Garagüne (hekaýa)

Garagüne (hekaýa)

Obamyzda Garagünäniň maňlaýyny sypamadyk ýekeje adamam tapmarsyň. Asla oňa dahylsyz hojalygam ýokdur. Toý-tomgy bolsa-ha «Gelniň aýagy düşsün» diýip, Garagünä mündürip getirýärler. Çagalaryň dişleri gaçsa-da, owlak-guzynyň däl-de, Garagünäniň yzyna gömýärler. Gülsün eje-de tamdyryň agzyny Garagünäniň guýrugynyň gyllary bilen suwaýar. Şeýle etseň, tamdyryň agzy berk, opurylmazak bolýar. Garaz, obamyz hemme edim-gylymlaryny Garagünä ýanaýar.

Ýelli ýetişikliniň gullukdan gelen ikinji ogly ilki öýlenmän kän gezdi. Ahyry Garagüne düýşüne girenden soň öýlendi. Şonda obamyzyň adamlary: «Janawar düýşüňe girse-de boş geçenok, myradyňa ýetirýär» diýişdiler. Gaýraky obanyň öýlenip bilmän ýören oglanlaram Garagünäni düýşünde görjek bolup, oň daşynda kän aýlandylar. Esasy aýtmaly zadam, Garagünäniň deminiň düşýän ýerinde ýekeje at hem öňbaýragy arzuw edip bilmeýär. Onsoň özüň biliber onuň neneňsi atdygyny. Men muňa diýseň begenýärin hemem ony gören wagtym agzyny süýjütmek üçin, süýji zady agzyna tutdurýan. Garagüne muňa hoşal bolup çalaja kişňeýär. Onuň kişňemesem meni özüne çekýär. Ol ýeke ýyndamlykda däl, owadanlykda-da öňüne at geçirmeýär. Araky wakadan soň-a ol hemmelere-de aýan boldy.

Gyş ýakylan odunlaryň külüni alyslarda galdyryp, obamyz ýazlaga çykypdy. Ýazlag diýseň hezil. Sebäp hemmeler özüni erkin duýýar. Ogulla ýaly ulugyzlara-da: «A gyz, ýüzüňi aşak salyp ýöre» diýlenok. Hatda Baltaga çenli tarhan. Ol kimdir birine bilmezlikden üýräýse-de, «Ýit-äýt!» diýilmez. Sähra-da göwnüňi göterjek bolup, otlaryň ýüzi saralandan soňam, arzuw-hyýalyndan doly saplanmadyk ýetişen gyz ýaly, uýaljaň seredýär.

Şeýle owadan günleriň birinde Ogulla guýuda Garagünäni suwa ýakýardy. Bu şeýle bir gözellikdi weli, aýdyp diýer ýaly däldi. Gyz-a pagşyldadyp nowa suw guýýardy, atam suwa eňegini basyp, başyny göterýärdi. Şonda atyň agzyndaky damjalar Günüň şuglasyna uzakdanam ýyldyraşyp, merjen däneleri ýaly bolup görnerdi. Gyz eda bilen ýeňini dişläp, ýene suw çekerdi. Ýene at başyny götererdi. Gyzyňam, atyňam hereketleri şeýle bir nepisdi weli, seredip doýar ýaly däldi. Sähralaram öz döreden gözelligine doýup bilmän seredýärdi. Bu edil jenneti durmuşyň hut özüdi. Hemmeler lal açan dünýe bilen ylalaşyp, seslerini çykarman, onuň uzak dowam etmegini dileýärdi. Men şonda bu gözelligi synlap, suratkeş bolup dogulmadygyma gaty ökünerdim. Suratkeş bolan bolsam, şo gözelligiň suratyny çekip, başga hiç zat çekmän ömürboýy şoňa seredip geçirerdim. Biz şeýle günleriň şaýady bolup ýaşap ýördük. Obaňda seretmäge nämedir bir zat bolsa, dünýe hezil bolýan eken. Oglan gözleriň bilen seretseň-ä ol hasam hezil. Uly dünýäniň içinde kiçijik obamyzyň, Ogullanyň, Garagünäniň barlygy ony hasam hezilleşdirýärdi.

Şol ýylyň baharam ýaňy saçy örüme gelen gyzy ýatladyp ir geldi. Ýedi arkasy ýere degmedik pälwan ýaly, Garagüne-de öňüne at geçirmän garrady. Indi ol höwre goýulmalydy. Bu seýisçiligiň köneden gelýän ýörelgesidi. Ýöne herki zadyň öz wagty bolýan eken. Garagüne çapuwdan galansoň, öňbaýragy töwerekden gelýän atlar eýeleýärdi. Öz obaň toýunda öz atyň galsa, iň erbedi. Bu ýagdaý ýeke biziň däl, Baltak janawaryňam tenine batýan borly. Ol düýnki gezegem toýda, hiç zat bolmasa-da, iki ýola gaharly üýrdi. Nähilem bolsa, janawar adamlaryň ýüzünden ýagdaýy aňýan borly.

Ynha, bu gün ýene obamyzda toý bar. Anna ýöwsel ogluny öýerýär. Bahym göreşem başlar, soňam at çapylar. Onsoň ýene göresiň gelmese-de, obamyzyň atynyň galanyny görmeli bolar. Göreşde welin hakymyzy gidiremzok. Honha eýýäm Üpük mergen orta çykypdyr.

— Eňegine päki degmedikler ho oglan bilen — ol meni görkezdi — degrenlerem meniň bilen bil tutsun.

Men erbet göreşemokdym. Emma şo gezek şowlamady. Ilerki obadan gelen bykyny kelte, togalak oglan güpür-tapyr ýykdy. Ýöne Üpük mergeni ýykjak bolsaň, birneme hupbat ýuwudaýsaň gerek. Aýdyşym ýaly boldy. Göreşde ýene biz üstün çykdyk. Ýöne jarçy gözüne urulýan ýaly, sesi bilen barymyzyň süňňümizi gowşatdy.

— Kimiň atynyň satany uzyn bolsa, Sarmyradyň takyryna barybermelidir-how!

Jarçy şeýdip üç ýola gygyrdy. Hanha töwerekden gelen atlar agyzdyryklaryny çeýnäp, çapyljak ýere tarap barýar. Edil şo wagtam garaşylmadyk ýagdaý ýüze çykdy. Görsek Garagüne çapyp barýan atlaryň yzyndan kowup barýar. Üstünde-de ne atoglan bar, ne-de eýer. Jylawsyz-zatsyz, sopbaş özi. Ol hemişeki edişi ýaly, hatap ýaly agzyny giňden açyp, äňini ýere degräýjek-degräýjek bolýar. Görseň endamyna-da eýýäm ak der gelipdir. Ol Güne ýalpyldan bedenini has owadan edip görkezýär. Öňem onuň çyp-ýalaňaç bolup çapyp barşyna haýran galan mähelle, soňky bolup geçen ahwalata hasam haýran galdy. Ol pellä ilkinji bolup gelip, ýüzüni asmana tutdy-da, haýkyrdy. Men şonda ol asmanda özüni tanaýan biri bilen gepleşýändir öýtdüm. Soňam duýdansyz gelşi ýaly, duýdansyz sähralara siňip gitdi.

Şol gün agyr bergiden çykan ýaly, hemmeleriň ýüzi ýagtyldy. Kiçijegem bolsa, ýeňiş ýeňiş bolýa. Obamyz Garagünäniň namys edip gelşi hakda uzakly gün gürrüň etdi. Ertesem şol gürrüň ýatmady, birigünem. Soňkusy gün garry seýsiň getiren habary bizi hasam begendirdi. Ol gylýal sürüsiniň içinde bir taýçanagy görüpdir. Ol beýleki taýçanaklardan üýtgeşik diýýä. Taýyň seçelenip duran kümüşsöw guýrugy bolansoň, garry seýis oňa Kümüşguýruk diýip at dakdy. Özem ony gaty gadymdan gelýän seýisçilik ýoly bilen — ýyldyzlar arkaly seýislemäge başlady.

Men ýyldyzlar arkaly seýislenişi barada eşitsemem, henize çenli görmändim. Şonuň üçin garry seýsiň her bir hereketini sypdyrman synlaýardym. Henize çenli görmedik seýisçiligim täsindi, gyzyklydy, şonuň ýalam inçedi. Garry seýis Kümüşguýrugyň boýnunyň uzyn bolary ýaly, ahyryny uzyn-uzyn sözenlerden dikdi. Onuň bilenem oňman, iým berende-de, torbany kellesinden asman, ýörite çukur gazyp, şoň içinde berdi. Soňam Ogulla ululy-kiçili birnäçe haltajyk tikdirdi. Olaryň içini ürgün çägeden dolduryp, Kümüşguýrugyň aýagyna daňdy.

Ol her gezek gezim edip gelensoň, seýsiniň ýetendigini ýa ýetmändigini bilmek üçin, atyň sagrysyndaky deri barlardy. Eger der ajy bolsa, onda atyň entek doly seýsiniň ýetmänligi, deri süýjän bolsa, onda atyň seýislenenligi. Atyň höregi üçin günde düýe süýdüni bererdi. Ogulla-da düýe sagardy. Men şonda könege düşýän süýdüň sähralarda owazlanyşyna diň salyp, gadymdan gelýän aýdymy ýadyma salardym:

Gaýramyz çogan-çogan,
Çogana başyn ýuwan,
Gözüňe söweýin gözel,
Gaýşaryp maýa sagan.

Garry seýsiň aýtmagyna görä, düýe süýdi atyň süňňüni ýeňil edýär. Ol atyň gazygynam obadan uzakda dikdirdi. Onuň beýtmesiniň sebäbi, at adam bilen aşa ysnyşsa, aňlaklygy — duýgurlygy kütelýärmişin. Soňky gören zatlarym meni hasam haýrana goýdy. Indi garry seýis Kümüşguýrugy asmana — ýyldyzlara seredip seýislemäge başlapdy. Ol her gezek belli ýyldyzlar dogjak bolanda, bar ünsi bilen atyň ýüzüne seredýärdi. Sebäp ýyldyzlar dogjak-dogjak bolanda, ata bir galagoplyk aralaşýarmyşyn. Şonda seýis atyň ýagdaýyny bilip, oňa näme gerekdigini duýup berjaý etmeli. Ýyldyzlar öz gezeginde dogup durdy. Ilki Daň ýyldyzy göründi, soň Kerwengyran, soňam tirkeşýän ýyldyzlar — Ülker, Aralyk, Üçýyldyz, Ýaldyrak. Kümüşguýrugam her ýyldyz görnende, bir zat isleýärdi. Birinde ýallaryny ykjatmak üçin çapuw küýsese, birinde agynasy gelýärdi. Garry seýsem şony berjaý edýärdi. Ýene bir gezegem ol suw isledi. Soň ota ýapyşdy. Şonda men onuň dişleriniň gütürdisine diň salyp ýatmany gowy görerdim.

Soň Garry seýis başga bir zat tapdy. Indi men heniz säher gijäniň elinden sypmanka, Kümüşguýrugy münüp, Enebeýigiň üstüne alyp barmalydym. Soňam ol şol ýerdäki düýe agynaýan agynakda agynamalydy. Bir gezek men oglan gudumanlygyny edip: «Hökman Enebeýigiň üstüne çykmalymy, ol nirelerde galdy, biljek gümany bamy» diýen pikir bilen bärden dolandym. Seýis şol gün sesini çykarmady. Men ertesem şeýtdim. Bu gezek welin Garry seýis geçirimlilik etmän şeýle diýdi:

— Näme, Öwekge, iküç gün bäri barmaly ýeriňe barman gaýdýaň, ýa o ýerde gorkan-ürken zadyň bamy?

Men erbet utananam bolsam, Garry seýsiň aňlaklygyna haýranlar galypdym. Aty suwa ýakmaly bolanda-da, seýis guýynyň gyrgynyna ýakmagy tabşyrýardy. Suwa ýakyp gelenimden soňam atyň sagrysyny barmaklary bilen barlap, dury suw içenini-içmänini bilerdi. Suwa ýakmaga gidenimde aty münmän, idip gitmegi tabşyrýardy.

Kümüşguýruk Garry seýsi dilgir etmän, bolmalysy ýaly at bolup ýetişdi. Atyň ýagdaýyny ýeke ynsan däl, atlaram aňýan eken. Garagüne bilen Kümüşguýruk ilkinji gezek sataşanda, biri-birine hormat bilen, uzak wagtlap seredişip durdular. Ahyrsoňy, Garagüne at çapylýan ala meýdanyň — bütin ömrüne gorap gelen meýdanynyň ygtybarly gola düşenine begenýän ýaly, ýüzüni asmana tutup kişňedi. Bu onuň ýüreginiň razylygydy. Kümüşguýrugam gaty agyr ýüküň öz gerdenine ýüklenenini bilýän ýaly, oňa jogap edip kişňedi.

Adam ýalňyzka kän zatlary serinden geçirýän eken. Ýyllaryň beýnime guýýan zatlary, oglan aýagyzlarym, gaty kän wagtdan bäri Günüň dogşuny görmeýşim meni ýene obama alyp barýar. Ýol uzak hem bolsa, ol meni obama alyp barýar. Daraýy depeler. Enebeýik. Ajy ýowşanyň sähralardan gelýän ysy. Ol ýerde meniň indi hiç haçan dolanyp gelmejek ýaşlygym ýatyr. Olar meniň düýnüm. Şu günüm. Ertäm…

Honha, sakgalyna mazaly ak sepen ýaşuly howutly erkegi idip geçip barýar. Men howut-halygyň entek ýitip gitmänligine begendim. Ýene bir begendiren zat, guýynyň somalyp duran utuny. Aklygyndan ýaňa süňke dönen köne çarham teşneligiňi gandyrmak üçin entegem öz “mähriban dilinde” gepleýär.

Şol guýynyň suwuna men kän gezekler ýüzümi ýuwupdym.

Şol guýynyň başynda ilkinji ýola söýgi pyşyrdysyny eşidipdim.

Şol guýynyň suwuny içip beýnimi bekedipdim.

Men özümden biygtyýar guýa tarap ýönelenimde, ýerden çykan ýaly çaga sesi butnamazlyga mejbur etdi:

— Daýy, jigimiň dişi gaçdy weli, ejem: «Garagünäniň yzyna gömgün» diýdi. Oň yzy şu ýerlerdemikä?

Meniň gözüm dört-bäş ýaşly oglanjygyň elinden tutup, guýa ýetip gelýän gyzjagaza düşdi.

Öwezmyrat ÝERBENDI.
image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle