidipdirler. Gürjüstanyň Gelati ybadathanasynyň häzirki demir gapylary gürjileriň süýräp äkiden şol derwezeleri bolmaly. 
Genje täzeden dikelip, gaýtadan hünärmentçiligiň we söwdanyň  merkezine öwrülýänçä köp ýyllar geçipdir. Şu hasratly wakadan bir ýa-da iki ýyl geçenden soň dünýä inen Ýusup  ogly  Ylýasyň gözleriniň ilki göreni, belki-de şäher meýdançasyndaky harabalyklar bolandyr.  Ylýasyň kakasy  Ýusup aga garyp senetçi bolupdyr. Ol ir aradan çykypdyr we Ylýasy ejesi ulaldypdyr. Ýyllar geçer we Ýusup ogly Ylýas beýik şahyr Nyzamy bolup ýetişer. 
Şahyr özüni döwrüniň talap edişi ýaly  alyp barmaly — hatda iň meşhur  şahyrlar hem  köşge barmagy arzuw edýärdiler. Orta asyr köşgi – bu hem ylym, hem  sungat ojagydy. Derwüş şahyr  seýrek bolýar, beýik derwüşler bolsa gaýtalanmaýar. Diňe köşk olary özüne çekmän, köşge-de meşhur adamlar zerur bolupdyr. Sebäbi paýhasly hökümdarlar şol döwürde-de şalaryň we emirleriň atlarynyň taryhda diňe  özlerine  bagyşlanan ölmez-ýitmez eserleriň üsti bilen galýandygyny bilýärdiler. 
Özüniň ähli döwürdeşlerinden çeper söze ussatlylygy we ýiti zehini bilen tapawutlanan Nyzamy näme üçin bütin ömrüni Genjäniň senetçiler mähellesinde geçirdikä? Ol özüniň diňe bir poemasyny buýurma esasynda  ýazypdyr, ýekeje gezek bolsa hökümdar bilen ýüzbe-ýüz söhbetdeş bolupdyr. XV asyryň antologiýasynda Nyzamynyň «Ahylar» diýlip atlandyrylan sopyçylyk  guramasynyň agzasy bolandygy barada  aýdylýar. Ahylar öz döwrüniň beýleki  sopyçylyk  guramalarynyň köpüsinden tapawutlylykda durmuşa adaty, ynsany gözi bilen garapdyrlar. Meşhur  syýahatçy Ibn Batuta (XIII-XIV): «Ahylar her düşelgede, obada,  we şäherde bar. Dünýäde olar ýaly kese ýurtlylary alada  bilen gurşaýan, ajy doýurmaga mähetdel, mätäjiň islegini kanagatlandyrýan… başga bir adamy tapmarsyň … Dünýäde men şolar ýaly hak iş bilen gümra başga adamlary  görmedim» – diýip ýazypdyr.   
Nyzamydan bütin adamzada bäş sany poema – «Hamsa» miras galypdyr. Ondan başga-da  ol yşky şygyrlary hem ýazypdyr. Ýöne olaryň köpüsi biziň  günlerimize gelip ýetmändir. Üstesine-de, olaryň haýsysynyň Nyzamynyň galamyna degişlidigi hem belli däl. Sebäbi Nyzamy Gündogar poeziýasynyň äpet akymynyň wekili. Ondan öň, onuň bilen bile, onuň yzysüre ýüzlerçe şahyrlar işläpdirler we döredipdiler.
Nyzamy nirede okandygyny ýazmandyr, ýogsam ol örän okuwly  bolupdyr.  Alymlar onuň Genje medresesini tamamlandygyny belleýärler. Ol bütin ömrüni durmuşy öwrenmäge bagyşlapdyr. Ol arap dilini, çeper we ylmy arap edebiýatyny suwara bilipdir. Nyzamy isaýy edebiýatyndan hem gowy baş çykarypdyr, häli-şindi Injile salgylanypdyr. Bu bolsa onuň gürji we ermeni dillerini hem bilendigini görkezýär. Ol gündogar pelsepesinden gowy baş çykarypdyr, ýunan (grek) filosoflarynyň eserlerini okapdyr. Nyzamynyň döredijiligi şahyryň astronomiýadan, matematikadan we lukmançylyk ylymlaryndan hem baş çykarandygyny subut edýär.    
Nyzamynyň Gündogar edebiýatyndaky orny nämede? Alymlar Ferdöwsiniň Gündogar edebiýatynyň ösüşinde täze bir ugruň esasyny goýandygyny nygtaýarlar. Eger bu şeýle bolýan bolsa, onda Nyzamy şol esasyň üstünde köşk galdyran Beýik akyldardyr.
Nyzamy Genjewiniň döredijiligi we onuň ajaýyp edebi mirasy türkmen  nysgawy edebiýatynda öçmejek yz galdyrypdyr we oňa ägirt uly täsir edipdir. XVII-XIX  asyr edebiýatymyzyň läheňleri Andalybyň, Magtymgulynyň we Mollanepesiň döredijiliginde  Nyzama kämilligiň çür depesi hökmünde  garalýar. Akyldarymyz Magtymguly  Pyragy: 
    
— Abu Sahyt, Omar Haýýam, Hemedany,
Ferdöwsi, Nyzamy, Hafyz perwany,
Jelaleddin Rumy, jemg el many.
Alarnyň ýanynda menem  san bolsam –

 diýip, Gündogaryň meşhur sopylarynyň arasynda onuň adyny guwanç bilen tutýar. Yşk mülkiniň şasy Mollanepes bolsa:
    
— Nyzamy, Nowaýy ýene Ferdöwsi-
Rumyň gülşeni, hindi tawusy – 

diýmek bilen Nyzamynyň adyny meşhur lirikleriň hatarynda getirýär.
Nyzamynyň ömrüniň başky otuz ýylynyň nähili geçendigi belli däl. Ozüniň ilkinji poemasyny ol otuz ýaşynda  ýazypdyr. Poema «Syrlar hazynasy» diýlip atlandyrylýar. Eser ýaşaýşyň mazmuny we onuň maksatlary baradaky gürrüňleriň özboluşly ýygyndysy bolup durýar. Poemanyň ady musulman hekaýatyndan gelip çykýar: Muhammet  Aleýhassalam hezretleri günlerde bir gün Asmana göterilipdir we Beýik Taňrynyň huzurynda gapysy gulply bir öý görüpdir. Elbetde, gulp Pygamberi geň galdyrypdyr we Jebraýyl Perişdeden: «Bu öý näme?» diýip sorapdyr. Perişde oňa : «Eý, Resul Allah, bu öý pähim–paýhasyň hazynasy, onuň gapysynyň açary bolsa şahyrlaryň dilinde» diýip jogap beripdir. Jebraýyl perişdäniň jogaby Gündogarda poeziýanyň ähmiýetiniň beýikliginiň, şahyrlygyň bolsa Keremli Alla tarapyndan buýrulan parzalaryň biridiginiň subutnamasy bolup durýar. Poema ýazylyp gutarypdyr. Ýazara mynasyp tahallus hem tapylypdyr: Nyzamy Genjewi. 
Orta asyrlarda çeper döredijiligiň köneden gelýän bir däbi bardy. Däp boýunça eseri hökman meşhur hökümdarlaryň birine bagyşlamalydy. Şeýdip şahyrlaryň ajaýyp eserleriniň üsti bilen hökümdarlaryň atlary ebedileşdirýärdi. Adyna eser bagyşlanan beýik hökümdarlar hem öz gezeginde şeýle şahyrlara howandarlyk edýärdiler. Ol ýa-da beýleki bir hökümdaryň howandarlygynda bolmaklyk şahyrlar üçin hem uly mertebedi. Şahyryň jemgyýetdäki orny we abraýy köp babatda oňa howandarlyk edýän hökümdaryň adyna bagly bolup durýardy. Şeýdilende ýazar ykrar edilýärdi we ýazylan eseriň ähmiýetine görä hak tölenilýärdi. Nyzamy ýönekeý adam bolansoň poema wagty bilen eýe çykylmandyr. Ahyrsoňy çeper sözüň hak howandary tapylypdyr. Özi hem Genjäniň golaý-goltumynda däl-de, uzakdaky Kiçi Aziýadan tapylypdyr. 
Erzinjanyň türkmen hökümdary, saltyklar neslinden bolan meşhur Fahreddin Bähram şa poemanyň özüne bagyşlanylmagyny isläpdir. Nyzamy poemany Bähram şa bagyş edipdir we Erzinjana ugradypdyr.  Şundan soňky wakalar barada seljuklaryň belli taryhçysy Ibn Bibi gürrüň berýär.
«Söz ussady hoja Nyzamy Genjewi goşgy setirlerini edil gülýakanyň ýüzünde merjen däneleriniň ýerleşdirilişi ýaly edip düzdi we ony Aly Hezretlere peşgeş edip iberdi. Patyşa oňa şahyr bilen söhbet etmäge mynasyp bolup biläýjek naýyplarynyň birine bäş müň altyn dinar, bäş sany bezelen at, bäş sany gatyr berip we dürli zatlar bilen bezelen gymmat bahaly donlary serpaý edip ugratdy. By kitaby hökümdar makul gördi we «eger-de mümkin bolsady, men edil merjen düzülen ýaly edilip şygyr bilen ýazylan şu kitaba giden hazynany bagyş ederdim. Çünki şu kitap sebäpli meniň adym baky ýaşar diýdi». 
«Syrlar hazynasynyň» şeýle üstünlige eýe bolmagy Nyzamyny galkyndyrypdyr. Kitabyň dabarasy dag aşyp, uzaklara ýaýrapdyr. Bu poema şeýle bir  şöhrata eýe bolupdyr: diňe pars dilinde esere kyrkdan hem  gowrak öýkünmeler saklanyp galypdyr. Tiz wagtda  Nyzamynyň eseriniň bir nusgasy Derbendiň atabegine-de ýetipdir. Eseriň kämilligi we çuňlugy hökümdaryň  kalbyny sarsdyrypdyr. Ol öz köşk  şahyrlaryna  «görüň, şygyryýet keseki ýurtlarda nähili belent derejä ýetipdir. Haýp, şeýle kämil eserler meniň köşgümde döredilmeýär-dä» diýip igenipdir. Şahyrlar hökümdar bilen ylalaşypdyrlar, sebäbi kese ýerli şahyrlar  olaryň bäsdeşi däldiler.
Hökümdaryň naýyplarynyň biri «Eý, Beýik hökümdar! Siziň diýýäniňiz biziň goňşymyz genjeli şahyr Nyzamy bolaýmasyn?» diýip guman edipdir. Hökümdar haýal etmän  anyklamagy talap edýär. Görlüp oturulsa,  Nyzamy Derbendiň hökümdaryna-da birnäçe gezek ýüz tutan eken. Hökümdar Nyzamynyň özüne  ençeme gezek netijesiz ýüz tutandygyny eşidip, gahar-gazaba münüpdir we şahyrlaryny köşkden kowupdyr.
Nyzamynyň döredijiligine belent sarpa goýan hökümdar poema özüne bagyşlanmadyk bolsa-da, şahyryň howandary hökmünde taryha girmek umydy puç bolan bolsa-da, ol barybir şahyra sowgat etmek isläpdir.  Hut şol sowgady üçin  hem hökümdaryň ady taryhda galypdyr. Derbendiň atabegi Nyzama belent sarpanyň alamaty hökmünde Apbak atly gypjak  türkmenlerinden bolan gözel gyzy sowgat edip iberipdir. Atabeg Apbagy özüne aýal edinmek üçin alan eken. Emma gypjak gyzy hökümdaryň aýaly bolmaklyga  razy bolmandyr. Ol köşkdäki ýüz gözeliň biri bolanyndan,  Genjeli şahyryň  ýeke-täk söýgülisi bolanyny gowy görüpdir. Nyzamynyň ýönekeýje öýüniň gapysyna Erzinjanly ilçileriň yzysüre, Derbendiň hökümdarynyň ilçileriniň gelenini görüp, genjeliler haýran galypdyr. 
Nyzamy öz döwrüniň adamlary bilen deňeşdireniňde täsin şahsyýet bolupdyr. Sebäbi musulmanlaryň nika we söýgä öz garaýyşlary bardy. Nyzamynyň  poemalarynda zenanlar özbaşdak, işewür hem özdiýenli. Olar söýgüde baş gahrymanlar, esasy güýç. Zenanlar ahlagyň we mertebäniň  eýeleri. Nyzamy erkek adamynyň diňe bir aýaly,  diňe bir söýgülisi bolmaly diýip düşündirýärdi. 

— Aýaly köp kişiniň, ýok golaýy-goltumy.
Ogluň ýürekdeşligini isleseň, diňle muny:
 Sakla onuň bir ata, bir enä hormatyny.

Apbak Nyzamynyň beýik söýgüsine öwrülipdir. Şahyryň poemalaryndaky asylly we başarjaň  zenanlarda onuň mysalyny görmek bolýar. Şonuň üçin  hem Apbak gelne bolan söýgi Nyzamynyň  döredijiligini we onuň geljegini bütinleý özgerdýär. «Syrlar hazynasyny» döreden şahyr, pelsepeçi we takwa  bolup ýetişäýjek ýalydy. Emma  Beýik akyldar zenan söýgüsiniň lezzetini duýupdy. Şonuň  üçin hem Nyzamy bütin ömrüni Apbak gelni wasp etmäge bagyşlady. 
 
— Gördüm gözel, akyl-huşly, buýsançly gözel ýary,
Ony maňa iberdi Derbendiň hökümdary…

Ykbal Nyzama dört ýyllyk bagt, şol bagtdan hem ýekeje ogly — Muhammedi peşgeş beripdir. 1180-nji ýylda Nyzamynyň söwer ýary, ylham çeşmesi Apbak  aradan çykypdyr. Şahyryň söýgüsiniň güýjine we durnuklylygyna haýran galaýmaly. Nyzamy ömrüniň ahyryna çenli Apbagy wasp edipdir.
1180-nji ýylda Nyzamynyňka Yrakdaky türkmen seljuk döwletiniň soltany Togrul II (ýaşan ýyllary 1170-1194-ý.ý.) ilçisi gelip, soltan üçin söýgi barada poema ýazmagyny soraýar. Ol döwürler  Togrul soltan on ýaşlyja oglanjykdy.  Soltanyň adyndan ilçiniň gelmegi ýöne ýerden däldi, sebäbi  genjeli şahyryň  ady uzaklarda eşidilýärdi. «Syrlar hazynasyny» eýýäm paýtagt şäherde birnäçe gezek okapdylar we göçüripdiler. 
Apbak ölenden soň çuň ruhy çökgünligi başdan  geçirýän şahyr soltanyň haýyşy bilen ylalaşýar. Ol öz Apbagyna bagyşlap sena ýazyp  biljekdigine  we özüniň  golaýda aradan çykan söýgülisiniň ýädygärligini ebedileşdirip biljekdigine düşündi. Poema çalt ýazylýardy. Bu äpet, köptaraplaýyn,  goşgy bilen ýazylan gymmatly roman  bir ýyldan hem az wagtyň içinde  ýazylypdyr. Apbak şahyryň ylham çeşmesidi. Togrul soltan üçin poema  ýazylýandygyny Genjäniň hökümdary Ildeňizler atabegliginiň hökümdary Muhammet Jahan Pälwan ibn Ildeňiz hem eşidýär. Şonuň üçin hem ýazylyp gutarylan poemanyň bir nusgasy Togrul soltana, beýlekisi bolsa Häzirbegjanyň atabegi Jahan Pälwana bagyşlanypdyr. 1186-njy ýylda Häzirbegjanyň hökümdary Jahan Pälwan aradan çykýar, ýerine bolsa inisi Gyzyl Arslan geçýär. Şol  sebäpden hem poemanyň üçünji nusgasyny Nyzamy Gyzyl Arslana bagyşlaýar. Gündogaryň meşhur poemasy «Hysrow we Şirin» şeýdip döräpdir.
Günleriň bir güni Nyzamynyň öýüne Gyzyl Arslandan çapar gelýär. Bu döwürler Gyzyl Arslan Togrul soltanyň atabegi hökmünde Reýde oturýardy. Çapar Gyzyl Arslanyň çakylygyny getiripdir. Nyzamy Atabegiň çadyryna girende, Gyzyl Arslan aýdym-saz diňläp, dynç alýardy: bagşylar Nyzamynyň gaýgysyz-gamsyz ýaşlyk ýyllarynyň gazallaryny aýdym edip aýdýardylar. Şahyryň  gelenini görüp, Gyzyl Arslan ýerinden turup, meşhur şahyr bilen görüşýär we olar uzakly gün söhbetdeş bolýarlar. Gürruňdeşligiň  ahyrynda Gyzyl Arslan şahyra gün-güzeranyny dolamak üçin bir obany peşgeş beripdir. Şol döwürlerden goja şahyr bilen atabegiň arasyndaky dostluk barada rowaýat saklanyp galypdyr.
1188-nji ýylda Nyzamynyňka Şemahadan şirwanşalaryň köşgünden çapar gelýär. Şirwanşa şygyryýetiň muşdagy hökmünde Nyzamyny köşgüňe çagyrypdyr.  Nyzamy, elbetde, çakylygy kabul etmändir. Şundan soň  hökümdar şahyra poema ýazyp bermegi buýrupdyr. Poemanyň mowzugynam hökümdaryň özi kesgitläpdir. Buýruk boýünça  Nyzamy Leýli bilen Mejnunyň betbagt hem hasratly  söýgülerini goşgy bilen beýan etmeli bolupdyr. 
Poemany ýazmaga girişmek bilen Nyzamy kem-kemden  wakalaryň içine girişipdir we  biri-birinden aýra düşen aşyk-magşuklar barada şygyr bilen inçe roman döredipdir. Nyzamynyň bu eseriniň esasynda soňra giden bir edebiýat mirasy kemala geldi. Şondan bäri Nyzama öýkünip kyrkdan gowrak «Leýli we Mejnunlar» dünýä indi.
«Leýli we Mejnun» dünýä inenden soň 1195-1196-njy ýyllar töweregi Maraga şäherinden, adyna köp eserler bagyşlanan, poeziýanyň  muşdagy bolan ýerli türkmen häkiminden haýyş gelip gowuşýar. Ol  Nyzamydan islän mowzugy boýunça eser ýazmagyny  haýyş edipdir. Köp ýyllardan soň Beýik şahyr ilkinji gezek öz isleýän zadyny ýazmaga mümkinçilik alypdyr. Poemada patyşa Bähram V Gur (421-438 ) we onuň ýedi söýgülisi barada gürrüň berilýär.
Bu poemada-da Nyzamy okyjylara geň-enaýy we şatlykly hekaýatlary gürrüň berýär. Şol hekaýatlaryň birinde wagtyny şady-horramlykda geçirýän Bähram Guruň ýurduna Hytaý patyşasy goşun çekip gelýär. Haýdan-haý goşun ýygnap, duşmanyň öňünden çykmaklyk karar edilýär. Emma görseler hazyna boşap, goşun ýygnamak üçin  bir teňňede galmandyr. Bähramyň  weziri täze salgytlary girizmegi  maslahat berýär. Ilata agyr salgytlar salnyp, ýurdy talan duşman goşunlary kynlyk bilen yzyna gaýtarylýar. 
Ýaramaz  pikirlerden saplanmak we göwün almak üçin  Bähram Gur awa gidýär. Patyşa ýoldaşlaryndan yza galyp, bir garyp oraçanyň öňunde saklanypdyr. Öý eýesi patyşa öýe girmegi we dynç  almagy mürehet edýär. Patyşa  görse,  agajyň şahasyndan it  asylgy dur. Goja öz sürüsinden günde goýunlaryň ýitip ugrandygyny aýdyp, onuň sebäbini düşündirip başlaýar. Goja çopan öz  wepaly dosty we kömekçisi bolan itine  müňkürlik edip ugrapdyr. Yzarlap görse, ýaňky it bir ene möjege sataşyp, her gün  ony sürä getirip, oňa iň semiz  goýunlardan birini berýär eken. «Mal–mülküň  goragy ynanylan dönük bolup çyksa, ol kimem bolsa jezasyny çekmelidir» diýip  ýaşuly sözüni tamamlapdyr. 
Öýüne dolanyp gelýärkä hökümdar öz-özüne sorag beripdir:»Goja şu zatlary aýtmak bilen kimi göz öňüne tutdyka?» Bähram Guruň wezir ýadyna düşüpdir. Köşge gelenden soň Bähram  weziri jezalandyryp, şagalaň-şowhuny we keýpi-sapany bes edýär.
«Ýedi gözel» ýazylyp gutarandan soň ýene-de birnäçe ýyl geçýär. Ýetmişe ýetip ýören Nyzamy iň soňky–bäşinji poemasyny ýazmaga girişýär. Nyzamynyň ömrüniň  soňy gelipdi, ol ýene-de ýaşaýyşyň manysy barada eser döretmegi ýüregine düwýär. Ony hiç kim buýurmandyr. Möçberi boýunça bu eser ähli poemalardan ulydy. Şeýlelikde, Nyzamy öz döredijiliginde özboluşly aýlaw edýär. Sopyçylyga ýugrulan «Syrlar  hazynasyndan» ýene-de pelsepe şadessany bolan «Isgendernama» dolanyp gelýär. «Isgendernama» Gündogar halklarynyň  aňynda uly yz galdyran Isgender Zülkerneýiniň ömri, edermenligi we ýerüsti islegleriniň taryhy barada  ýazylan kyssady. Isgenderiň ömür beýanynyň şahyrda gyzyklanma  döretmeginiň sebäbi, ol ömründe ynsanyň islegleriniň ählisini gazanyp bilipdi. Emma şahyra bir mesele ynjalyk bermändir. Eger-de ömür ölüm  bilen gutarýan bolsa, onda beýikligiň  mazmuny nämedekä?
Ölüm bilen göreşde Isgender dirilik suwunyň gözleginde ýeriň aşagyna-da aralaşýar. Emma bu oňa başartmaýar we ol  yzyna dolanýar. Bu eserde-de adam ogluna  almaga näçe diýseň akyl bar. Isgender Aristoteliň okuwçysy Arhimede bir gözel  gyrnagy sowgat beripdir. Arhimed oňa aşyk bolupdyr we ylym bilen meşgullanmagyny goýupdyr. Aristoteliň muňa gahary gelipdir we gyrnagy wagtlaýynça öz ýanyna  ibermegini sorapdyr. Arhimed gyrnagyny  halypasynyňka ugradyp, öýünde söýgülisine garaşyp ýatypdyr.
Aristotel gyrnaga adamyň bedeninden suwuklygy aýyrýan bir derman beripdir. Alnan suwuklygy bolsa bir çüýşe gaba salyp goýupdyr. Bedeninden suwuklygy giden gyz saralyp-solup, ýüzi ýygyrt atan kempire öwrülipdir. Halypasy şägirdine gyrnagy äkitmegi teklip edipdir. Arhimed:
-Sen näme üçin maňa garry kempiri hödürleýäň! Hany meniň söýgülim –diýip nägilelik  bildirilipdir.
Aristotel içine gyzyň bedeninden alnan suwly çüýşäni çykarypdyr-da «ine, sen hakykatdan hem nämä  aşyk bolupsyň» – diýip ony Arhimede görkezipdir. Gören zady Arhimedi  aňk edipdir we ol ýene-de ylma dolanyp gelipdir.
Eseriň köp baplary Isgenderiň ylmy işlerine, onuň akyldarlar bilen söhbetdeşliklerine onuň döwleti akylly-başly dolandyrşyna bagyşlanypdyr. Poemada hereket edýän ençeme gadymy ýunan akyldarlary we ýazarlary bilen tanyşlyk, Ýewropada eýýäm unudylan, musulman Gündogarynyň aňynda bolsa saklanyp galan gadymy ýunan pähimleri barada welaýat şahyry  Nyzamynyň bilýän  zatlary geň galdyrýar.
Kitabyň soňky bölüminde adamlara hakykaty ýetirmek üçin Isgenderiň başlan jahankeşdeligi beýan edilýär. Isgender köp ýurtlary sökýär, Nyzamy köp hekaýatlary gürrüň berýär we ahyrsoňy demirgazykda bir ýerlerde Isgender, şahyryň  ýetip bilmeýän arzuwy – adalat şalygyna ýetýär. Ol ýerde baýam ýok, garybam, ezilmegem ýok, ezmegem. Ol ýerde hiç kim ýalanam sözlänok. Bu  terkidünýäligiň ýowuz  ülkesi bolman,  adamlaryň dok, şadyýan we bagtly ýaşap biläýjek ýer üstüniň howaýy hakykaty.
Bu ýurduň üstünden gelmek bilen Isgender ýer ýüzüni basyp almagyň zerurlygy ýok, munuň üçin hakykaty gözlemek ýeterlik diýip düşünýär. Adamlaryň doganlygy hakyndaky arzuwlar bilen Nyzamy bu eserini tamamlaýar.
Nyzamy Genjewiniň haçan aradan çykandygy anyk bilinmeýär. Alymlar 1203-1211-nji ýyllar aralygyny görkezýärler. Her näme-de bolsa üýtgeşik bir bagt eçilmese-de, ykbal oňa garaşyk edipdir. Öz öňünde goýan beýik maksatlaryny amal etmek üçin ykbal Nyzama uzak ömür beripdir.

Jumadurdy ANNAORAZOW,
taryh ylymlarynyñ kandidaty. Edebiýaty öwreniş

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle