| |

Garly hem gussaly ýekşenbe / hekaýa

Garly hem gussaly ýekşenbe / hekaýa GARLY HEM GUSSALY ÝEKŞENBE

Garly hem gussaly ýekşenbe / hekaýa

Orta mekdebi gutaryp, şäherdäki hünär öwredýän ýörite mekdepleriň birinde okaýan Baýsähet ir düşen gyşyň nobatdaky aýazly hem garly ýekşenbesinde diňgögüne garap, kän ýatdy. Öýlänler uly agasy Nursähet geldi.
— E-eý!
— Ho-ow!
— Bu nä boluş!
— Aý, hiç!
— Garamyratlara gidip geldiňmi?
— Hümm.
— Aýtdyňmy?
— Hawa.
— Näme diýdi?
— Hiç zat.
— Näm bolýar, how, saňa?
— ?!.
— Nas atdyňmy?
— Juk.
— Agzyňda suw barmy?
— Juk.
— Onda näme?
— Hiç zat, how. Hiç zat.
— Beh-beh! – Nursähet dagy näme diýerini bilmedi. Biraz oturyp:
— Aý, bolýa – diýip, çykyp gitdi.
Şol gün şamlyk nahardan soň Baýsähet uly ýeňňesiniň bolýan otagyna bardy.
— Nursähet ýokmy, gelneje?
— Ýok. Gitdi.
— Nirä gitdikä?
— Garamyratlara diýäýdi öýdýän şol. Hä, näme?
— Aý, hiç
— Gel, otyp, çäýnekde çaý-a bar.
Baýsähet geçip oturdy. El işine güýmenip oturan Arzy gelneje oňa çaý guýup berdi.
— Bular näme eýýäm ýatypdyrlar, irgözin… – diýip, Baýsähet Nursähediň gap dulda serlişip ýatan çagalaryna ümledi.
— Äý, oýnap-oýnap, ýadandyrlar-da.
Baýsähet şirp-şirp edip çaý içdi. Arzy gelneje:
— Baýsähet jan, aňyrky äpişgä seredip goýbersene! diýdi. – Sowuk gelýä welin, gowy ýapylmandyr öýdýän. Hazan almyş…
Baýsähet seredip gördi.
— Aý, ýok, äpişgäňiz-ä oňat ýapylypdyr.
— Şeýlemi?
— Daşary sowuk. Şondan bolaýmasa.
— Şondandyr onda. Howa-da, gurbany gitdigim, maýlar ýaly däl. Gün-günden bujurygy artýa gaýtam… Şuwadam ýagýamy?
— Hawa.
— Ýagawersin!..
Baýsähet çaý şirpildedip, ene biraz oturansoň:
— Gelneje! – diýdi.
— Hä?
— Gelneje bir zat diýsem edermiň?
Arzy gelneje ýüzüni birhili edip:
— Näm ol? – diýdi. – Hany, aýt!
— Ilki söz ber, gelneje!
— Waý, nämä?
— Şo meň aýtjak zadymý etjek diýip söz ber.
— Men näbileýin seň näme aýtjagyňý, Baýsähet jan? Ilki bir aýt ahyry!
— Kyn zat däl, how, gelneje!
— Ana, söz berdim, Baýsähet jan! Aýt indi!
Baýsähet ýaýdandy. Ýeňňesi gylaw aldy.
— Aýt-da indi!
— Neme-däraý, gelneje!
— Näme?
— Ertir bar-a?
— Hawa ?
— Men bar-a?
— Hawa?
— Okuwa gidemsoň bar-a?
— Hawa?
— Ejeme bar-a?
— Hawa?
— Neme diýsene!..
— Näme diýeýin?
Baýsähet çaýly käsesine seredip ýaýdandy. Ýeňňesiniň özüne öňkülerinden has dykgatly seredýänini aňyb-a gyzardam. Arzy gelneje gyssandy:
— Näme diýeýin. Baýsähet jan?
Baýsähet aýdyp göýberdi:
— Gudaçylyga gidiň diý!
— Hä?
Arzy gelnejäniň gözleri ýanyp gitdi. Baýsähet iki egninden dem aldi.
— Çynyňmy, Baýsähet jan?
Ýüwürjisiniň asla henek etmeýändigini gözi bilen görüp oturan Arzy gelnejäniň kebzesine kümüş çaýyldy. Baýsähet ýuwaş-ýuwaşdan başyny galdyryp, ýeňňesiniň ýüzüne seretdi. Arzy gelneje indi hut öliň soragyny ýagdyryp ugrady.
— Kimlere barmaly, Baýsähet jan?
— Bu obadan däl ol.
— Onda nirden?
— Gökjeden.
— Gökjede kimlerden?
— Seýit milisýelerden.
— Ady näme?
— Adyny nämetjeg-aý?
— Waý, gudaçylyga gitmeli bolsa, adyny bilmeseň, nähili bor, gyz, o?!.
— Bägül.
— Hm-m, Bägül, diýsene. Oňatja ad-a bar eken. Onsoň nememi, gulmy, igmi, näm ol?
— Aý, men näbileýin-aý?!
— Soramaly ekeniň.
— Sorap bom-aý onam bir?!
— Suratyny getir, men tanap bereýin.
— Mende suraty ýok.
— Samsyk! Suratyny almaly ekeniň.
— Suratyny başyňa ýapjak-maý, gelneje?!
— Ejeň görjek diýse, näme etjek?
— Diýmez.
— Şonda-da bileje surata düşmeli ekeniňiz.
Baýsähet jabjyndy:
— Aý, näm bolanda nämaý?
— Dur entek, Baýsähet jan, nememi ol, kursdaşyň zadyňmy?
— Hawa.
— Hä-ä, dogry-y. Onsoň ulymy ol senden, ýa kiçimi?
— O zatlary nämetjeg-aý, gelneje?
— Dursana, gyýw, bilmeli bor-a.
— Ýaşyt meň bilen.
— Ýaşyt diýsene!.. Dogry!.. Men-ä begenýän, Baýsähet jan! Onsoň nememi o gyzyň özünden uly çykmadyk ýa öýlenmedik dogany ýokdur-a?
Baýsähet gözüni tegeläp, ýeňňesine seretdi. Iki sekuntdan soň gysgajyk:
— Ýok – diýdi.
Arzy gelneje dowam edip.
— Ýa iň ulusymy şo?
— Hawa.
— Hä-ä, onsoň, Baýsähet jan, sen oňa hat berdiňmi?
Ýa birine aýtdyrdyňmy? Nätdiň?
— Oýun etmesene, how, gelneje!
— Çynym, gyýw!
— Nädemde nä?
— Aý, ýok, sen hat-a bermeli däl. Sen göni baryp, özüne aýdansyň. Seni halaýan diýensiň. Şeýlemi? Ä?
Baýsähet gyzardy.
— Oyun edýäň-aý, gelneje!
Arzy gelneje dymyp, birsalymdan:
— Häý, ejeň göwnemäýmese – diýdi.
Baýsähet özüni raslady.
— Göwnär. Oňaryp aýdybilseň, göwnär.
— Ol-a saňa Äşäni alyp berjek diýip ýör.
— Kim ol Äşe?
— Bilmedik bolan bolma. Müň sany Äşe bamy?! Hany, o nemäň…
— Men-ä öýlenmen şoňa.
— Wiý, nämüçün?
— Bilemok, how, bilemok.
Arzy gelneje “hm-m” edip, esli oturansoň başga bir gürrüň tapdy:
— Özleri gul bolsa, kän galyň-a diýmezler.
— Onçasyny biljek däl.
— Soramaly ekeniň.
— Nämäni?
— Şony? Galyňny?
— Men indi şoň galyňny sorarynm-aý?!
— Kakasam milisiýe bolsa…
— Hä, näme?
— Kakaň unamazmyka diýýän.
— Nämüçün ?
— Eşideňokmy, Hojaga günde on gezeg-ä sögý-ä, iliň jübüsine gözüni dikip ýör diýip.
— Kakam ony Hojaga diýýär.
— Kakaň hemme milisýä-de diýýär. Milise bolup işleýän bolsa, şo gyzyň kakasyna-da diýer.
— Diýmez.
— Diýer.
— Hemme milise Hojak ýaly däl, how.
— Ah-heý, özi milise bor-da, abat bormy?
— Bilmän bir zat diýme, gelneje!
— Baý–baý–baý! Ýigid-ä eýýämden gaýnatasynyň ýüzüni ýuwup ugrad-ow.
— Oň üçin däl-ow.
“Jy-ýy-yk” edip, gapy açyldy. Baýsähediň kiçi ýeňňesi Nabat geldi.
— Öw–he–eý, sowukdygyny. Üşäňzokmy, gyz?
Arzy gelneje onuň bu sözlerine pisint etmedi. Gözlerini güldürip:
— Bir zat aýdaýynmy? – diýdi.
Baýsähet:
— Aýtma! – diýdi.
— Aýtjak. Nabat öýkeläýse nätjek birden!
— Näme, gyz, ol? – diýip, Baýsähediň kiçi ýeňňesi gözlerini elek-çelek edip, bir hezillige garaşdy.
— Ynha, şudur-da, gyz! Öýlenesim gelýä, gudaçylyga gidiň diýip, ertirden bäri dyzap otyr.
— Waý, illeňkiň enaýylydygyny! – diýip, Nabat gelneje eltisine ugrybir bäş sowal berdi. – Nirä, kimlere, ady näme, okaýamy, işleýämi?
Arzy gelneje aýtdy. Nabat gelneje ýüzüni ýüwürjisine öwürip:
— Şeýlemi? – diýdi.
Baýsähet gaşyny çytdy. Kesä bakdy. Nabat gelneje ýene bir sowal berdi:
— Ýaşyň ýetýämi?
Baýsähet ilki düşünmedi.
— Nämä? – diýdi.
— Söýüşmäge ýaşyň ýetýämi diýýän.
Baýsähet saňňyl–saňňyl etdi.
— Halsähet ikiňiz söýşeňizde ýaşyňyz ýetýämidi?
Hä?
— Hawa.
— Meňkem ýetýä onda.
Baýsähet jübüsinden çilim çykardy. Otlandy.
— Gyýw, çilimem çekýäňmi? – diýip, Arzy gelneje
agzyny öweltdi.
— Söýüşip başlan bolsa, her zat çykar – diýip, Nabat gelneje aýtdy. Baýsähet sessiz ädim urup, gapa ýöneldi. Çykyp barýarka-da, yzyna öwrülip, Arzy gelnejä azgyryldy:
— Aýtma diýdim-ä men saňa. Aýtma diýdim-ä.
Daşarda gyýalap, gar ýagýardy. Baýsähet mellegi deň ikä bölýän darajyk çil bilen ilerligine ýöredi. Baslygyp ýatan ak gar onuň aýaklarynyň aşagynda gütürt-gütürt edip, ses edýärdi. Kem-kemden güýjeýän aýaz ýüzüni-gözüni dalaýardy. Gijelikdi. Ýöne ýerde ýatan gar tümlügi birsyhly serpikdirip, gözýetimdäki adam garasyny mazaly saýgarar ýaly ýagtylyk paýlaýardy.

Dekabr, 1993. Aşgabat.

Kakamyrat ATAÝEW. Hekaýalar

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle

Больше на Kitapcy.su

Subscribe to get the latest posts sent to your email.

Похожие записи