|

Garrylyk hakynda goşgy ýazypdym…

Garrylyk hakynda goşgy ýazypdym… GARRYLYK HAKYNDA GOŞGY ÝAZYPDYM…

Garrylyk hakynda goşgy ýazypdym...

Şu gün Allaýar Çüriýew 75 ýaşady

Garrylyk hakynda ýazan goşgymy,
Okap, ony çap etmedi redaktor.
Diýipdir: “Bizde ýok beýle garrylar,
Hemmesi hoşwagt, bary bagtyýar!”

Garrylygam ýaşlyk ýaly bir möwsüm,
Özüne ýetikdir onuň görgüsi.
Redaktor, ölmeseň garrarsyň senem,
Sanalgydyr, meger, ýürek urgusy.

Seýrek duşdum garrylygy öwene,
Her bir geçen günüň, meger, külpetdir.
Çap etmeseň etme, ýöne goşgymy,
Garran çagyň ýatlasaň bor, redaktor…

02.03.2024. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle