|

Gedaýynyñ kasydalaryndan

Gedaýynyñ kasydalaryndan

Beýik Alişyr Nowaýynyň diline düşen beýik  kasydaçylaryň biri şahyr Gedaýydyr.  
Gedaýynyň edebi mirasyny öwrenijiler onuň zehinli şahyr bolandygyndan habar berýärler. Onuň şygyrlary, özünde, pikir-paýhas aýdyňlygynyň  aýdyljak bolunýan many-mazmuna laýyklygy bilen tapawutlanypdyr.
Gedaýynyň diwanyna girizilen eserleriň arasynda kasyda hem bolupdyr.
Bu şahyrdan biziň döwrünize 13 beýt gelip ýetipdir. Ol beýitler bu şahyryň kasydalarynyň bir bölegi bolup, munuň özi onuň hakyky  kasydaçy şahyr bolandygyny mälim edýär. 
  Bu kasyda Halyl   Soltana bagyşlanypdyr.  
 Beýik  akyldar  şahyr  Alyşyr  Nowaýy  Gedaýy barada:
“Möwlana Gedaýy türkiçe ýazan şahyrdyr, belki meşhurdyr (meşhurlardandyr). Şygyrlygy şöhrata mynasyp  boldy” -diýip ýazypdyr. 
 Biz bu işimizde  Gedaýynyň “Kasydalaryndan” käbirini mysal almagy makul bildik.

■ K a s y d a l a r d a n

Zamanaň gerdişinden endişe birle, binyşan boldum, 
Ol müddetler oňky bolmuş, boldum onuň har hemrasy.

Diýdim:”Her kime bolmaz, dünýäniň işi adama,
Eger tapsa zowal, soltanlyk nägah.

Kime galan bu beýik mülk, beýle beýik dereje,
Kim gelip alar,  beýle mülk,  hem  bolar oňa şah.

Ata ugry kimdir onuň,  paýy şondan gaýtmaly,
Bu gün hak berdi, rowaçly bagt, deňiz, mähir-Aý.

Düýp oýnagyny görüp, oňa haýran bolup aýdar,
Jaha yşarat,  juha hoşamat, ajaýyp per, ajaýyp jah.

Gedaýy aýdar, dogaýy sulh bizlere,
Kim erur jämle zyýarat, belki bu iki dilhak.

Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle