Garadrin / satiriki hekaýa
Garadrin / satiriki hekaýa
Biz etrabymyzyñ «Täze ýol» daýhan birleşiginiñ hasapçysy Berdi Garaýew bilen gysgaça, emma döwletli gürrüñ etdik. Aşakda şol gürrüñiñ stenografik ýazgysyny okap görüñ:
— Berdi, sen ýaş başyñdan daýhanlaryñ daban azabyna degişli pullary öz kisäñe urmagy, umuman, mugt iýmegi kimden öwrendiñ?
— Gowaca düşýän garadrin diýen gurçukdan öwrendim. Şol meniñ halypam hem mugallymym.
— Düşnükli.
— Düşnükli bolman bökerem.
— Berdi, seniñ ýazan galp tabeliñe 5-nji daýhan hojalygyñ brigadiri Kuly Myradow, daýhan birleşigiñ baş buhgalteri Keýik Begliýewa, baş ykdysatçy Ýazym Italmazow dagy nädip gol çekýärler?
— Gözlerini pugta ýumup.
— Gaty düşnükli.
— Düşnükli bolman oýnaram.
— Ýumrugy ýekedaban ýaly daýhanlara aýda 25 manat, a işlemän ýatan näzik, çepiksijelerem 180 manat gazanýarlar. Sebäbi näme?
— Dogan-garyndaşa, tanşa, dost-ýara sarpa goýýas.
— Jogaby nagt etdiñ.
— Bizde gümmi-sümmi bolmaz.
— Oguljahan diýen birine aýda 190 manat ýazypsyñ. Bu kim?
— Brigadiriñ aýaly. Munuñ özi işe çykanok. 5-nji klasda okaýam gyzy Näzik oña derek işleýär. Näzige-de hak ýazýan. Ony siz görmediñiz.
— Aýjahan diýlen birine 180 manat ýazypsyñ. Bu kim?
— Ol meniñ öz enem haw. Onuñ ýerine Ejegûl diýen gyz jigim işleýär. 7-nji klasda okaýar. Ejegüle-de hak ýazýan. Ony siz añmadyñyz.
— Ogulsenem diýen birine 240 manat ýazypsyñ. Bu kim?
— Ol meniñ hut öz aýalym ahyry. Ýazman bökersiñem.
— Işe çykýamy?
— Oña derek özüm çykýan. Ýazyna ýorunja suw tutýar, gyşyna ders çekýär diýip ýazýan.
— 190 manat ýazylan Bike Nazarowa seniñ nämäñ?
— Aýal doganym. Durmuşa çykan.
— Çaga dogrulýan öýde ýatyrka-da işledi diýip hak ýazypsyñ-la oña?!
— Jan ýaly, süýtdeş doganyñ bolsa senem ýazarsyñ.
— 140-luk Bibi Haýdarowa kim?
— «Gadyr gaýyn bilen giýewde» diýlen sözi eşitmänmidiñiz?!
— Gudañmy?!
— Bardyñ üstünden.
— Geldi Garaýew diýilýän oglanyñ obadan 160 kilometr uzaklykda işleýän kakañ ýanynda bolýandygyny eşitdik. Oña aýda 180 manat bikanun hak ýazypsyñ-la!
— Elimden gelýä.
— Kakañ Gara Ahmedow hem öz ogly Geldä balçy diýip, aýda 190 manat hak ýazypdyr ahyry.
— «Bal tutan barmagyny ýalar» diýlen söz bar-a.
— Söz başga, kanun aýry.
— Biziñ-ä kanunymyz şeýle. Ony az görseñiz 4-nji klasda okaýan inim Jepbar Garaýewe 180 manat ýazyp ýörün. Görübilmedigiñ gözi çyksyn, ýamanlar ýarylyp ölsün.
— Bu ýerde birküç sany işgäre, Oguldöndä, Bahara, Agamämmede aýda 140-160 manatdan basypsyñ-la?!
— Olar menden ýalbaryp almaýarlar. Gözüñe basyp alýarlar. Olar brigadirimiziñ çagalary ahyry. Ýogsam olary külembikesinde pyrlap biljek daýaw daýhanlara aýda 30-40 manady zordan nalaç ýazýas.
— Diýmek, siziñ daýhan birleşigiñizde galplyk, garyndaşlyk ýetjek derejesine ýetipdir-dä?!
— Ýokardan tanapymyzy dartýançalar entegem gideris.
Gurbangylyç HYDYROW. Satiriki hekaýalar