Gaty görme
Gaty görme

Seniň balkyldaýan gara gözlerňe
Kämahallar doýman seretsem uzak…
Birden-birden gatyrganma, özgerme,
Sen maňa raýdaş duýgy bilen bak.
Başarsam, men saňa seretmekçi däl,
Barmyň ýa ýokmuň hem diýmekçi däl hiç.
Ýöne, alajym ýok, ýaňaklary al,
Meni öz erkime goýanok bir güýç!
Ol güýç elmydama menden rüstem,
Oň elinde has kän mümkinçilik bar.
Senden yraklarda ýörenimde hem
Ol meni südürläp ýanyňa eltýär!
Kämahallar seniň deňiz gözlerňe
Seretmezden geçip gitsem ýanyňdan.
Şübhelenme owal aýdan sözlerme,
Ol sözleri syzdyrdym men janymdan!
Ynansaň, kä öz-özüme zor salyp,
Bilgeşleýin senden durýaryn gaça.
Sen ondan özüňçe bir many alyp,
Oňa birden düşünäýme başgaça.
Gaça durýan, seň ýüzüňe özgäniň
Ýylgyryp bakanny görmejek bolup.
Çekilýäň, kimedir näz edip, janym,
Gaşyňy kakanňy görmejek bolup.
Kä içgin seretsem,
Kese baksam kä,
Ondan aýry many gözläp ýörme sen.
Bu zatlar özüme bagly zatmy nä,
Çytylma,
Ynjama,
Gaty görme sen…
Tirkeş Sadykow. Goşgular