|

Garadäli Gökleň

Garadäli Gökleň TÜRKMEN HALK AÝDYM-SAZ SUNGATYNYŇ ROWAÝATLARYNDAN

■GARADÄLI GÖKLEŇ

20‐nji asryň başynda Hywa hany  Amyderýadan ägirt köp meýdany
suwlandyrmaga ýeter ýaly suw  almagy başarýar. Hywanyň  töwereginde bolsa suw berseň gyzyl öndürjek mes toprakly ýerler näçe diýseň bardy. Hywanyň mes
topragynyň tarypyny ýetirýän bir gepem bar:»Mazarystanlygy suwarsaň,hakyt adam gögerýärmiş» Ynha, şol  gonamçylyga suw berseň adam  gögerýän mes toprak, bol suw,  ýöne daýhan bolmasa, diňe ýer bilen suw hasyl öndürenok. Hywa hany  Amyderýadan ägirt suw alansoň, ummasyz adam güýjüni toplamagyň
ugruna çykýar, çünki bol  suwy ýerlikli peýdalanmak üçin uly‐uly ýaplar gazmaly,ekin eker ýaly ýerler açmaly. Garaz, adam güýji näçe diýseň gerek. Işçi güýjüni toplamak üçin MUHAMMET RAHYM han çar  tarapa çapawullap başlady. Ol töwerekdäki merkezleşen  döwleti bolmadyk ownuk halklary  talaýardy, daýhanlyga ýarajak adamlary Hywa sürgün edýärdi, ýesir alýardy.
Şeýle basybalyjylykly  çozuşlaryň iň ulusam 1820-nji  ýyllarda boldy. Muhammet Rahym han GARRYGALA hem ARKAÇ Türkmenlerini ýesir alyp Hywa sürgün edip
äkidýär. Som‐saýak bolup Hywa  ugran halk gyzylbaş nowruzy  günlerinde yzyny üzmän ýagýan gar gatyşykly ýagyşyň içinden barýardy.
Bosgunlaryň köp sanysy açlykdan,  batyp‐çummekden, sowukdan ýaňa  heläk bolýardy. Şol ýesirleriň  arasynda beýik sazanda GARADÄLI  GÖKLEŇ hem bar eken.
Biziň şu günlerki «Ýandym» ady  bilen diňleýän sazymyz Garadäliniň  ömür mukamydyr, çünki ýandym sazynyň 1-nji bölümi şol Hywa  sürüşligiň, bosgynlygyň ahy‐nalasyny suratlandyrýar.
Şonuň üçinem «Ỳandym» diňläniňde,  han atlylarynyň halys tapdan  düşen ýesirleri Gamçylap çalt ýöretjek bolşy, batyp‐çümüp, ýykylyp‐sürşüp barýan garrylaryň, gelin‐gyzlaryň ahy-nalasy göz öňüne gelip, diňleýjiniň ýüregini gyýym‐gyýym edýär.
Bu pajygaly ýagdaýy Garadäli öz  sazy bilen beýan eden bolsa, Zelili şahyr ol uçursyz agyr ýagdaýy:

Sürüldiler il barysy eňşeşip,
Pyganyna daglar‐daşlar gymşaşyp,
Asman joşa geldi, Zemin gowşaşyp,
Bulutlar durdular nala, Seýidi.

Ýa-da

Ýesiriň ilersi barypdyr Tähran
Gaýrasy dolupdyr Hywa Seýidi.

Diýip suratlandyrylýar.

Sazyň ikinji bölümi Garadäli  Gökleň Hywada ýesirlikde çeken  agyr günleri hakynda, sazyň üçünji bölümi bolsa sazandanyň hor  düşüp, gapy gezişi
hakynda
Ynha,  şu ýagdaýlara salgylansaň «Ýandym» sazynyň birden döremän, köp
ýyllaryň dowamynda kämilleşendiginigöz ýetirmek kyn däl.
Döreýiş möwritini köp ýyllarda,  köp wakalara bagly bolşy ýaly,  sazyň ady hem dürli‐dürlidir. Ilki  başda sazyň ady «Garadäli  Gökleňiň ýas mukamy»
bolupdyr.
Garadäli gökleň ölenden soň bolsa,ol saz özüni döredeniň adyny göteripdir «Garadäli Gökleň» bolupdyr. Iň soňunda bolsa bu iňňän kämil  elegiýanyň taryhyndan bihabar kimdir biri, onuň plastinkada  «Garadäli Gökleň» adyna garaman «ýandym» diýip goýberipdir.
Bu elegiýa häsiýetli, Iňňän kämil  aslyýetinde, uly göwrümli eser Garadäli gökleňiň ömür mukamydyr.

Gaýtadan düzen: Arne GOLI.
Taryh ylymlarynyň kandidaty.
Aýdym-saz sungaty

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle