Garagumum
Garagumum
Garagumum – gara günüm.
Göreji sen garagymyň,
Ereýip akan bolma sen?!
Ýeriň ýüzi ýa didesi,
Halkyň galkan hakydasy.
Dünýäň altyn hakykatyn
Ýygnaýyp ýatan bolma sen?!
Emgegme eprik-em bolup,
Deýede dözüp, bigam bolup,
Atam, enem, babam bolup
Ýyglaýyp öten bolma sen?!
Al güne jyzyrap, tenip,
Takyryň – tebsirän lebiň.
Her arzuwym – guzy deýin
Ýolunda köken bolma sen?!
Gasyn-gasyn, oýuk-oýuk,
Geýregiň güneşe çoýup,
Waspyňa söz barmy laýyk,
Çözgütsiz matal bolma sen?!
Ýodalar – sapak saralan,
Howlukmaç ýeri bar olaň.
Alnymda azaply alaň.
Kösençli kötel bolma sen?!
Ili aman, töresi düz,
Tomsy uzyn, bahary tiz.
Tetärigi tükeniksiz,
Yrsgalym – sakam bolma sen?!
Köňli dertden awy-zerzaw,
Türkmen ata atly mert är.
…Bagt meň nämeme derkar,
Sen maňa Watan bolmasaň?! Goşgular