|

Gaplañ ölümi

Gaplañ ölümi GAPLAŇ ÖLÜMI

Gaplañ ölümi

Uçgundan ot tutaşypdyr ýaz güni,
Ot alypdyr beýik daglaň degresin.
(Ýoluň düşüp berseň eger Hasara,
Görmersiň kä ýerde ýaşyl begresin).

Ýene, şonda ýuwdarhany bogmaga
Galypdyr daň bilen iller aýaga.
Bir günüň ýa üç günüňem işi däl,
Alaw misli dönüp barýar keýige.

Ýaşyl daglar garalypdyr kömürden
Bu görnüşi gören gözler aglady.
Ýöne weli bir ahwalat täsindi,
Muny şonda janly-jandar aňlady.

Agajyň astynda ýatyrdy gaplaň
Çydam edip dowzah oduň howruna.
Gapdalynda onuň goşa çagasy
Ymranyp ýatyrlar ene höwrüne.

Ene gaplaň halkasynda alawyň
Balasyny kükregine geripdir.
Çagalaryn halas edip ölümden
Şum ajala öz janyny beripdir. 

Muny eşdip tapdy ýürek gozgalaň,
Ýatyr indi tümmek – gaplaň mazary. 
Käte-käte aglaýarmyş diýýäler,
Goşa gaplaň ýaňlandyryp Hasary.

Bu wakany gören gözler gür berdi,
Asyl-ha ol göz öňümden gidenok.
Bu ne syr, ne gudrat – iň agyr günde
Haýwanam balаsyn taşlap bilenok…

1994, mart.  Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle