Gaplaň
Gaplaň
 Haýwanat bagynda demir kapasa, 
 Demir kapasada gaplaň ýatyrdy. 
 Gyzyl gözlerinden akýan damjalar 
 Murtunyň ujunda asylyp durdy.
 Şäherli adamlar onuň ýanyna 
 Getirdiler daýy, ýeňňelerini. 
 Bu zatlardan bizar bolan janawar 
 Ýatlardy Afrikaň jeňňellerini.
 Juwan günlerinde gara gijeler 
 Gözleri ot bolup ýanan bu merdan 
 Iripdi, iripdi gelim-gidimden, 
 Onuň dynç alasy gerdi bir meýdan.
 Diňe agşam düşüp ýapylanda bag, 
 Garrylygyň derdi berse-de jepa, 
 Zordan uka batyp, agyr düýşünde 
 Ýene-de giderdi Afrika baka.
 Süýji-süýji arzuwlardan, hyýaldan 
 Erninden şepbik suw akar giderdi. 
 Ýaýdan çykan peýkam kimin atylyp, 
 Awuny gan bilen tamam ederdi.
 Erkindi. Batyrdy. Diýseň güýçlüdi. 
 Güýjüniň çeşmesi egserden kändi. 
 Kynçylyk. Kynçylyk. 
 Çar ýan kynçylyk. 
 Ol kynçylyk üçin dörän haýwandy.
 Ýöne gijeleňem öz serhedi bar. 
 Şol serhetdi onuň tükenmez derdi. 
 Gözün açdygy bes: juwanlygyndan 
 Ýene gojalygna gaýdyp gelerdi.
 Ol gaplaň ýene-de çümer giderdi 
 Adam gözleriniň doňaklygyna. 
 Geň galyp, geň galyp bakardy hemme, 
 Ýesiriň geými dek zolaklaryna.
 Şol gözleň her biri peýkama dönüp, 
 Başlardy oň jiger-bagryn ýakmaga. 
 Ol ýygrylyp, giň görüp öz hamyny, 
 Utanardy şol gözlere bakmaga.
 Guýrugy ýamzynda. Gulagy salpy. 
 Gözleri ýumukdy. Tutukdy ýüzi. 
 Batyrlygyň ejizlige öwrülşin 
 Görüp, adamlaryň çygjardy gözi.
 Aňyrda gaplaňam sessiz aglady. 
 Iň soňky mertligin gözýaşa öwrüp, 
 Gaplaň derisinden çykan gaplaňy 
 Giň kapasa barýa gysyp-gowuryp.
 Şol günden soň gijemi, ha gündizmi 
 Gaplaň bar wagtyny aglap ötürdi. 
 Şeýdip, ejizligiň başlanan güni, 
 Şol gaplaňyň gaplaňlygy gutardy.
Gurbannazar EZIZOW Goşgular
