Galtak
Galtak

Aslynda görüşmelidi,
Soñky gezek…
Gaýtmankañ,
Hoşlaşmalydy.
Kimiñ kime zulum edendigini,
Señ bu pyrryldaklañ ölme deñdigni,
Ikiligñi, dönükligñi,
barsyny!
Bilmeýändir öýdüp eden işlerñi
Kafede otyrkañ señ üçin,
kime…
Haýsydyr bir ýüz tutanyña
degmeýän kezzaplañ birtoparyna
Ýüz tutanda…
Señem üstaşyr garap
Ýat erkege göz güldürip myrlañda,
Soñam erkiñ gidip özüñem bilmän
«Bular meni söýdi» diýip gürläñde,
Soñ şol kezzaplaryñ gyjalat berip:
«Ol meñzänok saña hezil berjege…»
Diýenlerni,
bir-bir ýakañdan tutup
Ýüzüñe basmalydy…
Teatrlañ müñläp aktrisasy
Señ roluñy oýnamakdan pes geler.
Dymmak — asylyk däl,
Günäkärlik däl.
Ol dymypdy, özi üçin däl,
Señ üçin.
Örterin öýdüpdi aýyplaryñy.
Dymdy.
Senem dili gysgadyr öýtdüñ.
Çapak çaldy muña dili gysgalar,
Asla gürlemäge ýüzi ýoklaram
Ýatlaman öz eden haram keýplerni…
Gür berdiñ görenñe,
Ýalana ýugrup.
Ol şeýdip ýörenñi bilýädi, elbet
Bilmezlige salanyny gowy gördi.
Ýöne beýtmeli däldi…
Nirde,
ne zaman,
Kimleñ gujagynda,
Oýnan rollarñy
bir-bir ýakañdan tutup
Ýüzüñe basmalydy…
Wezipeli tanyşlarnyñ özi üçin
Barmasa-da ýekesiniñ ýanyna
Señ üçin kakypdy gapylaryny.
Ol şol wagt birem pikir etmändi,
Bilse islärmidi ahyrsoñunda
Señ ýaly bigadyr
Ikiýüzlileñ
Adyna ýanalyp tutulsa ady
Abraýynyñ suw deý dökülerini.
Ýaz pasly,
Güýz pasly…
Eýse parhy nä
Esreýäñ elmydam,
Erkek dannañok.
Oñ ýanynda halamadyk bolanñy
Ykjam penjek geýmiş diýip zarlaýañ.
«Düwnük boldum, ölüp barýan,
Hoş imdi.
Siz ýaşañ meniñ bir ýaşamadygmy…»
diýip, oña ýalan nama gönderip,
Gurhan ýaly päk sungaty harlaýañ.
Soñam zat bolmadyk binamys kimin
Tamadalañ uzaboýna bökenñi.
Iñ bolmanda til kakyp señ özüñe
bir-bir basmalydy gara ýüzüñe:
Nurbat-hyry sypan sürtükdigiñi,
Özünden göwnühoş tentekdigiñi.
Kim sürse sürübermeli,
Kim münse münübermeli,
Zibil dökmek üçin ýolugra goýulan
Galtakdygyñy… Goşgular