Garajaoglan ikimiz hem ajal
Garajaoglan ikimiz hem ajal

«Bar, git, Ajal, birzamanlar gelersiñ»
Garaja OGLAN
Gelmänler geçäýseñ nädersiñ, Ajal,
Şahyr kowansoñam gelip bilermiñ?!
Sen islän ömrüñi gädersiñ, Ajal,
Heý, şahyr ömrüni çilip bilermiñ?!
Garry-ýaşy añtan, Ajal,
Doýman-dolman kañkap, Ajal,
Garaja Oglana dalaş ederçe,
Aşypmydy añkañ, Ajal?!
Garaja Oglanyñ halalja sözi,
Şol melul edip dur asyr aşyryp,
Gözellerden doýmaz garaja sözi,
Indi mende, gyzlañ aklyn çaşyryp.
Bir töwra şahyram, senden ürkmenem,
Biraz añyrrakda segre, gez, Ajal.
Menem bir garaja ogly Türkmeniñ,
Gowsy ikimize degme sen, Ajal.
Bäşim ÖDEK. Goşgular