|

«Gama batanyñy gördüm, Allaýar»

"Gama batanyñy gördüm, Allaýar" “GAMA BATANYŇY GÖRDÜM, ALLAÝAR…”

"Gama batanyñy gördüm, Allaýar"

Allaýar, gördüm men gama batanyň,
Bolup biler, bu-da durmuş ahwaly.
Ýöne munda ýaşap ýöreniň üçin,
Özüňi şa saýgyn her dem hyýaly.

Ýadymda-ha, dagdan aşak gaýdanyň,
Pyşbaga deý çykanyň hem ýadymda.
Bahyllar gözüňden çenäp urdular,
Allanyň ady hem bardy adyňda.

Ömür bolsa barha paýawlap barýar,
— Mert bol – diýdim – çünki merdiň ogly sen.
Namaz diýip, barmasam-da metjide,
Diýdim: — Gardaş, tutan ýoluň dogry seň!

Ýaşap ýöreniňe şükür edewer,
Soltanyň deminden kem däldir demiň.
Alkyşla älemi, ýagty jahany,
Allanyň nurundan ýasalan Şemiň.

01.06.2024. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle