|

Gazagystanyñ sowet döwründen galan iñ soñky prezidentiniñ garaşylman durka işden gitmegi halkymyz üçin nämäni añladýar?

Gazagystanyñ sowet döwründen galan iñ soñky prezidentiniñ garaşylman durka işden gitmegi halkymyz üçin nämäni añladýar? GAZAGYSTANYÑ SOWET DÖWRÜNDEN GALAN IÑ SOÑKY PREZIDENTINIÑ GARAŞYLMAN DURKA IŞDEN GITMEGI HALKYMYZ ÜÇIN NÄMÄNI AÑLADÝAR?

Orta Aziýada ýerleşen, SSSR-den bölünen, nebite baý, 18 million ilatly, meýdany boýunça dünýäniñ dokuzynjy ýurdy Gazagystan rowaýaty saýyp boljak taryhy pursaty başdan geçirdi. Gazagystanyñ ilkinji Prezidenti Nursultan Nazarbaýew häkimiýetde geçiren otuz ýyla golaý wagtyndan soñ öz islegi bilen işden gitdi.
Bu habar dünýäni we gazagystanlylary haýrana goýdy. Otuz ýaşdan aşakly nesil bolan biz ýaşlar ýurdun ilatyñ ýarsyna golaýyny tutýarys we ol biziñ tanaýan ýeke-täk ýolbaşçymyzdy. Habar haýran galma, tolgunma, gorky, umyt duýgulary ýaly garym-gatym duýgularyny döretdi.
Elbetde, bular ýaly güýçli şahsyýetiñ Gazagystanyñ syýasy durmuşynda täsirini dowam etdirip biljek işleri etmezden işden gidendigini pikir etmek ýalñyş bolardy. Sebite belet dällere Orta Aziýa liderleriñ ygtyýarlyklaryny paýlaşmagy halamaýandyklaryny ýatlatmak ýerlikli bolardy. 2016-njy ýylda Özbegistanda, 2006-njy ýylda Türkmenistanda görlüşi ýaly, liderler ölýänçä häkimiýetiñ jylawyny elden berenoklar. Gazagystan başga bir ugry saýlady, emma bulam öñkülerden gaty bir tapawutly bolmajaga meñzeýär.
Ilkinji nobatda Nursultan Nazarbaýew iñ uzak wagtlap prezidentlik eden sowet döwrüniñ lideri. 1989-njy ýylda ol Gazagystan SSR-niñ başyndady. Ýurduñ sowet gözegçiliginden uzaklaşma döwrüni dolandyrandan soñ, 1991-nji ýylda Garaşsyz Gazagystanyñ prezidenti wezipesine girişdi. Ýurdy aýaga galdyrmak üçin köp taraplaýyn uly işleri etdi. SSSR-iñ dargan 90-njy ýyllarynda diñe inflýasiýanyñ derejesi 3 müñ göterime deñdi we maksatnamalaýyn ykdysady model dargapdy. Çöken sowet ykdysadyýetinden soñ potansial maýa goýumçylary, syýasatçylar bilen geçirilen köp sanly gepleşikler bilen bir hatarda, elbetde, uly nebit we gaz ýataklarynyñ açylmagy bilen birlikde häzirki dowam edip duran düzgünimiz emele geldi. Ýurdy uzak wagtlap dolandyrandan soñ, adam islese-islemese eden işlerinden uzaklaşyp bilmeýär. Öñki Prezidentem tutynyñ añyrsyndan möhüm kararlara täsirini ýetirmek üçin (munda edeniniñ ugruna boljakdygyna şübhe ýok) birnäçe işlere burnuny sokar.
Ikinjiden, goñşularynyñ köpüsi ýaly Gazagystanam awtoritar ýurt we bizde wajyp meselelerde jemgyýetçilik çekişmelerini başlap biljek hakyky syýasy oppozisiýa ýa-da garaşsyz, güýçli mediýa ýok. Bir seredeñde ähmiýetsiz ýaly bolup görünýän kararlaryñ täsirlerine düşünmek üçin setirleriñ arasyna diñe syn etmek gerek.
Nazarbaýew 2017-nji ýylyñ ýanwar aýynda mejlise we hökümete has köp ygtyýarlyk bermek üçin Konstitusiýa üýtgeşme girizende, köpçülik bu üýtgeşmäni oñlady. Emma ol işi ýurtda «parahatçylygy we durnuklylygy» saklamak üçin Howpsuzlyk geñeşine has köp ygtyýarlyk bermäge getirägetdin, 2018-nji ýylyñ maý aýynda geñeşiñ hemişelik başlygy boldy. Birnäçe synçy ygtyýarlyk transferi operasiýasynyñ bireýýäm başlandygyny öñe sürdi. Dogrusy, has köp ygtyýarlygy bolan Howpsuzlyk geñeşiniñ başlygy prezidentden dagy has güýçli. Nazarbaýew hem-ä geñeşiñ başlygy, hemem ýurduñ prezidentidi.
Adamlar onuñ öz islegi bilen işden gitme ähtimallygyny gürrüñ edip ýörkä, Nazarbaýew häzirem ýeterlik wagtynyñ bardygyny we belki-de gaýtadan talaşgärligini hödürläp biljekdigini aýdyp, bu gürrüñleriñ soñuna nokat goýdy. Bularyñ barsy öñünden taýynlanan meýilnamanyñ bir bölegi bolanam bolsa, habaryñ arasyna wagt salynmagy häzirem her kesi haýrana goýýar.
Ýigrimi dört sagadyñ içinde nähili köp üýtgäp bilýär? 19-njy mart güni sagat 19:00-da öz islegi bilen işden gitme habarynyñ eşdilen gününiñ ertesi durmuşymda ilkinji gezek başga prezidenti gördüm. Konstitusiýa görä Senatyñ başlygy Kasym-Jomart Tokaýew 2020-nji ýylyñ dekabr aýynda geçiriljek saýlawlara çenli wagtlaýyn prezidentlik etmeli. Paýtagt Astanada öýlän uçurlary Tokaýew kasam kabul etdi. Adamlar bu täsin syýasy üýtgeşmäniñ düýp manysyna düşünmäge çytraşsa, ol «ilkinji prezidentiñ hormatyna» Astananyñ adynyñ üýtgediljekdigini şatlyk bilen habar berdi. Mejlis bu karary biragyzdan goldady.
Astanalylaryñ köpüsi şol gün işden gaýdyp öýlerine baranlarynda, paýtagtyñ adynyñ Nursultan boljagyny bilenokdylar. Gazagystanyñ ähli şäherlerindäki iñ uly köçelerine-de Nazarbaýewiñ ady berilmeli edildi. Öñki lideriñ mirasy juda giñ gerimli bolmaly. Şol ikiarada Senatyñ başlygy saýlanan öñki prezidentiñ gyzy Dariga Nazarbaýewa ýurduñ iç güýçli ikinji wezipesiniñ eýesi boldy.
Biz gazagystanlylar sesimiziñ syýasat ýöretme proseslerinde pitiwa edilmeýändigi hakykatyna öñdenem öwrenşikli. Häzir bolup geçýänler we Nazarbaýewiñ mirasyny gorag astyna almagy maksat edinýän öñdengörüjilikli manýowrlar öñümizdäki birnäçe ýylda hemme zadyñ öñküligine galjakdygyna yşarat edýär. Muña garamazdan wakalaryñ başga tarapa-da üýtgäp biljekdigine ynanmagymyz üçin güýç beren sişenbe günündäki birnäçe sagatlyk tolgunma meni ýurda has aýdyñ gelejegiñ garaşýandygyna bolan umydy döredýär.

Aýgerim TOLEUHANOWA,
Gazagystanyñ Almaty şäherinde ýaşaýan garaşsyz žurnalist.

23.03.2019 ý.

Gazagystanyñ sowet döwründen galan iñ soñky prezidentiniñ garaşylman durka işden gitmegi halkymyz üçin nämäni añladýar?

Gazagystan we Orta Aziýa boýunça ylmy-syýasy işleri alyp barýan Toleuhanowanyñ «EurasiaNet», «Esquire Kazakistan», «Foreign Policy», «The Diplomat», «The Washington Post»-da makalalary çykýar.

https://www.independent.co.uk/voices/ Publisistika

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle