| |

Gara ruh

Gara ruh

GARA RUH

Sen meni näm üçin ýörsüň yzarlap,
Gara ruh.
Kimden galan ysnat sen,
Seň demiňi duýdum, ebgara döndüm,
Meger, döwüň meň döwümden rüstem.

Gelip ýazan setirlerim okaýaň,
Özgäniň pikirin sanaýaňmy, ýa.
Soň otagda hallan atýaň ikiýan,
Ýa-da gelip şerem araýarmyň ýa.

Bilýän dogalarmy okaýan sesli,
Sen gideňok, gezip ýörsüň ýa-da sen.
Diwara çüýlenen portret, misli,
Tegmil bolup asylýarsyň ýadasaň.

Irkildigim, dönüp gara aýala,
Kirli penjäň bilen demlihim gysýaň.
Men biçäre şahyr, köňlüm- awara,
Öňem ýeňil däl-ä  hesretim-gussam.

Goýber meni, goýber meniň demligim,
Bar baýlygym şirin uky ahyry.
Ýatyp bilmän,  bütin gije,delminip,
Çeke- çeke dünýäň derdi-ahyny.

Günäm näme, näme meniň etmişim,
Ýeňleslenip bozdummy ýa höwürtgäň.
Soň aňladym,şerap bilen  jetmişiň.
Olar menden geçip gitdi höwrükmän.

Indi meniň ýalňyz özüm birine,
Ne günäm bar, ne etmişim-neresse.
Sähel günden gaýdarman men ilime,
Maňa beýle gazap eýläp seretme.

Ýok, ol sözlerime etmän pitiwa,
Ajal jansyzy deý asylýar sessiz.
Ak diwardan düş-düş gyrmyldap gidýär,
Ine, şonuň agyn özi, duz kessin.

24.10.1991.
 

Öwezdurdy NEPESOW.

Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle