| | |

Garaşsyz Türkmenistan dünýä siwilizasiýasynyñ iñ täze merkezi

Garaşsyz Türkmenistan dünýä siwilizasiýasynyñ iñ täze merkezi

GARAŞSYZ TÜRKMENISTAN DÜNÝÄ SIWILIZASIÝASYNYÑ IÑ TÄZE MERKEZI
/ ylmy-filosofik esse

■ B i r i n j i   B ö l ü m

I. Köne galalar

Gadym imperýalar, giden şalyklar,
Garylyp,  heňňamlaň aýak astyna,
Teke, ýomut, gokleň, salyr-saryklar,
Gidipdirler gadymýete — aslyna.

Täze  siwilzasýalar çykýar toprakdan,
Geçmişi galdyrýar başyn Türkmeniň.
Görogly beg  geçip barýar buldurap,
Eýýamlaň egninden çapdyryp atyn.
 
Taýsyz  älem bolup , düňderlip ýatyr,
Atalaň salamy, köne galalar.
Pyragynyň şygyrlarnyň summaty,
Hem gadymy teňňä döne galalar.

Olar otyr Allaň ýadyndan çykan, 
Ody dünýä beren çakmaga meňzäp. 
Birwagtlar zalym Çingiz han çaýkan,    
Indi  täze imperýalar döredýän,
Türkmeni görmäge çykjaga meňzäp.

Bu köne galalar gysym  ýer däldir. 
Olar eýýamlara salyp dawany,
Atalaryň bagty, ahy- perýadyn 
Türkmene ýetiren pendi-diwany.
  
* * *

Gurbanguly Berdimuhamedow:

"Gadymy medeniýetiň we siwilizasiýanyň watany bolup durýan Türkmenistanda syýahatçylyk industriýasynyň mümkinçiliklerini artdyrmakda „Awaza” iş ýüzünde ilkinji esaslaryň biri bolup durýar.
Biziň döwletimiziň raryhy we medeni ýadygärlikleri dünýä medeniýetiniň gazananlarynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Ol gadymy ýadygärlikleriň sany 1300-e golaýlaýar.” 
                 
1.17 sah.
                                  
* * *

Häziirki Garaşsyz, hemişelik bitarap Türkmenistan bu gün, Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhammediň döwlet başyna geçmeginiň dört ýylynda Dünýä siwilizasyýasynyň iň täze merkezine öwrüldi. Aslynda Türkmen döwlet dünýä döwletleriniň iň gadymy laryndan biri bolmak bilen,  öz bagtly ykbalynda dünýäde 172 döwleti, dört imperiýany guran döwletdir. Onuň guran beýik imperiýalary dünýäniň ýüzünde haýran galmaly birleşmeleri emele getirdi. Akademik W.W. Bartoldyň belleýşi ýaky:” minnetdar oguz ýa-da türkmen halky tarapyndan döredilen Seljuklar imperiýasy musulman dünýäsi üçin orta asyrlarda türki halklaryň arasynda  bolup bilmejek deňi-taýy bolmadyk many-mazmuna eýe boldy” diýip belleýşi ýaly,  Togrulbegiň we Çagrylbegiň  döreden bu beýik  imperiýasy dünýäde  täze  eany açdy. Akademik A.Ýe.Kryskiniň belleýşi ýaly: "Seljuk  goşunlary özleriniň Eýrana ýörüşleri mahalynda ähli zady ýer bilen ýegsan etmek,  özlerine gabat gelen öýleri, obalary, dürli  binalary ýakyp weýran etmek, halkyň mukaddesliklerini ýogyna çykmak, ilat köpçüligi ýaly, şuňa meňzeşlikleri,
 ýok etmek  zulumkeşlige ýüz urmazlykda  mongol  basybalyjylaryndan düýpli tapawutlanypdyrlar" diýip belläpdir.
Bu ýagdaýlar Mahmut gaznalynyň döreden beýik imperiýasy mahalynda-da, Seljuk türkmenleriniň döreden imperiýasynda-da,  Horezmşalaryň beýik imperiýasy mahalynda-da, Osmanly türkmenleriň imperiýasy mahalynda-daşeýle bolupdyr. Sebäbi bu ýagdaý nesilbaşymyz,  dünýäni boýun egdiren  Oguz han atamyzdan gelýän sessur bolupdyr. Bu barada  türkmen edebiýatynyň beik nusgawy şahyry Nurmuhammet Andalyp özüniň „Oguznama „ poýemasynyň „Oguz hanyň ogulla pent-neshat kylgany” diýen bölüminde ýazyşy ýaly:

Birew bir söz diýse, diýdim oňa Haýyr”,
Sebäp şul uýgur atanturdylar gaýyr.

Karar bilen karar işiň ahyryn,
Ýetişdim maksatymga biri-birin.

Eger koýsaň kadam  serr-u-zalymga,
Owwal kalgusydyr özi ölümge.

Olar öz kabrini öz elgi belen
Kazipdirlar ki halkdan ilki bilen

Zulum zakkunyny tadyrsaň ilge
Raýat gelüwsi tedbir ile kolga

Zulmuň mergi-muşun tatgan ölgeý,
Bakyň ragaýatsyz şadan ne bolgaý…”

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, Türkmenistan dünýä siwilizasyýalarynyň çatrygynda durýar. Bu döwlet dünýäde   döwleti 72 döwleti, dört imperiýany  guran  merdana türkmen ogullaryň üwrelen sallançagy, ata watany bolupdyr. Şonuň üçin dünýäde dörän şonça döwletiň,  ägirt imperiýalaryň göbegi şu toprakda gömlüpdir. Şonuň üçin  şeýle ägirt dünýäni guran ogullaryň  elleriniň, ykballarynyň,  taryhy yzlary   diwan bolup, dessan bolup,  beýik-beýik  ymaratlar bolup,  aramhanalar, köşgi eýwanlar bolup bu toprakda galypdyr. Häzirki wagtda şol  keramatly taryhy- arheologik  ýadygärlikleriniň 1300-e golaýy biziň döwrümize gelip ýetipdir. Mundan başga-da, şol döwletleriň halkynyň umydynyň näzik nagmalary, kalbynyň göwheri bolan "Görogly, "Gorkut ata” ýaly eposlar, "Şasenem –Garyp”, "Ýusup-Zyleýha, ”Nejeboglan" atly   halk dessanlarynyň, ertekileriň, rowaýatlaryň,  nakyllaryň, atalar, sozleriniň,  hüwdüleriň, läleleriň, gör näçesi şu gün hem  türkmen gadymyýetiniň bu günki nesillere ýapan  gymmatly serpaýyna öwrülip, dilinden , elinden düşmän dünýäniň  siwilizasiýasynyň iň täze  merkezini gurýan beýik  halkyň aň-parasat, pähim-paýhas ýörelgesiniň gönezligi bolup, täze-täze nesilleriň aňyna, ýüregine siňip gidip otyr.

                               2.

■ Siwilizasiýanyň keramatly ruhy.

Siwilizasiýa

Beiýk ruh bolup dünýäň aňynda,
Damaryna, al  gana garylyp, 
Ýaşap ýörsüň,  belentligiň zarynda,
Käte çykýaň wulkan bolup ýarylyp.

Älemi aýlanýaň, orun isleýäň,  
Sag gözüň geçmişde — harabalykda,
 Bir göwnüňde beýik ogul isleýäň.
 Sol gözüň geljekde, ajap bagtda.

Sen hiç wagt dogulmaýaň, ölmeýäň, 
Beýik ruhuň diri, niýetiň ýagşy
Dünýäň haýyr işlerini jemleýän,
Eşrete öwürmek bar ýaşaýyşy.

Kim nan, kim suw, kimler bolsa  mal isläp,
Ýalbarýar Hudaýa, "Kerem et allam!”,
Alla alaç edýär aç bilen teşnä.
Ýyl gidip, aý ötüp, gün geçip barýar.

Bu gün dünýä saňa dikdi ümzügin.
Haýyr güller açýar, şer hetden aşýa. 
Ony diňe özüň sazlap bilersiň, 
Eý, umytlar başy- Siwilizasiýa! 

                            
                       * * *

Eýsem, siwilizasiýa näme?! Bu sowalyň jogaby  dürli-dürli.

1. Siwilizasiýa- jemgyýetiň aň, maddy,  ruhy,  medeni, jemgyýetçilik ösüşiniň ýokary  derejesi. Şeýle hem önümçilik  güýçleriniň kesgitli ösüş derejesi. Jemgyýetçilik- ykdysady formasiýanyň ýeten  ýokary derejesi.  

 2. Siwilizasyýa- raýatlaryň berk jebislenmegi,    düýä medeniýetiniň derejesi.Dünýäniň iň täze gazananlarynyň, ylym, bilim,  terhnika, tehnologiýa tilsimatlarynyň merkezleşdirilen halka hyzmat etmegi.Şu ýagdaýlaryň barysynyň has ösdürilen , kämilleşdirilen görnüşinde dünýä halklaryna gaýtarylyp ýetirilmegi we şeýlelikde,  dünýä ýurtlarynyň sosial-ykdysady ýagdaýyna oňaýly täsir etmek bilen, adamzadyň  bagtly, eşretli ýaşamagyna täsir edip bilmegi.
 

3. Siwilizasyýa-  bol suw,  bol azyk önümleri, parahatçylyk, oba hojalygynyň, maldarçylygyň, senetçiligiň, hünärmentçilgiň ýokary ösüşi.
 
4. Siwilizasyýanyňiň uly we esasy wezipesi-  beýleki siwilazasyöalara, ululy, kiçili  döwletlere, halklara, halkyýetlere  özüniň döreden nähilidir bir  amatlyklary, ýaşaýyş-durmuş, ynsan ýaşaýşyny ýeňilleşdirýän  gymmatly tapyndysyny berip bilmek.

5. Häzirki zaman siwilizasiýa düşünjesi-  elektrik, gaz, suw, güýçli we takyk  aragatnaşyk, rahat ýaşaýyş jaýlary, düşewüntli giş orunlary,ösen medeniýet, kämil dil, demokratik institutlaryň gülläp ösmegi. eşretli, rahat durmuş, agzybirlik, parahatçylyk. Dünýäniň  beýik gazananlarynyň elýeterliligi. Adalatly, parasatly döwlet ýolbaşçysy. Kanunlaryň berk we adalatly işledilmegi. Puluň  ygtybarlylygynyň,hümmetiniň saklanmagy.
6. Siwilizasyýanyň hökmany şerti bolup, onuň  hökman iki derýanyň aralygynda bolmagy. Mysal üçin:
 
I. Birinji siwilizasyýa —  Gadymy Hytaý siwilizasyýasy:  Ýansyzy we Huanhe derýalarynyň  aralygndaky jülgelerde;

II . Ikinji siwilizasyýa- gadymy hindi siwilizasyýasy:Brahmaputra- Gang we  Hind derýalarynyň uzaboýyndaky jülgede; 

III. Üçünji siwilizasyýa — Ýefrat we Tigr derýalarynyň aralygyndaky uly jülgede dörän Messopatamiýa siwilizasyýasy;

IV. Dördünji siwilizasyýa- — Nil derýasynyň Ak Nil –Gök Nil  gollarynyň arasyndaky  giň jülgäniň boýlaryndaky, Gündogar Müsür siwilizasyýasy;

V. Jehun-Tünüderýa we Jeýhun  derýalarynyň uzaboýunda  dörän Marguş- Gowurdepe siwilizasyýasy.
                       
* * *

  Elbetde, Gadymy Hytaý, Gadymy Hindi, Messopatamiýa,, Gündogar Müsür siwilizasyýalary barada taryhy öwrenjililer belli derejede anyk netijä gelip, ol siwizasyýalary ilki-düwme aýan etdiler.
Emma Marguş siwilizasyýasy barada  heniz anyklamaly, gümürtik meseleleriň bardygyny hem bellemeli. Bu swilizasyýany açan Wiktor Iwanowiç Sarianidi  özüniň "Goňurdepe – Türkmenistan. Şalaryň we hudaýlaryň şäheri. Aşgabat, 2005 ý.” atly belli kitabynda  saglygynyň ýol bermäni üçinmi,  ýa bu beýik açyşa guwanjyndanmy, kem-käs bärden gaýtmalara ýol berendigi duýulýar.
Professoryň ilkinji anyklamadyk meselesi, ol  Goňurdepe siwilizasyýasyny  diňe Murgap derýasy bilen baglanyşdyrýandygydyr.
Elbetde, Murgap derýasynyň  täze açylan siwilizasyýanyň döwründe kuwwatly bir derýa bolmagy-da mümkin. Ýöne şeýle bolanda-da Murgap derýasy tutuş bir siwilizasyýny ekläp bilmezdi.Ol bolaýanam eken diýäýeniňde-de, Diňe bir Murgap derýasy hen Goňurdepe  siwilizasiýa merkezini, ondan başga-=da, tä Merwden başlap häzirki  Bamy- (Gyzylarbat_ )Serdar etrabynyň  töwereklerine çenli ýerleri bol suw bilen üpjün edip bilermidi?! Bilmezdi!
Onda, bu meselä nähili çemeleşip bolar!? Şu ýerde şol zamanlarda Türkmenistanyň çäklerinde gaty uly taryhy we medeni  merkez hökmünde açylan  Jeýtun medeniýetini göz öňüne getirip görüň. Jeýtun medeniýeti diýilýäniň  merkezi däl-de, juda kuwwatly derýanyň adydygyna arhiologlaryň hiç biri-de henize-bu güne çenli  üns bermändir. Je—derýa, Tün—  garaňky, bulanyk, ýa-da ýäbik derýa diýmegi aňladypdyr.Belli italýan arheologyBarabara Çezeretda  kosmosdan alnan suratlay derňemek bilen "Garagumyň 4 metr aşagyndan gaty uly derýa akyp geçipdir" diýip kesgitläpdir. Bu barada  Türkmenistanyň halk ýazyjysy Berdi Kerbabaýew hem özüniň  Garagum derýasynyň gurluşygy baradaky oçerkleriniň birinde „ Rus inženerleri  Garagum derýasynyň akabasyny  gadym wagtlarda  akyp geçen derýanyň köne hanasy boýunça alyp barýarlar”[11] diýip ýazypdyr.
 Aslynda-da türkmen halkynyň aňynda  gadym wagtlarda Garagum çölüniň içinden derýa akypdyr”diýen düşünje berk ornandyr.Şol derýa özüniň gözbaşyny Jeýhun derýasyndan alyp  soňky müňýyllykda ugruny Uzboýa- Uzaboýa tarap üýtgedipdir. Onuň ahyrky hanasy Tüniderýa ady bilen Uzboýdan Döwkeseniň günbatarlygyna Sarygamyş kölüne bakan ugur alyp gidip  otyr.
 Tüniderýanyň juda kuwwatly, bol suwly derýa bolandygy barada „Şasenem –Garyp” dessanynda şeýle gürrüň berilýär.
 Häzirki wagtda Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimihamedowyň aladasy bilen Türkmenistanyň Syýahatçylyk ministrligi döredildi.
Bu ministrligiň işgärleri Türkmenistanyň arheologik ýadygärlikleriniň kartasyny çekipdirler. Şol arheologik  karta görä Türkmenistanyň arheologik ýadygärlikleriniň  90 göterime golaýy Garagum çölüniň merkezinde hatarlanyşyp  otyr. Ine, şundan çen tutanyňda diňe bir Jeýtum  Merkezi däl,  tutuş siwilizasyýanyň  düzümine girýän onlarça merkez, şol sanda Guňurdepe merkezi hem Tüni derýanyň bol suwly akabasynyň  kenarlarynda mesgen tutup, olaryň galyndylary bolsa biziň günlerimize gelip ýetipdir diýip hasap etmek bolar.

* * *

 Adamzat pähim-parasady bilen  döredilen   bäşinji siwilizasyýany açan Sankt-Peterburgly  dünýä belli arheolog alym Wiktor Sarianidiniň „Dokuz müň ýyl mundan ozal, Ahalyň, Baharly bilen Mäne çäçäniň arasyndaky giňişliklerdedünýäde ilkinjileriň biri bolup bugdaý ekip başlan obalar peýda boldy. Olaryň gapylarynyň ýanynda tä gözýetimiň gutarýan ýerine çenli bugdaý we arpa ekilen meýdanlar ýap-ýaşyl öwüsýärdi. Olaryň öýüniň ýanynda daşy germelen agyllarda goýun-geçiler we iri şahly mallar eldekilenip başlanypdy. Şeýlelik bilen adamzat siwilizasyýasynyň belentliklerine tarap çylşyrymly, ýöne öňe, ösüşe alyp barýan ýol başlanypdy.” (5) diýip belleýşi ýaly, türkmen topragyndaky  beýik siwilizasyýanyň ýalkymly  başlangyjy öz-özünden, ýeke-täklikden başlanmandy.
"…Agyr gurakçylygy başdan geçiren taýpalar özlerine täze ýurt gözläp, şol wagtky ýaşaýyş siwilizasyýasynyň çetinde ýerleşen Erem bagyny ýatladýan  bolhasylly topraklara gelip ýetýänçäler uzak  ýyllaryň dowamynda Murgabyň şerbet suwy hiç kime peýda getirmän bihuda akýardy. Ýöne göksäüýrileriň” göksüýrileriň bu göçüşleri olara üstünlik getirmändi…
Diňe biziň eýýamymyzydan ozalky III müňýyllygyň soňky asyrlarynda Murgabyň bol suwly  gadymy hanasyn boýunda ekerançylar ekerançylar kowçum-kowçum bolup göçüpdiler. Bereketli topragyň gadyryny bilip başlan bu taýpalar özleriniň täze Watanynda posýoloklary, şäherleri gurup başlapdylar. Beýik  Murgap düzlüginde daşyň asla ýokdugy sebäpli täze göçüp gelen günorta türkmen taýpalary günüň aşagynda guradylan çig kerpiçden  gurluşuk etmegi özleşdirmäge mejbur bolupdylar…
Şeýlelik bilen  gelmişek taýpalar käbir zatlary özleri ornaşdyrypdyrlar, käbirlerini bolsa ýerli ýaşaýjylardan öwrenip, bu ýerlerde berk uzakwatlap ornaşypdyrllar” (5. 22-23).
Allatagala Nil we gadymy, häzir yzy ýitip giden Samki  derýasynyň boýlaryndaky, Gündogar Müsür, Tigr we Ýefrat  derýalarynyň aralygyndaky Messopatamiýa,  Gang we Hind derýasynyň uzaboýunda dörän Gadymy Hindistan, Ýanzy we Huanhi derýalarynyň  aralygndaky jülgelkerde dörän gadymy Hytaý siwilizasyýasynyň güýji bilen Balkan daglarynyň eteklerinde, Dam-dam  -1, II gowaklarynda, Köpetdagyň  eňňitlerindäki, eteklerindäki  gaty gadymy gowaklarda örňäp, süri-süri bolup ygypgezip,  daşdan emelsizje aw, durmuşda ulanyp boljak sadaja esbaplar ýasap,ilkinji her dürli kýkler, miweler bilen güzeran gören, soň-soň awçylyk tilsimatyny, malarry eldekileşdirmek endiklerini ele almakdan has soňlar gün –güzeranlary üçin çygly,yzgar  meýdanlara  galla ekmek  tejribesine eýe bolup, soň bu endigi  giden dessura öwren, soň bolsa Messopotanyýa , Müsür, Hindistan, Hytaý taraplaryndan kowçum-kowçum  ilatlar bilen garyşyp, gatyşyň, seçilip, saýlanyp, tutuş Murgap hem   Tüni derýalarynyň häzirki Garagum çölüniň ýzaboýuna akýan  ugurlarynda, esasan hem Gadymy Ürgenç, Merw,  Köne Nusaý, Abywerd tegeleginiň merkezi bolup duran Jeýtunyň ( bu adyň özem, Je-derýa, tün- gara,  läbik, gyrmançaly  hakykatda Tüniderýanyň boýy  diýilen sözden gelip çykan  bolsa gerek) tutuş töwereklerine  düşündirip bolmajak syrly gatnaşyklaryny açypdyr. 
Asyl  arheologlar gazuw-  agtaryşlaryň netijelerinde  bu ýerlerdäki   ekerançylyk, ýer sürmek, un üwemek,, çörek bişirmek ýaly dürli durmuş däp-dessurlarynyň  baryp Messopotamiýadaky, Müsürdäki, gadymy Hindi, Hytaý dessurlay bilen gaty meňzeşligine haýran  galypdyrlar.
Belli türkmen taryhçy alymy Ýazgylyç Orazgylyjow Türkmen halkynyň kemala gelmegi we onuň adamzat progresine goşandy” diýen kitabyny 42-nji sahypasynda: "Jeýtunlylar bugdaý, arpa ekipdirler. Ýabany üzümi, nary, injiri ilkinji medeniýetleşdiren hem şolardyr diýipip çaklanylýar. Bizde „Änew ak bugdaýyň  watanydyr” diýilýär. Emma üns berilse, ak bugdaýyň asly mekanynyň Jeýtundygy jedelsizdir” (6. 42. sah.) diýip belleýär.
Bu barada Wiktor Sarianidi bu ýagdaýy, Ýefrat we Tigr derýalarynyň arasyndaky gazaply gurakçylykdan gaçyp, tezip, göçüp-gonup gelen adamlaryň, Gadymy Hindistandan, Hitaýdan, Müsürden  söwda- satyk işleri bilen  gelip, gidip,  berk gatnaşylary açylmagy bilen hem baglaşdyrýar.
 Bu elbetde, şeýle bolmagy-da ahmaldyr. Ýöne, şu ýerde esasy zady bellemek gerek:
Gadymy Türkmenistanyň  beýik siwilizasyýasy, hiç haçan ýalňyz bolmandy. Ol Gündogar Müsür, Mesopotamiýa, Gadymy Hindistan, Gadymy Hytaý siwilizasiýasy bilen bir bir zynjyrda, bir ugurda, bir möçberde, bor möwritde, bolup, arkalaşykly ösen beýik merkez bolupdy.
Hut şonuň üçin-de, Günorta, Müsüriň, Messopotamiýanyň, Gadymy Hindistanyň, Gadymy Hytaýyň siwilizagyýa merkezleri  arheologllar tarapyndan açylanda, Türkmenistanyň zergärleriniň, küýzegärleriniň, haly, keşde nagyşlarynyň,  dini-ybadat dessurlaryna degişli özboluşlyklaryň ýüze çykyşy ýaly, Türkmen siwilizasyýasynyň merkezleri  arheologlar tarapyndan açylanda hem her näçe geň-taň görülse-de, her näçe düşündirmesi, gabat getirmesi kýn bolan bolsa-da Günorta Müsüriň, Messopotamiýanyň, Gadymy Hindistanyň, Gadymy Hytaýyň zergärçilik, senetçilik, däp-dessur, durmuşda ulanylýan enjamlary ýüze çykarylypdy.
Bu barada müsürli alym Bakri Abu al-Hasan Mahmudyň Müsür we Günorta Türkmenistan enolit eýýamynda diýen işinde "Enolit eýýamy gadymy Müsürde simwollar dünýäsiniň başlanýan we Nil derýasynyň jülgesinde ilkinji siwilizasyýalaryň ösüş ýolunyň birinji tapgyrynyň kemala  gelendigini aňladar.   Türkmenistanyň Günortasynda hem şol eýýam köpgyraňly ösen ekerançylyy bilen meşhurdyr. Çünki bu ekerançylyk medeniýetinde şol eýýama mahsus ösüşiň mümkin bolan ähli çykmalaryny görüp bolýar” (77. 7) diýip ýazýar.
Bu ýagdaý tutuş adamzada ýaşaýyşyň, diriligiň baş şerti bolan bugdaýy, çörek bişirmek bilen,  goýun ýüňünden haly, geçiniň çöpründen, düýe ýüňünden  ýüpleri, öý üçin zerur  keçe basmak, haly, palas ýaly harytlary dokamagyň, ýaşaýyş üçin zaerur bolup durýan beýleki  gurallary- arabany,  ekerançylyk gurallaryny, dürli bezeg şaýlaryny, küýzegärçiligi,  demiri  özleşdirmegiň tilsimlerini, suwdan ýerden otdan her dürli mallardan önüm almagyň surlaryny  beren  türkmen siwilizasyýasynyň dünýäniň beýleki siwilizasyýasy bilen berk gatnaşyklarynyň bolandygyna şaýatlyk edýär.
Türkmen siwilizasyýasynyň  bol suwuň- Garagum çöllüginiň iüi bilen akyp ýatan Jeýhun ( Je- derýa, Hun- hun derýasy, ýa-da Oguz derýasy)  boýunyň bolmagy onuň birinji  möhüm şerti bolupdyr. Sebäbi, suwuň bar ýerinde,  ekerançylyk, maldarçyly,  balykçylyk, guşçuly,  aragatnaşyk, gaýyk bilen suwuň içi bilen gatnaw guramak arkaly,   gatnawyň, söwdanyň ýola goiýulmagy guralypdyr.
Suwuň bar ýerinde, derýa boýunda bitýän bol  tal,  garagaç, derek, çynar, güjüm  ýaly  agaçlardan jaý gurmak üçin, jaýyň üstüni ýapmak, aýna, gapy enjamlaryny  ýasamak, tabak, çemçe ýaly durmuş üçin zerur enjamlaryny ýasamak, hyşşadan, ýekenden, gargy gamyşdan, beýleki ot-çöplerden her dürli düşekleri, söwda üçin, satymlyk  harytlary dokapdyrlar. Mundan başga-da, derýaboýda,  adamlar odun, ot, çöp aladasyny etmändirler. Iň esasy zatlaryň biri, derýa boýunda, dürli guşlaryň, towşanyň, tilki ýaly haýwanlaryň bol bolmagy bolupdyr. Adamlar, ok ýaý bilen, çirtmek, gapan bilen aw edipdirler. Mümkin boldugyça, mallary eldekleşdiripdirler.
Şol döwürlerden başlap, gözbaşyny Hytaý siwilizasiýasyndan alyp gaýdýan, uzynlygy 7 müň kilometre ýetýän Ýüpek ýoly (9.63) bu beýik siwilizasyýalaryň alyndan Hydyrata bolup diräpdir. Bu ýol arkaly gelip geçýän  ýaşaýyş üçin  iň zerur harytlar, ruhy we maddy medeniýet, dünýädäki ýagdaýlar barada ynamdar maglumatlar, öz döredn harytlaryň bilen zerur harytlaryň alyş-çalyşlygy, geljege bolan ynamy, ertire bolan höwesi, şeýle hem, halklaryň arasyndaky berk baglanyygy emele getiripdir.
 Şol Ýüpek ýöly Hytaýdan Merwe, ondan Kuşan imperiýasynyň içi bilen, Owganystandan Tibete çenli aýlanyp, dolanyp durupdyr. Bu ýola şol döwürlerde „Ömür ýoly” diýenler ýalňyşmandyrlar. 
Iň geň galmaly ýeri, siwilizasuýalaryň şeýle garma-gürmeligine, merkezçuiilik  gatnaşyklarynyň güýçli bolandygyna garamazdan professor Annageldi Gubaýewiň "Beýik özgerişler zamanynda gadymy mirasymyzyň öwrenilişi" atly işinde: ”Biziň eramyzdan öňki YI müňýyllyklarda Türkmenistanyň ýerinde şol önümleri kimler öndürdikä?Şol gadymy ýadygärliklerden öwrenilen arheologiki tapyndylar bilen birlikde, adam kelleçanaklary, antropolog  alymlar tarapyndan öwrenilip, şolaryň (kelleçanaklaryň) türkmeniň kelleçanagydygy dünýäniň belli alymlary doly kesgitleme berdiler” diýip belleýär. (7.24 sah.)
Siwilizasiýanyň beýleki bir şerti gün şöhlesiniň ýylyň dowamynda adamlara elýeterli bolmagydyr. Ýyly pasylarda adamlar azyklyk, satlyk önümleri öndüripdirler. Sowuk düşýänçä özlerine, her dürli ýaşaýyş ýerlerini gurupdyrlar.
Ine, bu ýagdaý dünýäniň siwilizasyýa merkezleriniň ählisi üçinem mahsus ýagdaý bolupdyr.
Düýä siwilizasyýalarynyň esasy duşmany uruşlar bolupdyr. Şol döwürlerde  Oguz hanyň, onuň ogullarynyň,  dürli hanlyklarynyň, Aleksandr Makedonskiniň, Jemşit  şanyň, olaryň göreldesini alan ençeme şalaryň, hanlaryň dünýä azy urmagy  dünýä siwilizasyýalarynyň köküne palta urupdyr. Olar dünýä siwilizasiýasynyň iň beýik gymmatlygy bolan merkezleşmek, Jebislik, agzybirlik erkinlik ýaly mukaddeslikleri olaryň elinden alyp, soň olara öz talaplarynyň derejesinde, käbir ownujak peşgeşleri gaýtaryp beripdirler. Bu barada türkmeniň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň:

Seýl edeliň bu jahana,
Jahanda näler görüner,
Isgender, Jemşit gurduran,
Beýik binalar görner

— diýip ýazypdyr.
Elbetde, Isgenderiň—Aleksandr Makedonskiniň, Eýran şalarynyň beýik şasy Jemşidiň, adamzat siwilizasiýalaryndan näeleri alyp, oňa nämejikleri gaýtaryp berendigine, adamzat taryhy şaýatdyr.
Ine, şeýdip  dünýä siwilizasyýasynyň beýik gazananlary weýran edilýär. Emma şol siwilizasyýalar ýeriň ýüzünden ýok edilse-de, olaryň beýik gazananlary adamzadyň esasy mirasy bolup galypdyr. Şeýle hem, ol siwilizasyýalardan iň beýik miras—dünýä siwilizasiýalarynyň çyrpynyp duran päkize ruhy galypdyr. Çünki, her zat ölüp, ýok bolsa-da, onuň ruhy ölmeýär. Bu gadymdan gelýän, inkär edip bolmajak hakykatdyr.

* * *

Dünýäniň bäşinji siwilizasiýasy- Häzirki Garagum çölüniň içinden akyp geçen Jeýhun derýasynyň boýlarynda dörän beýik siwilizasyýanyň beýik ruhunyň özüni ýüze çykarmak üçin gaty köp galkynyşlar edendigine taryh şaýatdyr.
Biziň eramyzyň başlarynda Türkmen topragynda beýik galkynyşlar hasaba alynypdy.
Türkmen diliniň döremegi, Ürgençde, Abywerdde, Hywada, Buharada Mäne-Çäçede, Merwde, Saragsda dörän beýik ylmym-bilim merkezlerinde ylym, bilim, hünärmentçilik, maldarçylyk, beýleki ugurlar boýunça uly ösüşleriň bolandygyny şol döwürlerde bu ülkelerde bolan syýahatçylar ýazyp gidipdirler. Bu ýerlerde iň esasy göze ilýän zat, tertip-düzgünlilikdi.
Emma Arap basybalyjylarynyň  agyr sülsadynyň ýer süýşen ýaly bolup dökülmegi,Türkmenistanda din-şerigat ugrundaky  agyr, duýdansyz ýaga basdyrylan uruşlarda adam gany derýa bolup akandygy barada arap taryhçysy Abu Japar Muhammet  ibn Jarir At Tabary özüniň  on jiltlik  "Şalaryň  taryhy we durmuşy. Pygamberleriň dogulmagy we olar baradaky habar we olaryň döwründe nämeler bolup geçipdir” (8.50-250 sah.) atly  kitabynda jkme-jik beýan edipdir. 
Araplaryň bu çozuşlary şol beýik siwilizasiýanyň ruhunyň näzik tilisgejiklerine çenli, baryny heniz iki gulak gämiklikden omur-jomur edip taşlap,  özüniň matlabyny zor bilen ornaşdyryp gidipdi. Elbetde,  bu siwilizasyýanyň ähli ugrynyň weýran edilişi barada  ýazmaga batyrlyk edenler bolmasa-da, türkmeniň beýik akyldar ogly Şahyr Şeýdaýy özüniň "Saýran tillerim” (3. 232 sah.) diýen gymmaty egsilmejek ajaýyp goşgusynda:

Arap, ajam, her bir işe goşuldy,
Sanly düzgün bilen saýran tillerim.
Kem-kem özün çekip, ýoga daşyldy,
Indi din öýünde haýran tillerim.

Biri bar diýr, nämedigin bilinmez,
Bagt uklap, köňül çagyn  bolanok,
Ýalbararys, bize bize görnüp gelenok,
Biri bar salgymna ýortan tillerim.

Hiç milletiň gulagyna  ýakank,
Dogry diýsem . zamanama ýokanok,
Kemin aýtsam, dolyy many çykanok,
Güň bolupdyr şirin saýran tillerim.

Çistan bilen bir dilegi içerde,
Goýup ýazsam aňa açylmaz perde,
Dilim ýarylypdyr, galmyşam derde,
Ýene-de gelermiň her ýan tillerim.

Näler sanyň aldym, çüzler dolduryp,
 Okuw açyp, her millete bildirip,
Bu gün indi pelek seni öldürip,
Kuranyň astynda çüýrän tillerim.

Şeýdaýy diýr, kelam, mantyk eýesi,
Indi any hiç kim gelmez diýesi,
Arap dili boldi diller güýesi,
Dartyşyp dört ýana sürän tillerim.-

diýip ýazyşy ýaly, türkmeniň ene dili weýran edilýär. Ylym, ylym, bilim merkezleri, alymlar,  şahyrlar, hünärmentler,  daýhanlar doly ýok edilýär. Şeýlelikde, bu mukaddes ruhuň ýaňy  göterilip başlan başynyň aşak egilmegine sebäp bolupdy.
"Adam başy daşdan gaty” diýişleri ýaly, yslam eýýamynyň zulmatly ýyllarynda  siwilizasyýanyň ruhy täze  ýalkym, täze güýç bilen parlap ugraýar. Türkmenistanda Köneürgençde ylym, medeniýet, oba hojalygy, hünärmentçilik ekerançylyk, ösüp başlaýar. Mamunyň akademiýasy, Horezmşalaryň köşk akademiýasy, özüniň ylym-bilim merkezleri, dünýäde  gaty uly kitaphanalary bilrn belli bolan Merwde, Sarahs şäherler toplumynda,, Mälikşanyň, Soltansanjaryň imperial köşk ahademiýalarynda ylym, şahyrlar, şygyr iň belent derejä çykarylyp başlapdy. Köşgüň, imperatorlaryň  hemaýatyny, goldawyny, belent bahasyna mynasyp bolup bilýän Alyşir Nowaýy, Omar Haýýam, Merweri, Hoja Ýusup Hemedany, Mäne baba ýaly alymlar, akyldarlar, şahyrlar görlüp-eşidilmedik derejede zehinlerini açyp,  dünýäde iň zehinli eserleri halka miras berýärdiler.
Türkmenistan  hemişe beýik alymlaryň, akyldarlaryň watany bolup gelipdi. Faraby, Ibn Sina, Abu Yragy, Nejmeddin Kubra, Mahmyt Zamahşary, Mäne baba, Alişir Nowaýy,  Omar Haýýam, Nurmuhammet Andalyp, Döwletmämmet Azady, Magtymguly-Pyragy… ýaly gündogaryň beýik akyldarlary türkmen topragynda döräp, önüp-ösüp, soň dünýä akyldarlygynyň  esasyny tutan danalar bolupdylar. 
Şu döwürlerde türkmen şahyra Alynyň "Ýusup-Zyleýha” poemasy, "Görogly”, ”Gorkut ata”, "Demir akan" ýaly dünýä belli  eposlar, "Hüýrlukga-Hemra” "Saýatly –Hemra”, ”Ýusup –Ahmet”, "Şasenem-Garyp”, "Nejep oglan" ýaly ajaýyp dessanlaryň ulgamlary döredilipdi.
Emma bu galkynyşlar  gaty bir uzaga-da çekmändi…
Türkmen ylmy, bilimi, medeniýeti,  ona hojalygy, senetçiligi, söwda,  senetçiligi, hünärmentçilik ýaly dürli ugurlar gadymlarda bari  çylşyrymly ýagdaýlary başdan geçirip geldi.. Gadymlardan gelýän beýik ylym mülküne arap basybalyjylaryy  uly zarba  urmasyndan soň, ýaňy özüne gelen çaglary Çingiz hanyň zulmatly ordasynyň aýak aşagyna düşdi.Şondan tä Türkmenistanyň Rusiýa  patyşalygyna zor bilen birikdirilmegi,  uzaga çeken baknalyk döwri, rewolýusiýalar,  geçen asyryň otuz ýedinji ýyllary, Ikinji jahan urşy, uruşdan soňky "dikeldiş” ýyllarynyň awusy, Aşgabat ýer yranmasy, soňky, ellinji, altmyşynjy  ýyllaryň  kynçylykly döwürleri türkmen  siwilizasyýasynyň parlak ruhunyň oýanmagyna mümkinçilik bermek-hä däl, türkmeniň öz-özüne eli degmän geçipdi. 
SSSR-ň düzüminde bolunýan mahaly, sowet  ideologiýasy  "täze, kommunizm gurujy täçze adamy kemala getirmek,  milli ruhly, sosialistik mazmun medeniýeti kemala getirmek barada ot –elek bolup jöwlan urýardy.
Sada,  diňe ynsabyny Allasyna öwrüp ýaşaýan türkmen halky bu  komunistik salgyma  jany bilen ynanýardy. Indi, SSSR iň düzüminde ýaşajak bolunsa, onuň ideýalaryna ynanman ýaşap bolmaz” diýlip  pikir edilýärdi. Şonuň üçin ol ynanjyny ygtybaryny gazanjyny, din-imanyny bu ugra bagş etdi. Emma günleriň birinde, 1990-njy ýyllaryň aýagyna şol dünýäni agzyna bakdyran  SSSR atly beýik imperiýa özüniň ýetmişe golaýlap ýalum-ýulum edip aldan raýatlaryny dört ýan töweegi salgym, çöl bolup ýatan ýalazy meýdana getirip döküp goýberdi.
Şol, Beýik Watanym, SSSR-m diýip bagryny paralap ýören garabagt halk indi, ynanjyny, ygtybaryny, baýlygyny maksat-myradyny, ömrüniň iň gözel günlerini ýele sowurdy.
Öňki kuwwatly imperiýa ýykylyp, ýok bolandan soň,  ykdysadyýeti düýbünden çöken, ynamsyz haslkly bozulan düzgünli ülkesi bilen ýekme-ýek galypdy.
Şeýle ülkeleriň arasynda  „ýalýagysy”, elini serip ýören, gedaý” öňki SSSR-ň sanawynda   garyplygy, özüni ekl;emäge güýji, gujury ýetmeýän,  agyzdan galan-gaçan bilen zordan mydar edip, dowzah diýilýän ýurdy özüne mesgen edinnip ýaşaýar” diýilýän Türkmenistan diýilýän gözgyny, nebsagyryjy, garyp, ülhit gedaý hem bardy.
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň ilkinji on bäş ýyly taýýarlyk eýýamy bolup geçdi. Bu döwürde, BMG-da san bolundy, soň gerek bolaýmagy mümkin diýen ätiýajy bilen Hemişelik Bitarap bolundy.

■ Edebiýat:

1. Gurbanguly Berdimuhamedow "Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň döwlet kadalaşdyrylyşy” Ýokary okuw mekdepleriniň talyplary üçin okuw gollanmasy. I tom.- A.; Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2010 ý.
 2. Ö.A.Günogdyýew. Sultany welikoý Turkmeno-Seljukskoý mperii, Aşhabad, 2001.
3. Türkmen şiiri anatolojisi. Ankara, 1995 ý. 48-53.
4. Словарь  Иностранных слов . М. 1989.
5. Sarianidi W.I. „Goňurdepe – Türkmenistan. Şalaryň we hudaýlaryň şäheri. Aşgabat, 2005 ý.
6. Ýazgylyç Orazgylyjow Türkmen halkynyň kemala gelmegi we onuň adamzat progresine goşandy. Aşgabat, „Ylym” neşirýaty, 2011 ý.
7. ”Täze  Galkynyşlar we beýik özgertmeler eýýamynda Türkmenistanyň arheologiýa etnografiýa ylmy: ýetilen sepgitler we öňde durýan wezipeler” atly halkara ylmy maslahatyň nutuklarynyň gysgaça beýany. (2010-njy ýylyň 10-11-nji noýabry). A., 2010 ý.
8. Абу Жапар Мухамед ибн Жарир ибн Язид ибн Катир Ат Табари.
История царей и жизнь, рождение пророков и известие об них и того что случилос во времия из них. Москва, 1960 г.
9. ”Türkmen halkynyň kemala gelmegi we dünýä medeniýetiniň ösüş taryhy. Halkara maslahat. 23-24 fewral, 2011 ý.”Tezisler ýygyndysy.”
10. Barbara Çezeretda.
 11. B.Kerbabaýew. Saýlanan eserler.

Aşgabat, 2011 ý.

Öwezdurdy NEPESOW.

Publisistika

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle