Gazagystanda kowid-19-dan has howply kesel ýaýrady
Gazagystanda kowid-19-dan has howply kesel ýaýrady
GAZAGYSTANDA KOWID-19-dan HAS HOWPLY KESEL ÝAÝRADY
Hytaýyñ Gazagystandaky ilçihanasy ýurtda syrly hassalygyñ ýaýrandygyny habar berdi. "Näbelli pnewmoniýa" diýip atlandyrylan ýokanç kesel edil häzirki wagtda doly kesgitlenilmedi, emma bu boýunça geçirilmeli işler doly güýjünde dowam edýär. Ilçihana bu kesele garşy hüşgär bolmagyñ gerekdigini aýdýar. Görşüñiz ýaly, 2020-nji ýyl dünýä boýunça alanda umuman agyr geçjege meñzeýär. Hytaýyñ Uhan şäherinde ýüze çykyp, ýer ýüzüne ýaýran koronawirus ýokanjy dünýä möçberli ähli zada ýiti täsir etdi. Ýokanç tolkuny añsat-añsat geçip gitjege meñzänok, munuñam üstesine Hytaýdan gelen soñky habarlar täze ýokanç keseliñ buşlukçysy ýaly bolup görünýär. Ýakynda rus we türk habar beriş serişdeleri Hytaýyñ birnäçe ýerindäki doñuzdarçylyk fermasynda başda doñuz dümewidir öýdülen, emma doñuz dümewinden has üýtgeşik we has howply, hatda koronawirusdan hem howply ýokanç keseliñ ilkinji alamatlarynyñ ýüze çykandygyny habar berdiler. Hytaýyñ Daşary işler ministrliginiñ wekili "G4 EA" diýip at berilen ölüm howply bu täze ýokanç keseliñ häzirlikçe goñşy ýurtlara ýaýrama mümkinçiliginiñ ýokdugyny aýtsa-da, hünärmenler munuñ edil koronawirus ýaly gysga wagtyñ dowamynda bütindünýä pandemiýasyna öwrülme howpunyñ bardygyna ünsi çekýärler. Özem bu iki keseliñem kowid-19-dan has ölüm howpludygy aýdylýar.
Hytaýyñ Gazagystandaky ilçihanasynyñ beren beýannamalarynda agzalan täze we ölüm howply pnewmoniýa keseliniñ Gazagystanda giñden ýaýrandygy mälim edildi. Hünärmenleriñ "näbelli pnewmoniýa" diýip atlandyran bu ýokanç keseli Gazagystany aýaga galdyrdy. Ilçihana Gazagystandaky hytaýly ildeşlerini bu kesele garşy ätiýaçly bolmagy ündemek bilen birlikde, gazak alymlarynyñ degişli işleri geçirýändigine garamazdan, häzir bu ýokanç keseli doly kesgitlemek başartmandygyny habar berdi.
Pnewmoniýa keseli öýkende dörän ýiti sowuklama hökmünde tanalýar. Hünärmenler bu ýokanç kesele wirus bakteriýalaryñ ýa-da zäherli kömelekleriñ sebäp bolýandygyny aýdýarlar. Dem almagy kynlaşdyrýan bu kesel diýseñ agyr geçýär we käbir näsaglar pnewmoniýa zerarly aradan çykýarlar. Kowid-19 keseliniñem başlangyç etapda pnewmoniýadyr öýdülendigini hasaba gatanymyzda, bu syrly pnewmoniýanyñ başga bir wirusyñ buşlukçysy bolma ähtimallygynyń bardygyny-da çaklasa bolar.
Ýerli metbugat serişdelerinde berlen habarlara salgylananymyzda, Gazagystanyñ käbir raýonlarynda pnewmoniýa möwç alyp ýaýraýar. Munuñam üstesine ilkinji hasaplamalara görä üç aýry lokasionda 500-den gowrak pnewmoniýa wakasy ýüze çykypdyr we bularyñ otuza golaýynyñ jany howp astynda.
Gazagystanyñ döwlet organlary bu näsaglaryñ adaty pnewmoniýa ýolugandygyny aýtsalar-da, Hytaýyñ ilçihanasy bu babatda ätiýaçly bolnanyny kem görenok. Çünki ilçihananyñ hasaplamalaryna görä, diñe geçen iýun aýyndaky pnewmoniýa kesgitlemesi goýlan ölümler 2020-nji ýylyñ başyndan bäri bolup geçen pnewmoniýa alamatly ölümleriñ üçden birini düzýär.
Gazagystanyñ ýagdaýy kowid-19 keseli babatda-da onçakly gowy däl. On sekiz million ilat ýaşaýan goñşy ýurtda häzire çenli 55 müñ adama koronawirus kesel kesgitlemesi goýuldy we olardan 264 adam aradan çykdy.
Ýurt mart aýynda adatdan daşary ýagdaý yglan edenem bolsa, maý aýynda çäklendirmeleri ýatyrdy. Gazagystanyñ Prezidenti Kasymjomart Tokaýew ýakynda eden çykyşynda bolsa, ikinji kowid-19 tolkunyna garşy taýýarlykly bolmaga çagyrdy.
Gazagystanda dörän "syrly pnewmoniýanyñ" nähili netijelere getirjegini kesgitlemek häzirlikçe mümkin däl. Syrly pnewmoniýa sebäp bolan zat koronawirusyñ mutasiýa geçiren görnüşi-de bolup biler. Belki-de, bu syrly pnewmoniýanyñ sebäbi has başgaça wirus, kömelek ýa-da bakteriýa bolubam biler. Şonuñ üçin gazagystanly alymlaryñ geçirjek işleri ýakyn günlerde içgin gyzyklanyljaga meñzeýär.
Taýýarlan: Guwanç MÄMILIÝEW.
Medisina