Gelnalyjy
Gelnalyjy
Ylahydan buýrukdyr ol,
Depe saçyň düýrükdirer.
Öň barana baýrakdyr ol,
Hannasy örtär gelnalyjy.
Ýel düşende ýeňil kellä,
Tizlik ýeter bir ýüz ellä.
Diýýän görmedim: «Ýa, Alla!»
Emgege tartar gelnalyjy.
Toý tutýanlar ünjä galar,
Haýal süren puja galar.
Sesi özünden gijä galar,
Reaktiw motor gelnalyjy.
Görnensoň-a sowup bolmaz,
Swetofora sygnyp bolmaz.
O tizlikde gowluk bolmaz,
Ýap-ýasy eder gelnalyjy.
Mal janawer sowulmasa,
Kysmaty onuň kalbasa.
Senem sylamaz, alňasa,
Howp bile hatar gelnalyjy.
Täze nysak tapýa tütjar,
Üstünden ellilik seçer.
Äjit-mäjitmi, harteçjar,
Ondanam beter gelnalyjy.
Zogun çalyp otly gelýä,
Gelnalyjy has batly gelýä,
Tormoz beren bagtly bolýa,
Alňasap öter gelnalyjy.
Peýkam sypyp gaýtdy ýaýdan,
Adam bary ýaýdan-ýaýdan.
Sürerler içip «awudan»,
Ýyl-ýyldan beter
gelnalyjy.
Bagt düşende bijäme,
Toýy ýaňzytdym ejeme.
Diýdi: «Görsedim kejebe,
Myrada ýeter gelnalyjy».
28.01.1991 ý. «Aşgabat agşamy» gazeti. Goşgular