|

Geçen urşuñ ganly meýdanlaryndan…

Geçen urşuñ ganly meýdanlaryndan… GEÇEN URŞUÑ GANLY MEÝDANLARYNDAN…

Geçen urşuñ ganly meýdanlaryndan...

Geçen urşuň ganly meýdanlaryndan
Öýlerine dolanmadyk ýigitler.
Ak durna öwrülen bolaýmasynlar
Diýip pikir edýärin kä wagtlar.

Ganat baglap, gygyldaşyp olaryň
Bize habar gatýan bolmagy ahmal.
Belki şonuň üçin göge göz diksek
Bizi agyr oýa batyrýar asman.

Şu gün agşamara ýene synladym
Olaň toýnuk gurap gygyldaşyny –
Ýatlatdy bu görnüş jeň meýdanyndan
Öňe bakan süýşüp barýan goşuny.

Durnalar kimiňdir adyny agzap
Geçýär üstümizden ýylyň-ýylyna.
Näme üçin durnalaryň “gyk-gygy”
Beýle çalymdaşka awar diline.

Meger, zordan ganat kakýan durnalaň
Ýadawlykdan endamjany owlandyr.
Olaň hatarynda bir boş ýer gördüm
Belki şol ýer meniň üçin goýlandyr!

Ine, bir gün menem siňer giderin,
Al-asmanyň ümezine-ümrüne.
Şonda gol bularyn ganatym bilen,
Ýerde galan adamlaryň baryna!
  
Resul GAMZATOW. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle