|

«Gel, gowsy baryny başlaly başdan»

"Gel, gowsy baryny başlaly başdan" «GEL, GOWSY BARYNY BAŞLALY BAŞDAN»

«Gel, gowsy baryny başlaly başdan»
Aşyr Hanow

Gel, gowsy baryny başlaly başdan,
Ýoklap gussalaryň düýni-ertesin.
Ýalňyzlygy aýryp, synlaly bile
Geçen bagtly günleň kinolentasyn.

Gel, gowsy baryny başlaly başdan
Syryp dünýämiziň gamgyn buludyn,
Ýöne urýan ýürek kiçidir welin,
Söýen ýürek köp zatlardan uludyr.

Gel, gowsy baryny başlaly başdan
Ýeke ýalan bolsa, biz ony bogsak
Çaga bolşuň bilen begendir meni,
Şatlygy-da undyp barýaryn, ýogsa.

Gel, gowsy baryny başlaly başdan
Besdir, aýralyga bolmaýyn şahyr
Seni men dek,
menäm sen dek ykbalda
Ömürboýy, indi söýjek ýok ahyr.

Ylham GURBANALYÝEW.

2022.10 Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle