Gara owlajyk (Hekaýa)

Gara owlajyk (Hekaýa)

Ibragim al-KUNI,
liwiýaly ýazyjy

Bize Hamade-al-Hamrany kesip geçmek bäş günde başartdy, ýöne tä Fessan çägeliginiň üstünden aşýançak, ýagyş diňer ýerde diňmedi. Haçan-da, biz çägeli Saharanyň jümmüşine aralaşanymyzda, ýagyş dola öwrülip kiparlady. Biziň daş-töweregimizi şobada Edeýeniň baýyrlyklary we belentlikleri gurşap aldy. Olar gözýetimdäki alyslara ýaýlyp gidýärdi we kä ýerde palmalaryň ýokarky uçlary göze ilýärdi.

Biz üsti palmalar bilen örtülen, dogrusy, gyşyň güni biçak solgun görünýän bir depäniň aňyrsynda düşlemeli diýen karara geldik. Biziň goş ýazdyran depämiz Brak bilen Sephanyň, takmynan, orta ýolunda seleňläp görünýärdi.

Gün ýaşmazynyň öňüsyrasynda düýeleriň howutlaryny aýyrdyk, soňky bir ýarym günüň dowamynda hiç bir ýerde aýak çekmän geçilen ýoldan soň janawarlar ýadapdyr. Dessine odunyň gözlegine çykdyk. Ullakan çägesöw depäniň ýanynda ýogyn palmany penalap ot ýakdyk. Dag tarapdan öwüsýän demirgazyk ýeli birneme ýuwaşady, ýöne çabgaly ýagyş henizem aram-aram güýjeýärdi. Edeýeniň müňlerçe ýyl tebsiräp ýatan çägeleri ýagyş suwuny teşnelik bilen özüne siňdirýärdi, ýogsa bize beýle ullakan ot ýakmak başartmazdy. Ol her bir ýolagça uzakdan edil ýangyn ýaly bolup görünýändir, biz muny Sahara syýahatymyzyň tejribesinden bilýärdik. Şeýle bir ýylynasymyz gelýärdi welin, Hamade-al-Hamradaky bäş gije-gündizki çabgalardan soň, mundan kiçi ot bizi ýylydyp bilmejek ýalydy. Mamun ikimiz oduň daşyndan edil perwana deýin aýrylyp bilmeýärdik: çala golaýlasaň, ýalyn ýüzüňe çabyraýar, bir tarapa çekilseňem, dessine bäş gün bäri gowşamaýan sowuk ýel öwsüp başlar, şonda ýene oduň başyna ylgarsyň…

Mamun hemişekisi ýaly öz üýtgeşik «közde taýýarlaýan» çöregini bişirmäge gümra boldy. Biraz ýylynansoň, agşam şapagyna garap şeýle diýdi:

— Görýäňmi? Alla gorasyn, megerem, asman ygala asla mätäç däl kişileriň üstünde möwç urmak isleýän ýaly. Ygala zar adamlara welin, bir damjasynam rowa görenok… Hamade-al-Hamrada ýagşyň şybyrdysy hemişe diýen ýaly eşidilýär, hatda dag tarapdan öwüsýän ýelleriň aram-aram gar ýagdyraýmasam bar. Ynha, Edeýen welin, ebedi teşnelikde, onuň ygaldan asmandaky paýy diňe gysga wagtlaýyn çabgalar!

Ol una elini ýetirdi-de, tabaga suw guýdy, endigine görä hamyr ýugurmaga girişdi, ol bu pişäni juda halaýardy, özüniň Saharadaky «közde bişiren» nanyny ölemen gowy görýärdi. Biraz wagtdan soň ol şeýle diýdi:

— Hawa-da, adamlaryň durmuşynda galapyn şeýle-de bolýar…

Men sesimi çykarmadym. Men tä Edeýeniň çägeliklerine inýänçäk dil ýarmadym. Ähtimal, meniň dymmagym ony ynjydandyr, ol çekinjeňlik bilen maňa garap, sözüni dowam etdi:

— Biribar, elbetde, merhemetlidir. Belkem, bize nämälim bolan hikmetem şondadyr, ol biziň bu hakda bilmegimizi isleýän däldir!

Maňa onuň sözlerinde nähilidir birhili ýaşyryn içki tolgunma äheňi eşidilen ýaly boldy, ýöne men ýene jogap gaýtarmadym. Men ýagyşdan hem sowukdan dulanmak üçin edil gubur ýaly ullakan çukury gazyp oturyşyma, dişimi gysyp, ýagyşdan soň agralan çägäni gazaşdyryp aýyrmaly diýen netijä geldim.

Men onuň gussaly sözlerini ýaňadan eşidenimde, ellerim gumuň astyndaky küýzä galtaşdy:

— Ähli zat demirgazykdan gelýär, hatda ýagşam. Müň ýyl teşnelikden halys bolan Sahara şu çabgalaryň hetdenaşa artykmaç bolýandygy demirgazyga näme. Sen Ýewropada we Amerikada bolup gören alym, eýsem, bu adalatlymy näme?

Men kalbyny gysyp-gowrup barýan ataşy söndürmek maksady bilen oň sözlerine baş galdyrmak isledim, emma şol wagt elim küýzä degdi. Men küýzäniň ýokarysyny açýançam dynman gazdym. Onuň bokurdagynyň daş-töweregindäki çägeleri gazap aýyrmakçy bolanymda, ýüregim tas gursagymdan çykypdy. Enem, ejem, kakam söz arasynda Beýik Saharada şunuň ýaly içi altyndan doly toýun küýzeleriň üstünden barlandygy hakda gürrüň beripdiler. Ýöne hemişe nähilidir şowsuzlyk peýda bolup, bar işleri puja çykypdyr… Şol-a meňem ýadymda… Ýöne ol, ynha, gözümiň öňünde dur ahbetin! Hum! Gadymy taryhy hazyna. Men tüçjar baý, millioner bolaryn. Meniň Sahara wepadarlygym üçin muny maňa Alla bagyş edendir!

Men daş-töwereginiň çägesini gazap aýryşdyramsoň, çat açan, gara kül reňkli küýzäni iki elim bilen gujakladym. Men Beýik Saharada şular ýaly altyndan doly toýun küýzeler barada kän eşidipdim. Ynha, ol meň gözümiň alnynda, hut meniň elimde… Duran bir ajaýyplyk.

…Men Mamunyň gykylygyna özüme geldim:

— Gyssagly gara owlajygy gözlemeli! Alla, Alla! Hazyna!

Men oňa tarap öwrülip, gaharly azgyryldym:

— O nämäň gara owlajygy?!

— Gan dökmek gerek, gara owlajygyň ganyny… Hökman!

Men enemiň hekaýatlaryny, şol altyn küýzeler hakyndaky ertekilerini hakydama getirdim. Biraz lapykeç bolup, men Mamuna janyýangynly gygyrdym:

— Bu ymgyr çölüň içinde gara owlajygy nireden tapjak?

Men küýzäni oduň golaýynda goýdum. Çörek gyzan çägäň üstünde bişip durdy, çäýnegem közüň üstünde gaýnaýardy. Meniň meseläm Mamuny alada goýdy öýdýän, ol ynjalyksyzlandy, nämedir bir zatlar barada oýlanyşyna, doňup galdy… Eý, Hudaý, ýanynda içi altyndan pürepür toýun küýze durka, kim öz akyl-huşuna erk edip bilerkä?!

Men küýzäň bokurdagyndaky çägäni arassalamaga girişenimde, ol has golaýyma geldi. Ol:

— Entek onuň içindäkiniň altyndygynyň anygyna ýetmek gerek… — diýdi.

Meniň has golaýyma geldi-de, hiç bir zady äşgär etmän, şübhelenmän, pyşyrdap, sakynyp söze başlady:

— Her niçik-de bolsa, owlajyk gözläniňe degermikä diýýän…

Belki, şu taýda, Edeýeniň bir ýerinde çopana duş geleris.

Men barmaklarym bilen sermäp, kül reňkli möhüri tapýançam, küýzäniň çägesini gazap aýyrmagymy dowam etdim. Küýze doly eken!

Men eýýäm Mamuna bakman küýzäň dykysyny açmaga synanyşdym. Ýöne ony sogrup çykaraýmak welin başartmady, küýze jaýryk bolsa-da, berk eken, eýesiz galan… Belkem, Saharanyň çägesiniň astynda şunça ýyl hereketsiz ýatany üçindir…

Men küýzäni açmak üçin pyçagymy çykardym! Küýzäň bokurdagynyň töweregine ýelmeşip duran möhür birneme gowşady, umydym artdy… Meniň bilesigelijiligim barha güýjedi. Arzuw-hyýallarymda altynyň her dürli görnüşleridir şekillerini gyssanmaç oýuma getirdim. Saharanyň ýagşyzadalarynyň sowgady meniň garamagyma berilýär! Eý, Beýik Perwerdigär, özüň goraweri, günämi geçeweri!..

Edil şol wagt pyçak dykyny deşdi. Men emele gelen yşdan jykladym: altyn, hakyky altyn, lowurdaýar hem öwşün atýar, gözüňi gamaşdyrýar!

Emma bu guýma altynam däl, onuň has ownuk bölejiklerem… Her zat-da bolsa, ol gaty lowurdaýar, oduň öçügsi ýagtysyna ünsüňi özüne çekýär! Men Mamuna tarap öwrülemde, onuň gözlerinde betnebisligiň alamatlarynyň gaýmalaşýandygyny gördüm. Mundan gaýry subutnama derkar däldi, hawa, bu, hakykatdanam, altyn.

Mamun oduň ýanynda ýatan goşlarymyzyň içinden ýorgany çykaryp başlady. Birneme ýanan atym çaýyň ysy burnumyza urdy. Biz oňa sähelçe-de üns bermedik. Mamun altyny dökmek üçin ýorgany çägäniň üstünde, meniň öňümde ýazdy. Çabga diňdi, düýeler gäwüşemelerini bes etdiler. Şol pursat meň gaty gowy ýadymda. Ýene-de asudalyk gulagyňy deşip barýardy… Mamunyň dem alşy endigan däl, ol gaharlydy… Dogry, biziň haýsy birimiz altyna eýe bolmak islegimiziň garşysyna gidip biljek!

Men altyny ýorganyň üstüne dökdüm, ol lowurdaýardy. Küýzeden ýuwaşlyk bilen dökülýän akym pessejik altyn tümmejigi emele getirip durşuna lowurdaýardy… Bu çat açan toýun küýze içi altyndan boşan badyna, meň ellerimde çym pytrak boldy-da, onuň küle öwrülen owunjak bölejikleri aşak, ýaňky jadylaýjy, gijeki oduň ýagtysyna gözleriňi gamaşdyrýan tümmejigiň ýanyna döküldi.

Mamun maňa köp manyly çiňerildi, men diňe altyna bakmak üçin ýüzümi sowdum.

Ol ýorgany epläp, ony emaý bilen daňdy-da, düwünçegi seresaplylyk bilen ýük haltanyň içine saldy. Biz uludan dem aldyk. Ýöne çaý welin, eýýäm gaýnap gutarypdyr-da, köýüpdir. Çöregem şeýledi.

2

Biz irden Gün dogmanka oýandyk. Mamun biziň çaýsyz, çöreksiz geçiren gijämiziň öwezini dolmak üçin gaharly hamyr ýugrup başlady.

Men odunyň gözlegine çykdym, bir salymdan dolanyp gelenimde, Mamunyň gamgyn hem sussupes haldadygyny gördüm. Ol maňa meň birmahal öwrenişen hem sözsüz düşünýän nazarym bilen seredýärdi: bu adam menden nämedir bir zady ýaşyrýar. Mamun, göýä, nämedir bir zat aýtmakçy bolýan ýalydy, ýöne mese-mälim janyýangynlyk bilen sessiz-üýnsüz hamyr ýugurmagyny dowam edýärdi… Men oňa bir sowalam berip ýetişmänkäm, onuň aýagynyň ýanynda ýaýrap ýatan ýükümizi gördüm. Men gahar-gazap bilen oňa okdurylyşyma, häziriň özünde ýüregim ýarylaryndan gorkup açdym, çözdüm… Düýnki altyn bir üýşmek kül bolup ýatyrdy!

3

— Siz küýzäni açanyňyzda, ol kül ýaly bolup görünýärdimi? — diýip, Guma şyh sorady.

— Ýok! — diýip, men sabyrsyzlyk bilen gygyryp goýberdim. — Ol hakyky altyndy! Men gördüm ahbetin! Ol ýaldyraýardy, öwşün atyp, gözüňi gamaşdyryp barýardy…

— Bolýa-da… Diýmek, hakykatdanam, altyn eken-dä — diýip, ol meni howsala salýan biperwaýlyk bilen sözümi böldi.

Ara jülgedäki çyrlaklaň jyrryldysynyň bozýan dymyşlygy düşdi. Men kalbymdaky howsalany basyp, oňa bakyp şeýle diýdim:

— Sen nähili pikir edýäň, gara owlajyk, hakykatdanam, gerekdimi?

Goja üsgürinjiredi-de, maňa şo wagt geň bolup eşidilýän şeýle ýuwaş ses bilen şeý diýdi:

— Şeý diýýäler… Ýöne şu altynlaryň ählisini diňe Beýik Saharanyň ne gara, ne-de ak owlajygy tapyp bolmajak ýerlerinde üstünden barýarlar… Erteki!

Ara ýene-de közüň üstünde duran çäýnegiň şyggyldysynyň bozýan dymyşlygy düşdi. Biraz wagtdan soň Guma şyh şeýle diýdi:

— Eger-de küýzäni açan pursadyňyz altyn hakyky bolup, soňra küle öwrülen bolsa, diýmek, biziň birimiz ýazyklydyrys…

Onuň bu sözi meni geň galdyrdy, men aljyrap, kellämi dyzlarymyň üstünde goýdum. Men Ýewropada we Amerikada bolan adam… Ýöne şol wagt birdenkä Mamunyň gazaply sözläp başlanyny eşitdim:

— Kim? Biziň haýsy birimiz ýazyksyz, Guma şyh? Aýdyň?!

Biz uzak wagtlap dymyşdyk. Hawa, bu gezekki dymyşlyk biçak ýakymsyz boldy, men Guma şyhyň aýdan sözleriniň her bir harpyny hakydamda açyk-aýdyň we pugta belledim.

— Sen mamla! — diýip, ol ikimiziň gözlerimize dykgat bilen seredip oturyşyna, şeýle netijä geldi.

Rus dilinden terjime eden Myrat GOŞLYÝEW,
«Dünýä edebiýaty»
image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle