Garga bilen Tilki / basnýa
Garga bilen Tilki / basnýa
Ýaranjañlyk gabahat hem zyýanly
Diýseler-de bary biderek bolýar.
Ýaranjañ özüne ynanar ýaly,
Ýürekden hemişe penalyk alýar.
Bir Garga bir ýerden bir bölek peýnir
Ýetensoñ begenip uçupdyr-da ir,
Çykypdyr bir beýik agaç üstüne,
Iýmäge taýýarlyk görüp dessine.
Agzynda peýniri — hyýala batan.
Şol wagt bir Tilki hem gelip ýeten.
Tilki bir ys alyp, sakga durupdyr,
Garganyñ agzynda peýnir görüpdir.
Melul bolan mekir Tilki
Biraz pikir edip ilki,
Ýapyrlypjyk agaç düýbüne baran.
Oñ peýnire gözi gidip
Hem-de ýalym-ýulum edip,
Gargadan gözüni aýyrman duran
Hem ýakymly sözler toplan,
Garga bakyp şeýle geplän:
«Ne gözeldir boýnuñ seniñ;
Ýesir eder oýnuñ sesiñ.
Enaýyja gözleriñ bar,
Mylaýymja sözleriñ bar.
Edil ertekide aýdylşy ýaly,
Periñ näzik, burnuñ peri mysaly.
Saýrasana, owazyñdan ganaýyn,
Dür dökülen dilleriñe döneýin.
Guşlaryñ içinde şasy bolarsyñ,
Jak-jak edip, gül içinde gülersiñ».
Bilgiriñ öwgüden aýlanyp seri,
Şatlanyp, hüžžerip holtumy, peri,
Tilkiniñ öwgüli sözüne gidip,
Garga aldygyna gygyrdy welin,
Peýnir gaçdy — ony tiz lak-luk edip,
Mekirje peýnirjen gönendi elin.
Iwan KRYLOW.
Terjime eden: Durdy HALDURDY. Goşgular