|

Geçene buýsanmak

Geçene buýsanmak GEÇENE BUÝSANMAK

Men senden müñde bir razy göwnüm,
Şu günlere çenli hemme zat üçin.
Ýöne, geçen güne nämüçin, käte,
Çensiz buýsanşyña düşünmek çetin.

Bilýän, geçen ýyllarmyzda alkyş kän,
Bol-elin eşretem, meýlisem ýatyr.
Ýatla geçen günde galan aýbyñy,
Ýöne, alkyşyñy mazamlardan ir!

Geçmeli ýollaryñ uzyny öñde,
Düşün göwnüm, aýdyñ bir hakykat bar.
Diñe şu gününde buýsanç ýok kişi
Häli-şindi geçmişini mazamlar.

Annagylyç ESENOW. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle