GAPYLARYŇ HEKAÝATY
GAPYLARYŇ HEKAÝATY
Açyp-ýapýarlar bizi.
Kä el bilen kaksalar,
Käte depýärler bizi.
Tanaýarys dessine
Kim ýaranjaň,
Kim gedem.
Bar gaharjaň çagalar,
Huşsuzlar bar birgiden.
…Bizi örän ýuwaşja
Açýar-ýapýar ýaranjaň.
Ol başarsa biziňem
Göwnümize ýaranjak.
Gaharjaňlar gelende
Batly açyp-ýapýarlar.
Şeýdip biziň elmydam
Içimizi ýakýarlar.
Ýapmagy undup gitmek
Huşsuzlaryň endigi,
Görseňiz mälim bize
Kimleriň gelendigi.
Kä biz agyp açylýas,
Kä jygyldap ses edýäs.
Käte bolsa açylyp —
Ýapylmany bes edýäs.
Şonda ussa gelýär-de
Derdimizi seljerýär.
Petlämize ýag çalyp,
Ýonup,
Reňkläp,
Bejerýär.
Baş üstüne, gurat biz,
Kim girmekçi-çykmakçy?!
Hoşniýetli adama
Biz giňden açylmakçy. Çagalar edebiýaty