Garabagyr
Garabagyr
Ogullar uzakda kösenýär käte
Büdreýär. Dikelýär. Ýanýan ýene sen.
Zürýadyň deregne düşersiň oda,
Sebäp sen Enesiň,
sebäp Ene sen.
Ogullar gidip dur, ýetişip kileň,
Ine, ýene biri düşmekçi ýola.
Ugradýarsyň ony ýagşy net bilen,
“Sag gidip, aman gel, bikarar bala!”
Ugradaňok ony gitsegelmeze,
Ugradaňok ony jellat jeňe sen.
Ýöne bir gorky bar:
Gitse…
Gelmese…
Ýanjak ýene sensiň, ýanjak “Ene” sen.
■ BOLMAZ
Döwletdir der döküp gazanan malyň,
Haram hazynanyň azaby bolmaz.
Gara daşlar ýaly sowuk jemalyň, –
Mähirsiz melegiň mazasy bolmaz.
Danasyz döwürleň ahwaly teňdir,
Danalar – diregsiz daglara deňdir.
Şahyrsyz şäherleň şöhraty kemdir,
Metjitsiz mekanlaň azany bolmaz.
Öz agsagy, dälisi bar her kendiň,
Peýkeri bar,
söýüp, janyň berseňdiň.
Erkli öýde edep gören perzendiň,
Nepi bor,
il-güne azary bolmaz.
Başa düşse, gylyç syrgyn dönüpler,
Tüýkürmesin nesliň namart sanyplar.
Gölegçisiz gider ötse dönükler,
Diri gaýyplaryň mazary bolmaz.
Gylyçmyrat KAKABAÝEW. Goşgular