Gazediñ gyrasyndaky ýazgylar
Gazediñ gyrasyndaky ýazgylar

Ol şeýle bir zäherli weli, ony çakan ýylanyň özi öläýýär.
***
Men oňa däli diýdim, ol maňa däli diýdi. Kimiň dälidigini kesgitlejek bir däli.
***
Ol gündizine sadyk musulman. Gijesine goňşusynyň sygyryny ogryn sagýar. Hudaý gije uklaýandyr öýdýärmikä?
***
Ýusubyň köýnegi gan içinde diýdiler. Köýnek dagy nämemiş, ýüregim gan içinde, ýüregim!
***
Meniň duşmanlarym şeýle asylly, billerinde ganly palta asylgy.
***
Mukaddeslik, namys, eepa hakda agzalýan bolsa, ýalandan ägä bolaweri.
***
Beýik-beýik daglaram ýumrula-ýumrula beýgelýär.
***
Reklamasyny ýetirseň, pyşbagany uçýar diýip satyp bolýar.
***
Men Ezraýyla “Siz” diýýänlerden däl.
***
Kölegede duranyň kölegesem bolmaz.
***
Adamzat ömrüniň baharyny ýaşady, gyşyna ýetdi.
***
Dünýäni kowalap tutjak bolup barýarkaň yzyňa-da bakaweri: seni kowalap gelýänem bardyr.
***
Gara sowuk diýme, eredigiçe gözýaşyna bak.
***
Çüýresem-de güle dökün bolmak üçin çüýreýän.
***
Bäý, bäý, onuň üýtgäýşini. Edil bulutdan ýasalan ýaly-da.
***
Ol ölümine näme sebäp boljagyny örän bilesi gelýärdi.
***
Zäher gahardan ýasalýar.
***
Gorkagyň pikirleri eýesinden öň gizlenýär.
***
Hoja Nasreddiniň bir obadaşy agzy-burny kislorodly, gepläp bilmän yatyrmyş.”Gepläp bilmeyän
bolsaň ýagdaýyňy ýazyp beräý” diýip, Hoja Nasreddin kagyz-galam uzadýar. Hassa zordan ýazýar: —
Eşşek ogly eşşek şlangany basma, kislorod gelenok!
***
Ol şeýle bir ugurtapyjy. Gurt görse aga diýýä, aýy görse daýy diýýä, içýanyň penjesinde uklap, ýylanyň kölegesinde gezip bilýär.
***
Nesimini dabanyndan soýan jellat, bu gün meniň dabanyma ýapyşdy.
***
Gybat edýänleriň bir gudrat bilen dili doňsa, birküç günden dili doňmadyk az galsa gerek.
***
Bir şägirt Jelaleddin Ruma: “Maňa bir sözde maslahat beriň” diýse, Rumy şobada: “Uklama!” diýip jogap beripdir. Şägirt o sözüň aňyrsyndaky many hakda uly kitap ýazanmyş ve aradan çykanda “Uklaýar diýmesinler” diýip jesedini dik jaýladanmyş.
***
Hakykata ýetmegiň ýoly ýaly uzak ýol ýokdur.
***
Ol ýylanlara zäher paýlaýanlardandy.
***
Karz dileseň hezil edinýär. Derrew çykaryp berýär. Ýöne gaýtaryp alýança ýatladyp öldürýär-dä.
Häzir ýene jaň eder.
***
Kimi görse akyl berýär. Aklyň bit bazarynda-da bir köpüge alynmaýanyna üşügi ýetmeýär.
***
Eý, Allam! Özüňden özgä mätäç etme.
***
Öleniň dosty kän.
***
Ol ähli kişini ýüzüne öwýär. Bäý, öwýär-ä. Gözleri bolsa: ”Öwgä aldanýarmyka, aldanmaýarmyka?”
diýip çiňňerilýär.
***
Adamy gaty içgin tanajak bolma, umytsyz galarsyň.
***
Akylly adam aýagyň ýöremek üçin berlenini unutmaýar.
***
Her janda bir köňül bardyr, her köňülde Kerbela.
***
Ol arakdan mes bolanda: ”Bu dünýäde her kim bir zat satýa. Biz-ä adam satyp ýamanlyk
görmedik” diýdi.
***
Kölege bolup ýaşamakdan Alla saklawersin.
***
Jelladym bolsa-da işine ussadym bolsun.
***
Akyldaryň sargydy: «Patyşadan gorkma, attutaryndan gork.”
Oraz ÝAGMYR. Sözler