Garga bilen garasar
Garga bilen garasar
(Basnýa)
Güneş gary ýalap gutaryp barýar,
Buz ereýär Günüñ tygy degende.
Garga ýazdan gaçyp, göterlip barýar,
Garasarlar gelýär olañ deregne.
Günortadan uçup geldi garasar
Çytyk garga ýol ugrunda sataşdy.
— Ýeri, garga nirä barýañ?
— Gar syraýan ýerlere. Gak!
— Gyşy oñat gyşladyñmy?
— Bu ýyl gören günüm gursun! Ýok!
Otlar üpjün, mallar gurgun,
Ne sygyr ölýär, ne ýaby,
Gyş däl bu ýyl, ýowuz ýagy,
Ýolda-yzda ölüp ýatan,
Mala-gara duşmadyñmy?
— Ýazda nirden ölüm bolsun,
Howa maýyl, otlar doýum,
Hezil edýär sygyr, goýun.
Meger mähriban obamda
Meýdanlarda erändir gar.
Onda çagalaryñ men üçin ýasan
Höwürtgesi bar.
Tiz ýeteýin — diýip, uçdy garasar.
Uçdy Garga nirde diýip harasat.
Bir togalak zady «iým» diýip,
Çokdy welin, daş ekeni gara zat.
Reýhan ŞÜKÜRBEKOW,
gyrgyz şahyry.
Terjime eden: Atamyrat ATABAÝEW. Goşgular