| |

Garyndaşlyk / satiriki hekaýa

Garyndaşlyk / satiriki hekaýa GARYNDAŞLYK

— Amandurdy gurgun işläp ýörenmidir?
— Gurgun işläp ýörendir-dä. Ynha, indi iki ýyldyr ýolda-yzda-da gabat gelemok.
— Ahaw, hany ol sende işlemeýärmidi näme?
— Men-ä ony birçak işden kowdum.
— Beh-beý. Ol, näme, düzgüni-dagy bozdumy?
— Ýok, düzgüni bozanok.
— Näme, aýtmajak bolýamyñ?
— Aýdar ýaly, aýtmaz ýaly, näme Amandurdynyñ ilden çykgynç erbet häsiýeti barmy?
— Göniñden gelsene, biderek arza ýazandyr-da…
— Ýok, eger-eger, 14 ýyl işledi weli, erbet niýet bilen eline galam alan adam däldir. Bir-ä işe girenindäki arzasy, soñam her ýyldaky zähmey rugsadyna çykjak bolanyndaky arzasydyr.
— Be, nädäýdiñ-aý?! Onda progul bolandyr.
— Eger-eger. Sagar 9 bilen 6-nyñ arasynda ol bende kakylgy gazykdyr. Iş stolundan turmasy bolmaz.
— Beh, sen-ä perişdäñ bäri ýany etdiñ goýaýdyñ.
— Bolmalysam şeýle-dä. Işine ökde, iş wagtyna jür. Kollektiwde özüni göreldeli alyp barmakda Amandurdy çeniñ-çakyñ däl.
— Aragam içenokmy?!
— Näme içmän. Eýsem meñ özüm içemokmy ýa seb içeñokmy?!
— Biz içsek toýda-tomguda, baýramçylykda il ugruna altmyş gram içýäs-dä.
— Biz altmyş gram içsek, Amandurdy elli gramjyk dadýar.
— Diýmek, onda ony hiç sebäpsiz işden kowupsyñ-da?
— Şeýle boldy-da…
— Ýerine alanyñ oñarjamy onsoñ?
— Gaty beýle däl.
— Iş oñaranokmy?!
— Wah, oñ bilen oñuşjak-la.
— Näme, işe wagtynda gelenokmy?!
— Onsy bilenem ylalaşýan. Awansyny, aýlygyny, baýragyny jemläp, häzir öýüne özüm alyp barýan-a.
— Näme, içegenmi?
— Öte-le. Huşagetirijiden hoşlaşman, agşam ýene gelerin diýip gaýdýanlardan.
— Beýle bolsa işden gümüni çekip bolanokmy?!
— Kowmak añsat-la. Ýöne kadrlary terbiýelejek bolmaly-da.
— Wah, oñaryp bolsa oña ýetesi zat barmy?
— Hötde geljek bolmaly-da. Baýramalydaky bejeriş-zähmet profilaktoriýasyna hem iberdim. Bir hepde-de çydaman, gaçyp gaýdypdyr. Ýagşy onda, Atadurdy, hoş. Men-ä indi şu ýerde awtobusdan düşmeli boljak.
— Näme, keýpinemi, gezelençmi?!
— Şol ýañky, soñky aldym diýen işgärimiz hol obada ýaşaýar. Gyzym şoñ gelni.

Gurbangylyç HYDYROW. Satiriki hekaýalar

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle