|

Gaýdyp gelmek

Gaýdyp gelmek GAÝDYP GELMEK

Käre şeýle bolýar,
alaç ýok oňa,
Hiç ýetip bileňok öňden bellänňe.
Garaşmadyk zadyň çykýar ýoluňdan,
Garaşmadyk pikriň gelýär kelläňe.

Menem agşam kän oýlandym.
Bir goşgy
ýazmakçydym.

Arman, arzuw paşmady.
Hyýalymda birmahalky tanyşlam –
Ölenler dirilip gezip başlady.

Olaryň her haýsy bir ýoldan gitdi,
Her haýsy bir zadyň yzyn-yzlady.
Açlygyndan ölen husyt, dirikä
Gömüp giden baýlygyny gözledi.

Ahyram tapdy ol.
Soňra kepennem
Çykardy-da gömdi, dyzyn epmedi.
Gitdi köne donly,
ýönekeý biýzä
Husyda görde-de nesip etmedi.
Aýsyz gijeleri ýüzüne sylan
Ogry ogrulykda tutuldy ýene.
«Senden ozal zordan dynypdyk» diýip,
Südürläp eltdiler gelen ýerine.

Ölmänkä özüni Hudaý hasaplan
Şahyram heýkelin synlamakçydy.
Özi hakda soňky dörän nesilleň
Düzen aýdymlarny diňlemekçidi.

Bolmady, adynam eşdip bilmedi
Bir günlük şöhrata ynanan şahyr.
Özüniň wagtynda ýogalandygna
Begenip, yzyna dolandy ahyr.

O senetkär bolsa dirikä özün
Ýönekeýje ussa hasap edipdi.
Ölümne däl, işin soňlap bilmänne
Başyn ýaýkap, bu dünýäde gidipdi.

Häzirki diriliş pursadynam ol
Bagyşlady soňlanmadyk işine
Gutardy, ýürekden şatlandy ýigit,
Ýaş goşulan ýaly boldy ýaşyna.

Gaýtmakçydy.
Birden gözi kaklyşdy.
Bir äpet heýkel bar:
– Be! Men ýaly-la?
«Hawa, men seň ömrüň dowanty» diýip,
Heýkel süýşüp geldi onuň ýanyna.

Heýkel süýşüp geldi onuň ýanyna,
Ýadaw ýigit synlap, göwün hoşlady.
…Şeýdip,
hyýalymda köne tanyşlam –
Ölenler direlip gezip başlady.
Oýlandym.
Begendim diri biz heniz,
Ýöne ýürek baky urmaz gursakda.
Biriniň aňynda janlansak soňra,
Nämeler görerkäk?..
Oýlan, pursat bar!

Italmaz NURYÝEW. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle