| |

Garry enem Nowbaharyň ýagty ýadygärligine

Garry enem Nowbaharyň ýagty ýadygärligine GARRY ENEM NOWBAHARYŇ ÝAGTY ÝADYGÄRLIGINE

Garry enem Nowbaharyň ýagty ýadygärligine

Goja ýaşda käte garry enemiň,
Gulagymda ýaňlanyp dur hekgedi.
Öwrenipdik haýyr näme, şer näme,
Ýyllar muny üstümize ýükledi.

Diňläp ertekisin uzak gijeler,
Elmydam şeýle bor öýtdük – agtyklar.
Asyl burmuş beýle däl eken başda,
Altmyş-ýetmiş ýaşda indi saltyklar.

Misli ol iň soňky ertekiçidi,
Soň duşmadym hekget aýdyp berene.
Wah, garry enemiň ertekilerin,
Meňzetdim ummanyň lagly-dürüne.

Döwli-döwsüz aýdyp beriň erteki,
Galmak üçin agtyklaryň ýadynda.
Göwnüme bolmasa, ýaşap ýör enem,
Gadym ertekileň beýanatynda.

16.06.2024. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle