|

Garaşsyz ykbal

Garaşsyz ykbal GARAŞSYZ YKBAL / oda

Garaşsyzlyk alnandan soñ,
Taryh üçin köp bolmadyk möhletde Türkmenistan özgerdi.
Garaşsyz günlerde eken baglarmyz
Daragt bolup gögerdi.

Ol daragtlar indi
bol miwesin eçilýär,
Garaşsyz döwranyň miwesi datly.
Oň miwesin iýen adamlar bagtly.
Bu bagty bu ýurda
Hak bagyşlady.

Hak nazaryn salan gadymy halkym ahyr
halas boldy bakna günlerden.
Çemen bogýas toý günleri
Garaşsyzlyk bagyndan.
Çemen bogamzok biz giň sährama ýat
başga güllerden.

Öz Günümiz depämizde parlap dur,
Baglarmyzda öz güllermiz açylýar,
Toý günleri ak ýyldyzly asmana
Zemindäki bagtyň nury saçylýar.

Görmäge göz gerek türkmeniň ýurdun, Synlamaga gerek seýil-u-seýran.
Tarypyn etmäge ýagşy söz gerek,
Görk açypdyr bu gün ilerim-gaýram.

Derýalarym erkin akýar — Garaşsyz, Daglarym-da erkin ösýär — Garaşsyz,
Baglarym-da güller açýar — Garaşsyz,
Sähralamda erkin uçýar keýikler.

Asmanymda guşlar erkin — Garaşsyz,
Ganat baglap, uçsam erkin — Garaşsyz.
Bu zatlaň barysy Garaşsyzlykdan öň
arzuw-hyýaldy,
ahmyr-armandy.
Bu gün saçagmyzda ak çöregim bol.
Bu zatlary türkmen ozal
Düýşünde-de görmändi.
Bardy-geldi gören bolaýanda-da,
Düýş düýşlügine galyp,
ýokdy ýorgudy.

Indi erkin beýnimiziň urgusy,
Garaşsyzlyk bagş etdi şat durmuşy,
Üýtgeşik türkmeniň döwlet gurluşy.

Aşgabatda gurlan köşgi-binalar
Bizden nesillere ýadygär galar.
Taryhyň ýadyndan çykmaýar ömür
Halka erkinlik hem erk beren şalar.

Beýik Taňrym halkymyza erkinlik
hem erk berdi,
hemem Garaşsyz döwran, ençe asyrdan soň,
özbaşymyza berkarar bir ajaýyp ýurt edindik.

Ajap ýurduň berk binýady — Erkinlik.
Garaşsyzlyk sözün öwranma-öwran
Gaýtalap,
gaýtalap, ýadamaz diller.
Beýik Magtymgulyň aýdyşy ýaly:

«Akarda suw, öserde ýel» häkimler
Öz halkyny Güneş kimin çoýýandyr,
Adalat ýok ýurduň guýusy gömlüp,
Adalatly ýurtda çeşme çogýandyr.

Çeşmeler çogup dur erkin,
Diýmek, Adalat bar,
Hakykat, Hak bar.
Baky bolsun, eziz halkym,
Bu döwletli döwran —
Garaşsyz ykbal!

Atamyrat ATABAÝEW,
Türkmenistanyñ halk ýazyjysy. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle