|

Geleňsizlik hekaýaty

Geleňsizlik hekaýaty

GELEŇSIZLIK HEKAÝATY

Gelin agşamlyga palaw atardy.
“Köp gaýnasa et-käşiri akar” diýp,

Merjen deý tüwüni okara guýdy,
Howlukmaçlyk bilen suw guýup ýuwdy.

Ownujak daşlaryň bolmagy ahmal,
Diýip, ol tüwüni agdaryp-bakman,

Owkalap-owkalap ýuwdy üç ýola.
Diýdi: “Göze görnüp duran zat ýog-a…”

Guzydiş tüwüni gazana atdy,
Lakyrdap gaýnady, bugy-da ýetdi.

Bu eden işine begendi gelin,
Palowy saçaga äberdi gelin.

Işdämenlik bilen iýýärdi hemme,
(Diýipdirler: “Nahar siňýänçe öwme.”)

Wah, bu gelniň eden işini görüň,
Jürke döwlen azy dişini görüň.

…Geleňsizlik, perwaýsyzlyk diş döwer,
Bir iş bitse, on esse köp iş berer.

Azymberdi KAKAÝEW.

Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle