Gaýynenemiñ geñ gylyklary
Gaýynenemiñ geñ gylyklary
Öýe eýemsiremek, maşgala baş bolmak baradaky on ýyllap dowam eden başa-baş söweş henizem dowam edýär. Ýöne, ýaryşyñ ikinji tapgyrynda gaýynenem menden ýarym oçko öñe geçdi.
* * *
Gaýynenem bir gün öýden çyksa, gaýynatamyñ üç ýyl uruşda bolup gelendäkisinden köp gürrüñ getirýär.
* * *
Gaýynenem öýe gelende ýygrylyp, wiý, ýylgyryp garşylaýas, gidende çapak çalýas.
* * *
Gaýynenemiñ gelen güni gapymyzdaky Garagözüñem geregi bolanok.
* * *
Öýünde gaýynenesi bolan adam ölen güni soragsyz-idegsiz, behişde barybermeli. Sebäbi ol dirikä dowzahyñ oduna ýanýan adam.
* * *
Gaýynenem gargap-gargap, ähli malyny haram öldürdi. Indem jyny maña düşdi welin, hernä gezek meniñki däldir-dä?!
* * *
Gaýynenemiñ saçy agaryp, gözi küteldi, agzy kemperip, bili büküldi. Ýöne şindi-şindilerem gapymyzda del adam görünse, özüne sakçy gelendir öýdýär.
* * *
Öýde gaýynene han bolsa, giýewisi san bolýar.
* * *
Özünden başga betgüman gaýynenem gyzyny bäbekhanadan çykaranda-da, çagasynyñ agramyny ölçedip aldy.
* * *
Ömür boýy söwdada işläp, terezi bilen bagry badaşan gaýynenem towgunyñ ýumurtgasynam çekip satýar.
* * *
Gaýynenesiniñ bir towgy haram öläýse, äri ölenden beter gynanýar. Bir towgy guzlaýsa welin, ogly bolandan beter begenýär.
* * *
Gaýynenem öýde bir jinneklik iş edäýse, bir humluk minnet edýär.
* * *
Gaýynene galyñlap, halatlap satylýan bolsa, men iñ garyp adam bilen guda bolardym.
* * *
Ertir bazar diýlen güni gaýynenem uzyn gije ýatman, öñ dañynyp, könelden gyñaçlaryny ütükläp dañyny atyraýýar.
* * *
Päliýamanyñ özi garrasa-da, niýeti garramaz eken. Ýüzüniñ hamy taşlanan sanaja dönen gaýynenem şindi-şindilerem kellesine agtygynyñ şaýly tahýasyny geýip, aýnañ öñüne baran bolýar.
* * *
«Günümden öñ garratdyñ…» diýip, gaýynenem ýer ýumruklap, Tañrysyna gargaýar. Ýöne Hudaý gaty geçirimli bolarly. Onuñ özi bilen deñ bolanok.
* * *
Gaýynenem ölende gözüni açyp, armanly gitdi. Sebäbi ol menden öñ ölenine gynandy.
* * *
Gaýynene ölenden soñ ony pul bilen direldip bolýan bolsa, ilçilikdir, synanşanam tapylardy. Ýöne men-ä bahasynyñ üstünde oñşaryn öýdemok.
Allaguly REJEBOW.
«Tokmak» žurnaly, 1991 ý. Degişmeler