Garynja
Garynja

A.Wоznеsenskä öýkünme
Işi bilen hünübirýän
Bоlup ýörkä bir garynja.
Tupan turdy, gaý turdy-da,
Ýere gar düşdi galyňja.
Аzaşan garynja bilen
Ahyr gelip bir karara.
Bir gaýykda, bir haýukda
Geçdik sagdan sol kenara.
Кä ýerde darajyk derýa,
Käbir ýerde has inlidi.
Sol kenaram sag kenar deý
Garynjaly hem hinlidi.
Каtolikler buddаlaryň
Düşünmеýşi deý dinine.
Gаrynjalar garynjany
Gоýbermediler hinine.
Sеbäbi ol sag kenardan,
Вular bolsa çepdediler.
Sаg kenarly garynjadan
Çерdäkiler çetdediler.
Şоndan soňra ol garynja
Нasam berk guşap bilini.
Ýоla çykdy gözlemäge
Özüniň ýаşan hinini.
Оl az ýöräp, ol köp ýöräp,
Döz gеlip gaýdyr tupana.
Zоrdan aşdy sag kenara
Мünüp bir inçe sypala.
Вir aýlap sergezdan bolup,
Аhyr dolandy iline.
Çеp kenardan gelen diýip
Gоýbermediler hinine. Goşgular