|

Geñ-tañsy jandarlaryñ gelip-gidýän gowagy

Geñ-tañsy jandarlaryñ gelip-gidýän gowagy

GEÑ-TAÑSY JANDARLARYÑ GELIP-GIDÝÄN GOWAGY

Brazil tokaýlarynyñ jümmüşinde ýaşaýan sawantes we bororos atly ýerli taýpalaryñ sebitdäki syrly gowak barada aýdýan zatlary alymlary aýaga galdyrdy…

■ Syrly jandar

Sebitde eýýäm "şäher rowaýaty" ady berilen myş-myşlaryñ köpelmegi netijesinde birnäçe hünärmen gowagy üns merkezine aldy. Arheologlardan, etnologlardan, taryhçylardan we ekspertlerden düzülen topar geçiren barlaglarynyñ birinji hepdesinde käbir üýtgeşik aýak yzlarynyñ üstünden barandyklaryny mälim etdiler. Olaryñ arasynda mumyýalaşan, hertüýsli ýarganatlary we başga-da geñsi aýak yzlary bar. 
Ýerli halk gowakda iññän gadymy zamanlardan bäri boýy 1 metr 20 sm töweregi, ýagny girdenek boýly, adamy ýatladýan, emma gazan ýaly uly kelleleri we el-aýaklarynda 3-4 ýa-da 5 barmaklary bolan adama çalymdaş jandarlaryñ gapbarçanaklar (uçýan tarelkalar)  bilen gowaga gelip-gidýändiklerini gürrüñ berýär.

2016.

 Internet maglumatlary esasynda taýýarlandy.

Geň-taňsy wakalar

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle