|

Gelsediñ

Gelsediñ GELMEDIÑ

Gelsediñ

Ilki sagat soñ sanadym günleri,
Aý dolsa-da söwer ýarym gelmediñ.
Gözlem ýolda umyt baglap gülleri,
Düşesem-de ahy-zarym gelmediñ.

Aýlar dolup öwrülse-de bir ýyla,
Asmanda gök gürläp guýsa-da jala,
-Üşärsiñ-ä! -diýip, meñzäp bägüle,
Garaşsam-da dünýe-barym gelmediñ.

Dilimlenen ýürek közüñ üstünde,
Hijran ony köýdürmegiñ kastynda,
Her gün ýene ýeke Aýyñ astynda,
Otursan-da alma-narym gelmediñ.

Ne beýle nämüçin edýärsiñ zulum,
Ýerdäki Aýa hem ýetenok golum,
Sende ýaşaýyşym sende-de ölüm,
Boýna syrtmak salyp darym gelmediñ.

Ýüzde ýylgyryşym ýürekde dagym,
Miýesser edensoñ ah, özgä bagyñ,
Gözlerim ýaşlaýyp kemsinen çagym,
Terk eýlediñ namys-arym gelmediñ.

Ezraýyl dükürdäp kakanda deprek,
Agaçlar astyna düşende ýaprak,
Bu tenim gaýtadan bolmanka toprak,
Soñky dem bolsa-da, ýarym gelsediñ.

Ahmet ARAZOW Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle