|

Gel, meniñ gaşymda oturgyn läläm!

Gel, meniñ gaşymda oturgyn läläm!

GEL, MENIŇ GAŞYMDA OTURGYN LÄLÄM!

Gel, meniň gaşymda oturgyn läläm!
Men seniň gözlriňe bakaýyn çümüp.
Säheriň tamizje gaýmakli südün, 
Guýup ber gözuňden ganaýyn emip. 

Gel meniň gaşymda oturgyn läläm,
Barha şöhle saç sen almaz gözuňdn.
Älem goşar nagşyn çeksin dünýäme, 
Goý ýüregim lulap gitsin demiiňdn. 

Gel seniň gözlriňe bakaýyn läläm, 
Goý näçe islese gürlesin gözuň. 
Wah şeýle bir pursat gözler gürlese 
Gürläbersin hajaty ýok hiç sözuň.

Gel meniň gaşymda oturgyn läläm,
Eşart ýagtylygi ýazly gözuňden. 
Bu dünýäň ajysy hemem süýjüsi 
Göýä bagt suraýar näzly gözuňden.

Sen meniň gözlerime bakaňda läläm 
Gamly obalardan hoşlaşyp barýan.
Täze päk şäherleň gapsyndan ätläp,  
Suwuk harabadan daşlaşyp barýan. 

Men seniň gözlriňe bakamda läläm, 
Uçup barýan belent daglaň başyndan.
Alyp git sen meni ýalkymly güne,
Goý, gaýnaýyn çogly Gün ataşyndan.

Gel, seniň gözlerňe bakaýyn läläm, 
Siňsin çogly Günuň mähir-gyzgyny. 
Açylmadyk gunçalara nur çaýyp 
Bezäýin men ynsanlaryň ýazyny. 

Gel seniň gözlriňe bakaýyn  läläm,
Asylyp ýalkymly günüň taryndan, 
Garaňki öýleriň gapsyny kakaly 
Halas edip gamly gijäň gaýyndan. 

Gel, meň gözlerime baksana läläm, 
Lemmer lemmer nury Günüň gerşinden, 
Alyp eredeli dünýäň ýaragyn,
Gutaraili nejis-nejis gurşundan. 

Gel  ýüpek gollayň uzatgyn läläm, 
Ony şabram perdelerde oýnadyp,  
Saz adip şatlaly gamly ýüregi,
Çuwal-çuwal paýlap bagtyň baryndan. 

Gel meniň gaşymda oturgyn läläm!
Men seniň gözlriňe bakaýyn çümüp
Säheriň tamizje gaýmakli südün, 
Guýup ber gözuňden ganaýyn emip. 

■ ÝÜREK 

Bu ýürek örän giň! 
Göýä bir bagyň 
Üzin kölgesinden ýasalan ýaly.
Kenarynda bulak şyrryldap akýar. 
Misli bir owaz,
Göýä bir dutar giden sährada 
Elmudam dynman
Ýaňlanýan ýaly. 

Bu ýürek örän giň 
Misli bir çuwal.
Göýä-ki diýersiň,
Tutuş bir halkyň 
Dulunda tükenmän ,
Un berýän ýaly.

Bu ýürek örän giň. 
Göýä bir bürgüt,
Uçut iň belent-de
Bu giň asman-da,
Azat ganatlaryn 
Gerinýän  ýaly.

Bu ýürek örän giň 
Haspsyz giň bu ýürek. 
Onsoň!
Sen nähili bu ýürek bilen 
Dar dünýäde  oýun edersiň biderek?!

Gapur HOJA.

Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle