Gara göz gelin
Gara göz gelin

Tomaşa eýläp toýlarda görenler ýagşy diýdi,
Ýylgyrşyñ janym aldy, gözle, gara göz gelin;
Zer-ziwerden bahaly, simu-zerden don geýseñ,
Şähdi-şeker dillerden, sözle, gara göz gelin.
Özge gyzdan-gelinden, zyýat görner gözüme,
A gyz, derdiñden öldüm, indi ynan sözüme,
Ähtiýajym ýok senden, haýa gelmez ýüzüme,
Meni bir pynhan ýerde gizle, gara göz gelin.
Ýigidiñ bil kuwwaty-at-esbaby, ýaragy,
Iki aşyk dünýäde bir-biriniñ geregi,
Säher tursa golunda şirmaýydan daragy,
Şana urup zülpüñe, çözle, gara göz gelin.
Eý söwdügim, sallanyp, ýörişiñ bar ýollarda
Şemle guşap, al geýip, hub ýaraşar billerde,
Seniñ deý näzli dilber, gezsem ýokdur illerde,
Hanjar alyp bagrymy, duzla, gara göz gelin.
Gulak goýsun sözüme her kimiñki bolsa aryp,
Seniñ deý ýok dünýäde, gezdim jahan agtaryp,
Mätäji diýr, sen Şasenem, men aşygy kel Garyp,
Öñki aşyklar ýolun, yzla, gara göz gelin. Goşgular