|

Ganga

Ganga GANGA

Hindistanda diriligiň
diregi,
Daşgyn derýaň ady saňa dakylan.
Eneň, ataň
arzuw umyt dilegi
Bary saňa, Ganga,
saňa dikilen.

Seniň ejeň kakaň,
ata-babalaň
Gang derýaň suwundan
ganmansoň olaň,
Arzuw, armanlary Gang hakdady.
Şol sebäpli saňa
Ganga dakyldy.

Sen aýalsyň, Ganga!
Seni deňäp bor
Daşgyn derýa bilen,
ýagty gün bilen.
Derýaňda, günüňde
güýji sende bar.
Derýaň derýalygy
ýene seň bilen.

Sen derýasyň,
Ganga
hasylyň ynsan.
Öz göwsüňden,
öz nesliňe süýt berýäň
Jahana dirilik
gözellik hem jan
Berýäň sen olary dünýä getirýäň.

Üç ýüz ýyl Ganga,
Britanýaň şiri
Şerbet süýdüň içip gurutdy diri.
Ol ýyrtyjy çişip gitdi, gäberip
Gangyň ogly gedaý gezdi el serip.
Akýardy lummurdap Gangyň suwlary.
Damja, damja altyn,
zere öwrülip.
Emma suwsuz gurap, halk halk arzuwlary,
Gidýärdi saman dek ýele sowrulyp.

Hindistan
hem Gangyň birdir manysy
Birdir Ganga
biri jandyr biri ten.

Joş eý, beýik ýurduň,
beýik enesi
Geldi ol şanly çag
haklaşyk çagy.
Parlap göge galdy
göreş baýdagy
Öz ýakan oduna
gorsanan ýagy,
Hindi topragyndan çekdi aýagy.

Şahyrlaryň şahyrana watany,
Tükendiği bolsun asyrlyk gussaň,
Garaşsyzlyk »ýasan» ol beýik ussaň
Durmuşy joş ursun, sag bolsun jany.

Towşan ESENOWA

»GYZYL GÜLLER» kitaby.
Türkmenistan Döwlet Neşirýaty.
Aşgabat -1962 Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle