|

Gazak aýdymy

Gazak aýdymy

GAZAK AÝDYMY

Sen meniň ýüregmiň başynda dursuň,
Çagalygym galan türkmen obasy.
Sensiz geçen günleň höziri gursun,
Sen diýp köňül talaň, türkmen obasy.

Durnalar geçende salam iberdim,
Senden gaýdan guwlar didäme gondy.
Nesibesin iýdim, gör-ä, nireleň,
Yhlasym Was diýen meýdana gondy.

Dal bedewiň görüp, inim gagşady,
Toýlarda çapdygym algyr bedewler.
Ykbal meni nädip beýle har etdiň,
Topraga duwlanyp galan pederler

Meni o dünýäde kabul etmezler,
Meslik etdim, taşlap gaýdyp kowumy.
Indi hudaýlygyň aýyt, ölseňem eger,
Bu ýeri ýagşymy, o ýer gowumy.

Çagalygym galan türkmen obasy,
Salkyn säher, ak öý,  ap-ak  keçeli,
Bol ogul, howutla, düýäni basym,
Hälem bolsa köne ýurda göçeli.
20.06.1988.

■ GAZAK ASMANY

Gazaklaň asmany türkmenkä meňzeş,
Ýyldyzlary baýyrlara degip duyr.
Yzärlikli, bozaganly sähradan,
Demiň ysy, deriň ysy gelip dur.

Gazaklaryň Aýy türkmenkä meňzeş,
Ýüzünde arslanyň suraty bilen.
Ol pynhan gürleşýär ýatan ýigitler
Hem olaň owadan gyraty bilen.

Gazaklaň sährasy türkmenkä  meňzeş,
Saçak deýin açyk, göwün deýin giň.
Söwer dostuň kimin syr al, syr beriş,
Ýok seň onda algyň, ýok oňa bergiň.

Gazaklaryň ýoly türkmenkä meňzeş,
Nirä git, soň dolan yzyňa,
Şeýle meňzeşlikler alnyňdan ogşap,
Ak sähraň alynda çökseň dyzyňa.

21.06.1988.

■ GAZAK MUKAMY
( Gurman Gazynyň sazlaryna ýüzlenme)

Sen meniň derdimmi, şatlyk-güssammy,
Neneň edip tara saldyň, eý, Ynsan.
Sergin sähralarda döwrany öten,
Atalarmy ýada saldyň, eý Ynsan.

Ýok, geçmişiň mukamy däl bu gudrat,
Ol beýik döwürleň ýürek owazy.
Bir sähranyň ak göwsünden emişen,
Iki iliň gardaşlygnyň dowamy.

Sen olary nädip duýga geçirdiň,
Baky doganlygy direlden mukam.
Seniň şatlyk-gussalaryň—düşnükli,
Ýöne meň ylhammy nirden aldyňkaň.

Türkmeniň ýazyny aralan ýeller,
Ulygyzlaň saçujunyň düwmesi.
Uly baýraklara giden bedewler,
Gelinleň hüwdüsi,  ene dünýesi.

Sen olary nädip duýga öwürdiň,
Eý, meniň ygtyýarym alan mukamym.
Ýa-da bir sähranyň süýdün emdi diýp,
Goşduňmy sen gazak-türkmen ykbalyn.

07.07.1987.
 

Öwezdurdy NEPESOW.

Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle