Gaýnene
Gaýnene
GAÝNENE
— A gyz, Olýa, şu gün işden gelýäkäm,
Seniñ gaýynyña duş geldim ýolda.
At ýaly heleý-le,
seni garratman
Entek-entekler-ä ýarsjagam däl-le.
— Wah, olmy? Wah, ony goýaý ýöne sen,
Bir tulum ýeli bar,
Bir sanaç puly.
Aýaklary ýelden,
saçlary kendir.
Olmy?
Diýmesin diýmäýin weli,
Tüýs Göroglyñ atyn ogurlan kempir.
— Meñ gaýyn enem-ä Lukman hekimden
Bir müçe ulumyş.
Gözlerem batyl.
Gulaklary bilen göräýjek bolýar
Sokur gözleriniñ görmeýän zadyn.
— Seniñkä ýagşy gyz, pensiýa alýar,
Gör, biziñki otyr duluñy saklap.
Ne biş-düşi…
Ne-de kir ýuwup bilýär —
Otyr garraryña garaşýan ýaly,
Agtygyn däl,
iki dyzyn gujaklap….
— Käşgä saña ýetirmese agtygyn…
— Käşgä çyrpsa geýim-gejim, arlygyñ,
Poluñ ýuwsa,
kaksa, keçe-kilimiñ.
Illeriñ gaýyn-a kesel halyna
Garawulam durýar edaralarda.
Biziñkimi?
Keýpin görüp diliniñ
Ýöne ýaşamaga gelen ýaly-la…
…Gaýneneler garramayan bolarly,
Gybata goşulýar öýe gelenler.
Gybat urýar gara kofäñ başynda
Bu gün-erte gaýyn boljak gelinler!
Nobatguly REJEBOW.
Goşgular